Ilkinji "iPad" gazeti çykdy! Tehnologiýanyñ ösmegi hemme ugurlar bilen bir hatarda aragatnashyga-da öz oñyn täsirini ýetirýär. Biz indi internet ulgamy arkaly dünýäniñ dürli ýurdunda bolup geçýän täzelikler, açyshlar, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler barada habardar bolup bilýäris. AB$-da "News Corp" shereketine degishli "The Daily" gazýeti çap edilmäge bashlandy. Emma bu gazet adaty gazetler ýaly kagyzda çap edilenok. Häzirki wagtda diñe AB$-da çap edilýän gazeti "iPad" arkaly okap bolýar. Gazetiñ ýüzden gowrak ishgäri bar. Ýurtda metbugat hyzmatyny hödürleýän "News Corp" korporasiýasy diñe "iPad" üçin ýaýradylan "The Daily" gazetini köpçülige görkezdi. Gündelik çykjak bu gazetiñ bashga nusgasy kagyza ýa-da bashga bir elektroniki enjamlar arkaly ýaýradylmaz. Korporasiýanyñ bashlygy Rupert tarapyndan metbugat ishgärleriniñ öñünde köpçülige görkezilen "The Daily" gazetiñ bahasy ilkinji iki hepde tölegsiz, soñra bolsa hepdelik 99 sent bolar. Gazetde çap edilýän habarlar, täzelikler, makalalar, garaýyshlar, fotosuratlar, tapmaçalar bilen bir hatarda interaktiw shekiller, HD wideoshekiller, üç ölçegli suratlar hem bolar. Tanyshdyrylysh dabarasynda çykysh eden Murdok "AB"-da azyndan 15 million abuna garashýandyklaryny aýtdy. Gazete awtomatiki usulda abuna ýazylmak, onuñ mohletini uzaltmak mümkin. ****** "Amazon.com" adaty kitapdan has köp elektron-kitap satyldy. Dünýäde has köpelip ugran e-kitaplar, artyshyny dowam etdirýär. Olaryñ satyshlary hem internetiñ üsti bilen amala ashyrylýar. Bu ugurda, ýagny, internetden satylyshy amala ashyrýan iñ uly saýt bolan Amazon satylan her 100 adaty kitaba garanyñda 115 elektron kitap satandygyny aýtdy. Bu san Amazonyñ mugt paýlan kitaplaryny hasaba almanyñda sheýledir. Amazon arkaly satylýan elektronik kitaplary okalýan Amazon Kindle guralynyñ näçedigi bolsa entek näbelli. Saýt arkaly soñky üç aýda amala ashyrylan satyshlar ilkinji gezek 10 milliard dollary geçdi. Bu bolsa onuñ 36 göterim artandygyny görkezýär. Amazon 2010-njy ýyldaky satyshlaryny 2009-njy ýyla garanyñda has az amala ashyrdy. Bu ýyl bolsa satyshyñ ýene-de azalmagyna garashylýar. Amazon shereketiniñ bash dolandyryjysy Jef Bezos bu ýylyñ ikinji ýarymynda esasy artyshyñ bolmagyna garashýandygyny aýtdy.

Köneler, Diamond tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir