Kitapdan mas ýüklenen bir kishi ýola sygman barýardy. Gyzyll humy tapan ýaly, öz-özünden ýylgyryp, öz-özüne bir zatlar diýýärdi. Shu halda ol kishi öýüne gelip, köwshüni hem çykarman, göni içki otaga geçip gitdi. Ol kitaplary wawwasy bar ýaly usullyk bilen stoluñ üstünde goýup, olaryñ içinden gyzyl sahaplysyny eline aldy. Kitabyñ ortarak bir ýerini açyp, dik durshuna bir demde okap çykdy. Okalan sahypa örän tolgundyryjy bolara çemeli, onuñ gös-göni täsiri bilen ýañky ýañky kishi dashyndan dillendi: -Gör, nähili gowy goshgy. Ene hakda shunuñ ýaly ýazmaly. -Ol özüniñ bu sözüni kimdir biri eshiden ýaly, shonuñ ýanynda hem bu sözüni görnetin gögertjek bolýan ýaly janykdy. -Hökman ýazmaly, ýazmaly, hökman ýazaryn. Ene hakda men näme üçin shunuñ ýaly gowy goshgyny ýazmaly dälmishim? Onuñ bu sözüni eshidip, beýleki otagdan aýaly gelip girdi: -Meni çagyrdyñmy? -Çagyrmasyn-a çagyramok welin, geldiñ, gowy etdiñ. Täze tema tapdym. Ene hakda goshgy ýazjak bolýan. -Wiý, ýogsa-da, ejeñden hat geldi. -Näme ýazypdyr? -Agtyjaklarymyñ ýanyna ymykly baraýsam diýipdir. -Geljek diýipdir? Görýäñ-ä, men onsuzam ne gözel kitaplaryma ýer tapamok.
...sumak
-
Diamond
13 years ago
- Ene mukaddesdir!
-
Diamond
13 years ago
- Ene mukaddesdir!
-
menbet
13 years ago
- Deryalarda dengizlerde chak bardyr, emma ene mahrine chak yokdur.
-
tihiy
13 years ago
- dogry aytyanyz dostlar eneden gudratly bir allajan bolaymasa.
-
Camry
13 years ago
- Bäh kitaplaryna ýer tapýada, ejesine ýer tapmandyrow! "Ýazyjysumak" diýde gutarda!
-
zagajkis
13 years ago
- gowja.
diamond su mowzugy yazyp bolan wagty yanyna ayaly gelip shey dipdir:
-Wiý, ýogsa-da, eneñden hat geldi.
-Näme ýazypdyr?
- size ymykly baraýsam diýipdir.
-ymykly barjak diýipdir? Görýäñ-ä, men onsuzam kompyuterime yer yoga.
-
Camry
13 years ago
- Ha ha
-
Diamond
13 years ago
- Zagajkis:
Diamond Zagajkisiñ aýdanlaryny makullapdyr. Diamond sheýle diýipdir: "Elbetde Zagajkis dogry aýdýäñ, sende-de, mende-de kompýuter bar. Onsoñ ejelerimiz öýe gelende biz olara nädip ýashar ýaly jaý tapaly, ozalam kompýuterimize ýer tapamzok..." diýip jogap beripdir.

mirasymyz
13 years ago
- ýazgyňa baha berýän: iň gowy baha +5
-
DG
13 years ago
- Hey ejädè yer tapylmazy? Ba badyr her yerder $on yaly çaga.
Diamond 13 years ago- Ene mukaddesdir!