Zibile taşlanýan kagyzlaryň, batareýalaryň, plastik jisimleriniň ýok bolup gitmegi birnäçe ýyl dowam etýän bolsa gerek. Ilatyň artmagy we sarp ediş derejesiniň ýokary galmagy bu meseläni has-da kynlaşdyrýar. Dünýä boýunça her bäş minutyň dowamynda iki million sany çüýşe öndürilýär, her otuz sekundyň dowamynda bolsa, bir ýüz alty müň guty içgi içilýär we her ýyl ýigrimi million tonna kauçuk hem-de rezin maddalary öndürilýär. Gündelik durmuşymyzda gabat gelýän bu jisimleriň tebigata garylmagy köp ýyllar bäri dowam edýär. El-ýüz ýuwulýan gaba dökülýän suwuk ýagyň diňe bir litri suw bilen garyşanda bir million litr suwy hapalap bilýär. Ýokarda agzalan sanlardan soň, şol önümleri öndürijiler we sarp edijiler näme etmeli diýen sowalyň ýüze çykjagy mese-mälimdir. Gadym wagtlar zibiller ýakylyp ýok edilýän bolsa, bu usulyň jemgyýete zyýany başga meseleleri ýüze çykarýandygy sebäpli durmuşda kän ulanylmaýar. Ýagny, zibilleriň ýakylan wagtynda howa bilen garyşýan himiki maddalar daş-töweregimize we ynsan saglygyna has-da zyýanly bolup bilýär.Bu sebäpli iň netijeli we iň amatly çözgüt şol önümleriň zibillerinden gaýtadan işläp taýýarlanan önümdir. Her bir önümiň meýilnamasy taýýarlanmanka nähili ýagdaýda gaýtadan işläp bolar diýen soraga jogap gözlenýär.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir