1) Ir bilen turup, a) ýat ýan ýerimi hiç haçan ýygnamaýaryn. b) ýatýan ýerimi köplenç ýygnaýaryn, emma käwagt unudýaryn. ç) ýatýan ýerimi hökman ýygnaýaryn. 2) Sapaklarymyň rejesini a) ir bilen taýýarlaýan. b) adatça agşam taýýarlaýan, ýöne käwagt unudýaryn. ç) hemişe agşam taýýarlaýan. 3) Okuwa geýýän egin-eşiklerimiň a) ütügine we tämizligine hiç hili üns bermeýän. b) ütügine we tämizligine köplenç halatda üns berýän, emma käwagt unudýaryn. ç) ütügine we arassylygyna hökman üns berýän. 4) Depderlerim we kitaplarym a) köplenç daşsyzdyr, ýyrtyk-ýyrtykdyr. b) adatça arassa we abatdyr. Muňa garamazdan, kä wagt kitapdyr depderlerimi abat saklamagy unudýaryn. ç) hemişe arassadyr, abatdyr we daşlydyr. 5) Mugallymymyň öýe berýän ýumuşlaryny a) tapan wagtym bölejik kagyza, bolmasa-da elime belläp alýaryn. b) haýsy hem bolsa bir depderimiň arka tarapyna ýazýaryn. ç) ýörite öý işi depderime ýazýaryn. 6) Aýakgabymyň bagjyklary a) adatça daňylgy däldir. Hatda, käwagt oňa çolaşyp, ýykylýan wagtymam bolýar. b) köplenç daňylgydyr. Emma ýaltanyp, daňmaýan wagtymam bar. ç) hemişe daňylgydyr. 7) Agşamara öýe dolanyp gelenimde a) okuw torbamy we eşiklerimi saga-sola zyňyp, oýun oýnamaga başlaýaryn. b) okuw torbamy we eşiklerimi öz otagymda goýup, oýnamaga gidýärin. ç) okuw torbamy otagyma, egin- eşiklerimi bolsa şkafyma tertipli ýagdaýda goýýaryn. Soňra oýnamaga gidýärin. 8) Otagym adatça a) çalam-çaşdyr. b) tertiplidir. Emma kä wagt otagymy ýygnaşdyrmagy unudýaryn. ç) örän tertipli we arassadyr. Netije Ç jogaby köp bolan durmuşynyň ähli ýerlerinde düzgün-tertiplidir, arassadyr, her bir işi sabyrlylyk bilen çözýändir. Durmuşda üstünlikleri köp bolan adamlary synlasaňyz, olaryň düzgün-tertiplidigine, sabyrlydygyna göz ýetirersiňiz. B jogaby kän bolan adamlarda aram-aram azda-kände ýaltalyk ýüze çykýar. Şeýle-de, olar daş-töwereginde bolup geçýän wakadyr hadysalara parhsyzlyk bilen garaýarlar. A jogabyny köp saýlan adamlar bolsa hemişe haýsydyr bir zady unudýarlar. Depderiňi öýde unutmak, tertipsiz otag, dagynyk şkaf ýaly zatlar häzir kän bir wajyp görünmese-de, wagtyň geçmegi bilen şeýle zatlaryň durmuşda yz galdyryp biljekdigini unutmaly däldir. Mähriban dostlar, üstünlikleriňize päsgel berip biljek zatlary tizden-tiz ýoluñyzdan aýyrmalysyňyz!
Synap görüñ!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Beýle bolsa ol özüni aldadygy bolmazmy?
-
zumerchi
13 years ago
- bolmanda name.
zumerchi 13 years ago- hic kim otrisatel tarapyny yazmaz diyip pikir etyan, dost.