Çölde ýaşaýan bir sergezdan, düýesine iki sany halta atyp, ýola düşüpdir. Düýäniň iki tarapyna haltalary sallap, ortasynda bolsa özi oturan sergezdan, ýolda gelýärkä bir filosofa duş gelipdir. Filosof sergezdan bilen hal-hatyr sorap, ondan näme bilen meşgul bolýandygyny sorapdyr. Filosof sergezdana: - Şu getirýän haltalaryňda näme bar? diýipdir. Sergezdan: - Birinde bugdaý, beýlekisinde bolsa toprak bar. Içinde iýer ýaly hiç zat ýok, diýip jogap berpdir. Filosof gülüp: - Näme üçin beýlekisine toprak guýdyň? diýipdir. Sergezdan: - Haltanyń birinde bugdaý bar-a, beýleki tarapy boş galsa bolmaz ahyryn. İki tarapy hem deń bolsun diýip, beýlekini gum bilen doldurdym, diýip jogap beripdir. Filofos bu adamy kemsitjek bolup: - Kelläńi işledip, bugdaýyń ýarsyny bu halta, ýarsyny hem beýleki halta salan bolsań bolmazdymy. Şeýle eden bolsań hem haltań ýeńil bolardy, hem-de düýäńe agram düşmezdi, diýipdir. Şeyle pikir aklyna gelmedik sergezdan, filosofyń alkyna haýran galyp, ońa sagbolsun aýdypdyr. Ýöne ol filosofdan ýene-de bir zat soramakçy bolupdyr: - Sen akylly we okamyş biri bolýan bolsań, näme sebäp bilen şu çölüstanda ýyrtyk-ýamaly eginbaşly hem-de pyýada ýöräp, özüńe ejir baryny çekdirýärsiń? Filosofyń bu ýagdaýyna nebsi-jany agyran sergezdan, ony düyesini mündiripdir. Ýolda sergezdan ońa yene sowal berenmiş: - Ey filosof sen menden bir zada gizleýärsiń. Aýtsana nähili ýalńýşlyk edip, filosof bolup, şeýle ýagdaýa düşdüń. Yogsam sen geýimini üýtgedip, halkyń içine giren patyşa ya-da wezirmi. Aýtsana kim sen? Filosof: - Men patyşa hem däl, wezir hem däl. Halklyń içinden ýönekeý bir adam, diýip jogap beripdir. Sergezdan: - Naçe sany düýäń bar? Öküziń näçe sany? diýip, ýene-de soragdan ýadan filosofa soranmyş. Filosof: - Ol zatlar bilen näme işiń bar. Ne düýäm bar , ne-de öküzüm , diýipdir. Sergezdan: - Öýüń, dükanyń zadyń bir barmy? diýip sorapdyr. Filosof: - Öý nirde, dükan nirde,hiçisi hem ýok, diyipdir. Sergezdan: -Onda men senden şuny soraýyn. Hany aýt pulyń bir barmy. Sen alym bolýan bolsań elbetde kümüşden gyzyl ýasamgyń hem çäresini tapansyń, diýipdir. Filosof: - Çynymy aýtsam, ähli baýlygym dińe bir agşamlyk naharyny almaga ýeter. Görşüń ýaly, mańa kim bir döwüm nan berse, men hem şonuń ýanynda. Ine şeýdip günümi görüp görýärin.Öwrenen ylymlarymyń bolsa, mańa dińe arzuw-hyýal edip, kellämi agyrtmakdan başga berýän peýdasy ýok, diýip jogap beripdir. Bulary eşiden sergezdan, bilýän ylymynyń özüne hem hiç bir peýdasy degmeýäń filosofu ýanyndan kowupdyr we zähmet barda ońa birnäçe nesihat beripdir. Hakyky düşünje, ynsana ýol açan düşüncedir.
SERGEZDAN BILEN FILOSOF
-
Eldarado
13 years ago
- broker šuny öňem bir ýerde gošgy ýaly edip ýazylanyny okapdym welin manysyna düšünüp bilemok,manysy adama
peýda bermejek ylymy okamak gerek däl diýdigi
bolýamy?
-
Broker
13 years ago
- Hakyky düşünje, ynsana ýol açan düşüncedir. shu sozun ters manysy sana jogap bolya dostum.
-
Eldarado
13 years ago
- Ellerine saglyk dostjan.gaty görme düšünjäm pesiräkdä,özümem gaharym gelýä šeýledigime!
-
Broker
13 years ago
- sanada kop sag bol dost :)
-
Melike86
13 years ago
- Hic bir owrenen ylmyn zyyany yok. Sergezdanyn dushunjesi dine ylmyn getirjek shahsy bahbidine baylyk isleya. Yok ylym oz shahsy bahbidine dalde halka peyda bermelìmika diyan mumkin men yalnyshyandyryn
-
Eldarado
13 years ago
- Broker @mailyňa hat bardymy görsene!sen bolsaň howwa diýip jogap bersene!
-
ependi
13 years ago
sag bol dost
-
muzazzi
13 years ago
- malades
Broker 13 years ago- Hakyky düşünje, ynsana ýol açan düşüncedir.
gaty dogry aydypdyrlar