Birnäçe süri haywanlar al-ýaşyl öwsüp oturan maýsalyk meýdanda bökjekläp oýnap ýaýnasalar hem erklerini örkleýäń, ýüreklerini zaryn zaryn ińledýän, bir gam-gussalary bardy. Ýolbars gorkusy. Hawa, bir mekir ýolbars köplenç şu sähralyklarda aw edermiş. Bu sebäpli şol sähranyń hoşroý ysly otlarydyr, miweleri olar üçin zähere dönermiş. Günlerden bir gün bütin haýwanlar ýolbarsyń ýanyna baryp, özlerini awlamazlygy üçin ähli iýjek zatlaryny getirip berjekdiklerini aýdypdyrlar. Emma ýolbars: -Men öz rysgymy öz zähmetim bilen gazanasym gelýär, diyip bu pikiri makullamandyr. Haýwanlar ençeme gezekler ondan haýyşt edip, söz berip, ahyrysońy ony razy edipdirler. Öz aralaryndan bije çekip, kim bijä düşse ony ýolbarsa aw hökmünde ibermekçi edinipdirler. İne günleriń birinde hem bije towşana düşüpdir. Haçanda ony ýolbarsyń ýanyna ýollamakçy bolanlarynda bolsa towşan: -Haçana çenli biz şol ýolbarsyń eziýetini çekmeli bolarys, diyip, ýolbarsyń ýanyna gitmekden boýun gaçyrypdyr. Haýwanlar bolsa ony ýanyna çagyryp: - Şu wagta çenli ýolbarsa beren sözümizde durduk, mundan beýläk hem durmaly bolarys, diýip oňa haýbat atypdyrlar . Ýöne towşan olardan özüne biraz wagt berilmesini isläp, ýolbarsy ýok etmegiń çäresini tapandygyny aýdýar. Birsalymdan, haýwanlar näçe ýalbarsalar hem towşan şol pikirini aýtman, umytlaryny besläp ýolbarsyń ýanyna ýola düşüpdir. Mekir towşan bilgeşleýin ýolbarsyń ýanyna gijä galyp barypdyr. Awyny giç gelenini gören ýolbars , bütin tokaýy lerzana getiräýjek boldy. Towşan bolsa ädimlerini kiçiden atyp ýuwaşlyk bilen ýolbarsyń ýanyna süýşüpdir. Geleni görüp öńe omzan ýolbars towşana: - Hatta äpet-äpet pillere hem döz gelip biljek güýjüm barka, bu kiçijik towşanyń etýänlerine seret, diýip, towşana bagyrypdyr. Towşan ondan bagyşlamasyny isläp, özüniń giç gelmeginiń sebäbini şeýle düşündiripdir: - Bagyşlań meni ýolbars hezretleri. Dań atan badyna siziń ýanyńýza ýola çykypdyp. Ýanyma başka-da birnäçe towşan dostlarymy alyp siziń ýanyńyza gelýärdik. Ýöne ýolda başga bir ýolbarsyń duzagyna düştük. Men ońa ýalbaryp, ‘biz patyşalar patyşasy bolan bir ýolbarsa gulluk edýäris, ine şu wagt bolsa onuń ýanyna barýarys’ diýip ondan bizi göýbermesini isledim. Ol bolsa ‘haýsy ýolbars ol, seni-de, ony-da parçalaýyn’ diýip sizden asla gorkmaýandygyny aýtdy. Men bolsa ońa, ‘meni şu gezek göýber, hiç bolmasa patyşamyń ýüzünü göreýin we seni ońa habar bereýin’ diýip ýalbardym. ‘Gelmeseń dostlaryńy lak-luk ataryn’ diýip ahyrysońy meni göýberdi. Şeýlelikde semiz-semiz towşan dostlarymy goýyp gaýdyp, siziń huzuryńyza gelip duruşym. Aýdylanlara has-da gahary gelen gaplań: -Eger aýdanlaryń dogry bolsa, ýör düş öńüme. Ýok eger sen ýalan sözleýän bolsań, almytyńy hökman alarsyń, diýip, towşana haýbat atypdyr. Şeýlelikde towşan, ýolbars ikisi ýola düşüpdirler. Towşan ýolbarsy duzaga dogry getirmek üçin öńde gidenmiş. Olar ençeme ýol geçenlerinden sońra, ahyrym bir guýa baryp ýetipdirler. Towşan guýyny görkezip: -İne ikisi hem şu ýerde..hanha seret, diýip, eli bilen guýyny görkezipdir. Guýa has ýakyn gelen ýolbars, towşanyń yza çekilýändigini görüp: - Näme üçin yza süýşýärsiń, hany bol öńüme düş, diýeninde, towşan: -Wah ýolbars hezretleri göreńizokmy, şol ýolbarsyń gorkusyndan ýańa elim aýagyma çolaşyp dur ahyryn, diýip jogap beripdir. Ýolbars ońa guýa seretmesini we şol aýtýan gaplańyń guýyń içinde bardygyny ýene-de bir gezek barlamasyny isläpdir. Towşan ońa: -Meni gujagyńa alsań göreýin, diýipdir. Ýolbars towşany gujagyna alyp, guýa seretmek üçin egileninde, suwly guýyń içinde bir ýolbars bilen semiz bir towşany görüpdir. Duşmanyny gözi bilen gören ýolbars towşany ýere goýup suwuń içine özini oklapdyr. Ýolbarsdan dynmagy başaran towşan, bu şatlykly şum habary dostlaryny ýetiripdir. Bütin haýwanlar ońa, özlerini şeýle zalym duşmandan halas edendigi üçin, köp-köp sagbolsun aýdypdyrlar. Şunu berk belle, öńünde hiç zat durup bilmejek, ähli zady ýeńen ýolbars bilen söweşmek ańsatdyr, asyl hakyky gahryman ilki bilen öz nebsinden hötde gelendir.

Köneler, Broker tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir