Aljirliler we ýemenliler hökümete garşy proteste çykýar Gadaganlyga garamazdan, aljirlileriň bir topary ýurduň paýtagtyna hökümete garşy demonstrasiýa ýygnandy. Metbugat habarlarynda protestçileriň sany dürli-dürli, ýagny 50-den birnäçe müňe çenli aralykda görkezilýär. 1999-njy ýyldan bäri prezident bolup oturan Abdelaziz Bouteflika garşy şygarlara gygyrýan protestçiler bilen polisiýanyň arasynda çaknyşyklaryň bolandygy aýdylýar. Ýemeniň paýtagty Sanaada hem birnäçe müň ýaş protestçi ýurduň prezidenti Ali Abdallah Salehiň işden çekilmegine çagyrdy.

Köneler, ependi tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir