Adam ogly dünýä gelip, göwünlere ýarar gider. Emedeklär bir ýashynça, ikisinde ýörär gider. Üç ýashynda gyzmy-ogul, bilbil kimin jagul-jugul. Bala diýlen bir sheýle gül, oýun baryn gurar gider. Dörde ýeter, basar bäshi, soñ doldurar alty ýashy. Ish buýrarlyk boldy ýashy, hemaýatçyñ dörär gider. Ýedi ýashda kitap açar, sekizden, dokuzdan geçer. On ýashyna ýetse haçan, oý-hyýaly gürär gider. On bir, onki, on üç ýashda, kä oýunda, käte ishde. Hyýal ýumagyn çöshmez, gaýtam beter sarar gider. On dört, on bäsh, on altyda, saýgarar ýalan-galpy-da. Gelse enshalla bagty-da, edebinde durar gider. On ýedi, on sekiz ýashy, gyz-gelinde gözi-gashy. Saýlasa bir melek-mahy, ýüreginden karar gider. On dokuzda oýnar utar, ýigrimide toýun tutar. Wah, hä diýmän dañlar atar, gül gujakda erär gider. Gaýdybersek shondan bäri, öwrener müñ dürli käri. Halal garybyñ ykrary, öz bashyny çarar gider. Döwlet gelip, bolsa berki, elden bermez herne erki. Ýagshy-ýaman dünýe görki, nesibesin görer gider. /Ahmet Mämmedow/

Köneler, Adgjmptw tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir