JEDEL -Adamlar meni gowy görýärler. Men olara hoshboý ys bilen bezeg berýärin. - diýip, Gül söze bashlady. Bilbil hem ondan kem galman: -Ýok, meni gowy görýärler. Men olara shirin owazym bilen ylham berýärin - diýdi. -Gel, biziñ haýsymyzy gowy görýändiklerini adamlaryñ özlerinden soraly. -Gel soraly. . . . Adamlar olaryñ ikisini hem gowy görýändikleri üçin birinä tutup kapasa saldylar, birinem ýolushdyryp goltuga gysdylar. SIÑEK WE GARYNJA -Ogry, ogry, näme ogurlyk edýäñ? - diýip, çal siñek garynjanyñ üstüne gygyryp bashlady. -O nähili men ogrumyshym. Men diñe ýere gaçan kiçijek bölejikleri alýaryn ahyry - diýip, garynja ellerini salgap düshündirmäge durdy. -Shol onda ogurlyk däl-de näme? Men muny çörek eýesine aýdaryn. Ol saña nähili bölekleri almalydygyny görkezer. Ol sheý diýdi-de, gelip adamyñ gulagyna gygyryp bashlady. Adam eshitmedi. Ýene gygyrdy. Netijesiz. Asyl adam oña ünsem berenok. Shol gaýmalap ýörshünede birden bir zat bilen çaknyshyp çaýly käsä gaçdy. Adam siñekli çaýy serpip goýberdi. Çalajan haldaky çal siñek hälki garynjanyñ ýanyna gütüläp düshdi. Garynja: -Bolgusyz zatlar üçin adamlary biynjalyk etseñ, boljagyñ shudur - diýip, geçip gitdi.
Gysgajyk hekaýalar
-
berdihan
13 years ago
- hahhaaaaaaayy
-
balochka
13 years ago
- gowja hekayalar
NMG 13 years ago- dostum sende bolgusuz hekayalaryng bn adamlary biynjalyk etme.