Hormatly talyplar we talyp däller! Menä okadym, sizem okap görüñ... Ene-atanyň jogapkärçilikleriniň birem, özbaşdak hereket edip bilen, özüne ynamly, jogapkärçiliklerini ýerine ýetirýän, säwliklerden netije çykarýan perzentleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Maşgala janly ulgam ýalydyr. Maşgalanyň janly ulgamynyň netijeli işjeňligi üçin ulgamyň düzümindäkileriň deňligi, deň derejede bolmagy, deňlikde hereket etmegi zerurdyr. Ene-ata maşgalada her näçe işjeň we birlikde hereket etse, netijeli, sagdyn maşgala üçin zerur bolan içerki düzgün-nyzamam ýerbe-ýer bolar. Çaganyň özüne ynamy güýçli bolmaly Ene-atanyň jogapkärçilikleriniň birem, özbaşdak here ket edip bilen, özüne ynamly, jogapkärçiliklerini ýerine ýetirýän, säwlikler den netije çykarýan perzentleri ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, özüne ynamly şahsyýetiň ýetişmegi üçin belli bir düzgün-nyzamyň amala aşyrylmagy wajypdyr. Kesgitli çäkleri çyzylan, zor salmaýan düzgün-tertipde terbiýe alan çaganyň özüne ynamy güýçli bolýar, sebäbi şeýle çaga kämilleşmek üçin-de zerur bolan şertleriň bardygyna göz ýetirýär. Bitarap ýol tapmaly Çagany terbiýelemekde ene-atanyň garaýyşlary dürli-dürli bolup biler. Şeýle halatda ene-atanyň özara maslahatlaşyp, netije çykaryp, iki tarapyda ylalaşdyrýan jogaby tapmagy ilkinji mesele bolup durýar. Çaganyň ýatýan wagty, düzgün-tertipli iýmitlenme, ders sagatlary, köpçülikde bolmagy ýaly meselelerde ene-ata dogry, anyk we bitarap ýol tapmaly dyr. Anyk jogap bermeli Mälim bolşy ýaly, bilesigelijilik bilen ynsanyň çagalyk döwründe öwrenýän, göz ýetirýän, bilýän, anygyna ýetýän zady sanardan köp bolsa gerek. Sebäbi, çaga ozal görmedik zadyny görende täsin, geň galdyryjy wakany başdan geçirýär. Eger çaga 1,5 ýaşyny aşan bolsa “Bu näme?”, “Nädip?” diýen ýaly soraglary berip başlaýar. Şonda oňa mümkin boldugyça takyk jogap berilmelidir. Tehnologiýanyň jemgyýete berk ornaşmagy bilen birlikde çagalar üçin niýetlenen oýunlar, kompýuter oýunlary hem köpeldi. Şol sebäpdenem, ene-atalar çaganyň oýun sagatlaryny hem düzgün-nyzamyň çäklerinde goýmalydyr. Çünki, çaga oýunlardan, oýunlardaky wakalardan, kompýuter oýunlaryndan birnäçe zat öwrenip bilýär. Şeýle-de, çagadaky oýun endigi onuň durmuşynda hemişelik galyp bilýär. Şeýle ýagdaý gönüden-göni wagt tygşytsyzlygyna eltýär. "zaman" gazetinden
Maşgalanyň möhüm wezipeleri
-
bmw525
13 years ago
- dogry aytyan, menin pikirimen shol welin, yone ata-ene agtyk gormage howlugyp oyeryalerda
-
ependi
13 years ago
- buda gecer!
-
ependi
13 years ago
- buda gecer!
-
ependi
13 years ago
- buda gecer!
-
ependi
13 years ago
- eklap biljegine gowni yetyandirda
-
bmw525
13 years ago
- 1 gezek ugratsanam dushunyasaow ependi aga :-)
-
ependi
13 years ago
- ay menkide ozi kop gidya yogsam men bir gezek ugratdymlay:D
-
ozik
13 years ago
- ata-ene agtyk gormage howlugsa ozbashdak yashap biljek ogul terbiyelap yetishdirmeli.
Yogsa oyeryaler, sonra oglunyng mashgalasynam ozleri ekleya, netijede gadyr bilmez agtyk dogulya.
-
bmw525
13 years ago
- hahaha gadyrbilmez agtyk, gulduryanay.
-
ependi
13 years ago
- gic oylensenem gowy dal
-
bmw525
13 years ago
- turklera 28 38 daje ondanam yokary yashda oylenyaler
-
bmw525
13 years ago
- ondan son oylenip name etjek diysene
-
ependi
13 years ago
turklera 28 38 daje ondanam
yopdy cynynmay
yokary yashda oylenyaler
bmw525 | 2011-02-12 23:26:45
-
bmw525
13 years ago
- bir tanyshymyz bardy 45 yashynda oylendi. Gechen yyllay
-
bmw525
13 years ago
- ozem puly gaty kop. Manlayy achylan daldirda
-
ependi
13 years ago
- bayba gowy dalay
-
bmw525
13 years ago
- ay mena bilemok, entek 45 yashamok,
hahaha
-
ependi
13 years ago
- onda 20yashda oylenibermelilay :D
-
bmw525
13 years ago
- ay yoklay 20 yashyrak bolyar menina pikirim 23 25 yashda gowymyka diyyan
-
ependi
13 years ago
- howwa olam bolya
-
Below
13 years ago
- eger 9 yn duzug bolsa ir oyleneninem gowy bolaymasa men pikirimce sebap yany bmw bellap gecyar 45 yashda oylendi diyip olam allan yazgydydyr welin 45 den son bolan chaga hacan elinden ishi almaly? Yone bu durmushda nesip edeni bolya.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ýigit halyň garrylyga
Salaýyn diýseň, öýlengin.
Kethudalyk endişesin
Kylaýyn diýseň, öýlengin.
Kethudalyk gözel ýoldur,
Gaýgy garrydar, gam öldir,
Ýigitlik bir gyzyl güldür,
Solaýyn diýseň, öýlengin.
Öý, il gerek, ýorgan-düşek,
Perzent bentdir, aýal-duşak,
Ýüke werzigär boz eşek,
Bolaýyn diýseň, öýlengin.
Gezer sen oýnap, dalaşyp,
Galar sen gama bulaşyp,
Hasrata, derde ulaşyp
Galaýyn diýseň, öýlengin.
Joşgun eder sen özüňden,
Aýrylar sen hoş ýazyňdan,
Tükenmez derdiň yzyndan
Ýeleýin diýseň, öýlengin.
Ötir ýigitlik zamanyn,
Getir garrylyk dumanyn,
Dünýäniň ýagşy, ýamanyn
Bileýin diýseň, öýlengin.
Ýigitlik bir gyzyl gülşen,
Garrylykda öçer röwşen.
Gujak-gujak gara ýowşan
Ýolaýyn diýseň, öýlengin.
Magtymguly, gezip her taý,
Etmezdiň jahanda perwaý,
Pygamber sünnetin berjaý
Kylaýyn diýseň, öýlengin.
-
DG
13 years ago
- gosga gowy eken.Men pikirce ir ene ata oyerenok,yaslan ozileri oylenmane howlukyarlar,su wagtky yaslar oylenmane,durmusa cykmana seyle bir howlukyalar hamana garrap baryan yaly.
-
bmw525
13 years ago
- hahaha hamana garrap baryan yaly.
Yone hakykay shol indi 18 yashayalarda meni oyer diyayyaler
-
Below
13 years ago
- diyip bilmeselerem kakalarynyn kowushine kashir salyalar hahahaha
ozik 13 years ago
Hemmelere salam!
name u.n shu wagtlar ene-atalar chagalary mashgala gurmak baradaky jogapkarchiligi bilmeseler hem öyeryaler?
19-20 yashan ogullaryny oyeryaler. Ol oglanam yokary okuw jaýynda 1 njy kursda okap yorendir. Ene-ata indi dine ogluny dalde eysem taze gelini hem özi eklemeli bolya.
Oglun tä özbeshdak yashap öz mashgalasyny eklap biljegine göz yetirinchan öyermeli dal!!!!