Lukman Hekim öz perzendine dört zady berk sargapdyr: shol dört zadyñ ikisini hiç wagt ýadyñdan çykarmaly däl. Ikisini bolsa derrew ýadyñdan çykarmaly. Hiç wagt ýadyñdan çykarmaly däl zadyñ biri Allatagala, beýlekisi bolsa ölüm. Gazananyñ gözüñe az görnüp, gara nebsiñ bash bermejek bolsa, ölümiñi ýatlaber. Ýadyñdan çykarmaly iki zadyñ biri ile eden ýagshylygyñ, biri bolsa ilden gören ýamanlygyñdyr. Shu sargydymy berk tutsañ, iki dünýäñ abat bolar enshalla. Ýene-de danalar aýdypdyrlar: iñ dar zyndan dushmanlaryñ bir jaýda oturmagydyr. Öz gizlin syryñy hiç bir dostuña aýtma, dostluga zyýan ýetip, dushmanlyga aýlanýany durmushda köp gabat gelýär.

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir