AŇSAT DIN Ebu Hureýra (radyýAllahu anhu) rowaýat edýär: Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) şeýle buýurdy: „Bu din diýseň aňsatdyr. Bir adam amallarym kem bolmasyn diýip din meselesinde özüne zor salsa, din ondan üstün geler (ony ýeňer). Şonuň üçin ortaça gidiň! . Size buşluk bolsun! Az hem bolsa dowamatly amallar bilen sogap gazanarsyňyz! Ertir, agşam we gijäniň salkyn wagtyndan peýdalanyň! . “ (Buhari rowaýat edýär.) ŞERHI: Musulman adam öz içki dünýäsi, öz başarnyklylygy, göterjek ýüki bilen, öz tebigaty we häsiýeti bilen sazlaşykly ýaşaýan adamdyr. Ol öz-özüne zor salyp götermejek ýüküniň astyna girmez. Her bende Yslamda öz ýagdaýyna görä jogapkärçilik göterer. Biziň dinimiz şonuň üçin ýeňil we aňsatdyr,ýagny tebigydyr. Adam öz ýagdaýyny göz öňüne alman, agyr ybadatlara özüni iterse öz-özüne zulum etdigi bolar. Şol hereketi oňa peýda ýerine ters netije berer, ol musulman derrew ýadar we diýseň pes derejä ýeter. Musulmanyň kämilleşmegi üçin yzygiderlilik we wagt gerek. Edilýän ybadatlar (has hem nefiller) adam öz islegi we yhlasy bilen etmeli, olar oňa lezzet bermeli, ruhyny joşdurmaly. Ýagny içki iman ýagdaýy bilen edýän amallary birbiri bilen sazlaşykly we kybapdaş bolmaly. Onsoň hem Allahyň razylygyny ybadatlaryň köpligi bilen gazanyp bolmaýar, ol Allahyň rahmetine bagly. Allah rahmet etmese näçe amal eden bolaý, rahmetine gowuşyp bolmaýar. Kuranyň aýatlaryna we Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem)-iň hadyslaryna üns berip göremizde, olaryň her adamyň ýagdaýyna, şertlerine görä amal talap edýändigini görýäris. Bu musulmanlaryň şu döwürde düşünmeýän ýagdaýlarynyň biri bolup dur. Allah we Pygamber şol hakykat bilen şol ýagdaýy göz öňünde tutup, adamy terbiýeleýän bolsa, näme üçin musulman alymlar we dagwatçylar şoňa üns bermeýärler. Netijede hem özleri ýadaýar we gynanyp ýörler we adamlary hem ýadadýar, şeýlelik bilen dinden sowadyp daşlaşdyrýarlar. Hyjuw bilen dine ýapyşyp, ummasyz köp ybadatlar bilen özüne ýükläp özüne zor salýän adamlary göz öňüne getiriň. Olar şol ýagdaýlaryny uzak dowam etdirip bilmeýärler we gysga wagtda şol edýän amallaryny terk edip, öňkisinden hem pes ýagdaýa düşýärler. Sebäbi hadysda hem aýdylyşy ýaly din olardan üstün çykar. Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) bize ortaça ýol tutmany maslahat berýär, ýagny ne aşa derejede özüňi ybadatlar bilen ýükläp öz-özüňe zulum etmeklik, ne-de aşa derejede ýaltalyk we yhlassyzlyk edip din tutuşyňy peseltmeklik. Ne ifrat nede tefrit. Onuň ýerine ortaça we yzygiderli ýol tutup, ýuwaş-ýuwaş hem içki dünýäňi (iman yhlasyňy) kämilleşdirip, hem şol derejede amalyňy artdyrmak has netijeli miweler berýär. Bir adam bir işe ýapyşyp, şol işi başaryp bilmese onuň özünden göwni geçýär we onuň ýörelgesi uzaga gitmeýär. Birnäçe meselede aýdýan zady bilen edýän işi özünde ters gelýär we içki dünýäsinde ikilenme başlanýar. Hemme zady bilýän we şol sanda adamyň ýagdaýyny hem özünden gowy bilýän Allah Tagala Pygamber (sallaLlahu aleýhi we sellem) üsti bilen adama iň dogry we netijeli , adamyň öz tebigatyna laýyklykda we sazlaşykda bolan ýörelgäni salgy berýär. Bu adamyň her iki dünýäsi üçin hem haýyrlydyr, ýagny ybadatyň goý az bolsun emma esasy zat dowamatly bolsun. Şol adamda berk şahsyýet döreder, özüne ynam, öz içinde sazlaşyk we rahatlyk, salamat, tutanýerlilik ýaly häsiýetleriň döremegine sebäp bolar. Bir aý aşa köp ybadatda bolup, soňra üç-dört aý pese düşüp özüňe gelýänçäň, assa ýuwaş we hikmetli, yzygiderli özüňi kämilleşdirmek haýyrly (sogap babatda) we netijeli dälmidir? Bu ''mu'min şol bir durşuna durmaly'' diýmek däldir! Ýok. Mu'min hemişe kämilleşmeli, ýöne şony akylly etmeli. Üç ädim öňe süýşip,üç ädim yza gaýdanyňdan bir kiçijik ädim öňe süýşip yza gaýtmazlygy gowydyr. Inşallah diýjek zadymyzy düşündirmäni başarandyrys diýip umyt edýäris. Musulman öz-özi bilen sazlaşykly ýaşaýyş alyp barmaly. Hadisyň iň soňunda Resulullah (sallaLlahu aleýhi we sellem) sogap gazanmak, Allaha ýakynlaşmak üçin säher wagtyny, agşam çagyny we gijäni ulanmany maslahat berýär.
HADYS 8 (sekizinji)
-
Broker
13 years ago
- Allah razy bolsun heyde bular yaly achyk aydyn aydylyan zatlara dushunman bolarmy, dushundik, yslam yenede shuna menzesh ynsan ruhyny terbiyeleyji zatlary yazyp durmagyngy hayysh edyan,kop kop minnetdar
-
myratmeredow
13 years ago
- yslam dost sen mailyn name aýtsaň habarlaşayjakdym
-
berdihan
13 years ago
- allah razy olsun kardesh bence bunu herkes bilemli we herkese duyurmaliyiz mukemmel we ruhuymuzu genishletir
-
Adgjmptw
13 years ago
- .
muzazzi 13 years ago- kop-kop sagbol alla senden razy bolsun yslam