Täze alnan içki eshik, jorap ýa-da beýleki eshikleriñizi ýuwman geýmäñ. Sebäbi bu önümler öndürilýän mahalynda dürli ýerlerde saklanýar. Sheýlelikde üstüni tozan basyp bilýär. Galyberse, olar boýalanda matada boýagyñ galyndylary galyp bilýär. Boýag maddalary bolsa tene zyýanlydyr. Täze alnan eshigi kimiñ derrew geýesi gelmez? Ýöne munuñ saglyga täsiri barada pikir edip gördüñmi? Täze eshikler elimize gelmezden öñ pagtadan ýüplüge, ýüplükden mata, matadan bolsa taýýar önüme öwrülýänçä uzak döwri bashdan geçirýär. Tozany özüne gowy siñdirýän dokma we örme matalar onçakly arassa bolmadyk ýerlerde saklanýar. Saklanýan ýerinden fabrige geçirilende, ol ýerde-de bir topar adamlaryñ ishleýän ýerindäki tozanlary içine çekýär. Tikilenden soñra ýuwlanam bolsa, ol matanyñ ýumshamagy üçin ýuwulýar. Täze doglan çagalar üçin alnan geýimler hem entek geýdirilmänkä ýuwlup, orta gyzgynlykda ütüklense, olaryñ näzijek tenleri üçin has laýyk bolar.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir