GEZ internetde AL gerek zatlary OKA gyzykly zatlary BiL maglumatlary GÜL gülkä GÖR suratlary On dokuzynjy onluk Aeroportyň habar beriş bölüminindäki gyza habar gelýär: -Maýajan, Dubaýdan uçan samolýot ýolda heläk boldy. Muny garşylaýanlara seresaplyk bilen habar bereweri. Bu ajy habary Maýa gyz şeýle yglan edýär: -Pikir beriň, pikir beriň! Dubaýdan gelmeli samolýoty garşylaýan jenaplar we hanymlar! Arkaýyn öýüňize gaýdyberiň. Bir oglan köýneginiň öňüne “Men SAMSYK!” diýip ýazyp köçeden ýöräp barýamyş. Munuň öňünden çykan her kim “dünýede her hili samsyk bar-ow” diýip onuň duşundan ýylgyryp geçýämişler. Soňra bu dirije “samsygy” ýene-de bir gezek synlamak üçin onuň yzyndan seredýämişler. Görseler onuň köýneginiň arka tarapynda “Sen hem SAMSYK!” diýen ýazgy barmyş. Bir gün tokaýda Piliň çagasyny Begomotlar urupmyşlar. Muňa kaka-Piliň gahary gelipdir, ol tokaýyň ähli pillerini toplap, begomotlaň üstüne oglunyň aryny almaga “razborka” etmäge gidipmiş. Ine bir süri pil ala-tozan edip, begomatlara tarap okdurylyşyp barýamyşlar. Olaryň aýaklarynyň aşagynda ýer lerzanamyş, beýleki haýwanlar bir çetde gizlenişip durmyşlar. Birdenem pilleriň öňünden Garynja çykýar. Ol: -Duruň, saklanyň piller! Hiç hili „razborka“ bolmaz, häziriň özünde yzyňyza öwrüliňde şu taýdan garaňyzy saýlaň... –diýenmiş. Pillerem yzlaryna öwrülip, öýli-öýüne dargapmyşlar. Dagy näme etjek, polisiýaň diýenini etmän bolýamy? Polisiýa her ýerde polisiýa ahyryn. -Eje, name üçin kakamyň saçy az? -Sebäbi gyzym, kakaň akylly adam. Ol köp pikir edeni üçin saçlary dökülýär. -Eje-eje, seň saçyňa dökülmändir. Kän hem uzyn.... -Geplemän iý!!!! -Ezizim, itimizi nähili saklaýan bolsaň meni hem şeýle saklamagyňy isleýän! -Näme diýjek bolýaň? -Gaýrat et-de meni gowja naharla-da daşaryk gezmäge goýber! Haýyş edýän! Giriş ekzameninde professor abiturientden soraýar: -Size iň soňky soragym şeýle. Näme sebäpden biziň uniwersitetimize girmäge karar berdiň? Abiturient: -Biderek sorag soramasana, kaka… Professor studentden soraýar: -Näme beýle tolgunýaňyz? Meniň soraglarymdan gorkýaňyzmy? -Ýok, öz jogaplarymdan gorkýan. “Demokratiýa” sözini grek dilinden terjime edeniňde “halkyň häkimiýeti” manysyny berýändigini hemmeler bilýändir. Emma, bu ýerde haýsy halk barada aýdylýanyny Amerikanyň hökümeti dünýäniň beýleki halklaryna eýýäm näçe ýyl bäri düşündirmek bilen başagaý.
Degishme gullugyna jan edin!
-
Friendship
13 years ago
- Ha-ha-ha-ha... Ýykdyñ-aý! "sen hem samsyk!" diydiñmi? Ha-ha-ha-ha..!
-
balochka
13 years ago
- bet
-
Camry
13 years ago
- Ha-ha-ha-ha sag bol ependi! Mendenem biri!
Afrikanyñ üstünden uçup barýan samolýot adamhorlaryñ ýashaýan tokaýyna gaçýar.
Bir adamhor bilen onuñ çagalary samolýotuñ döwüklerini barlap ýörler.
Samolýota uly zyýan ýetmedigi üçin birki adam diri galypdyr. Adamhorlar lýotçigi çykaryp alýarlar. Çagalaryñ biri sheýle diýýär:
-Kaka, gel muny ertirlik edinäýeli?
-Bolar, oglum.
Soñrak olar ikinji lýotçigi çykaryp alýarlar.
-Kaka muny günortanlyk edinäýeli?
-Bolar, gyzym.
Iñ soñunda olar stýuardessa gyzy tapyp alýarlar.
-Kaka, munam agsham shamlygy edineris, hä?!
-Ýok çagalar. Agsham shamlygyna ejeñizi iýeris!
-
Camry
13 years ago
- -Daýy jan, me, kemput iýseñ.
-Sag bol, ýegenjigim!
-Ýeri, neneñ? Süýjümi?
-Örän süýji ýegenjigim!
-Täsin-aýt! Nämüçindir pishigimen, güjügimem ony agzyndan çykaryp zyñdylar!
Friendship 13 years ago- Ha-ha-ha-ha... Ýykdyñ-aý! "sen hem samsyk!" diydiñmi? Ha-ha-ha-ha..!