„Bismillah“ her haýryň başydyr. Biz hem ilkibaşda şoňa başlaýarys. Eý, nebsim, bilip goý! Şu mübärek söz yslamyň nyşany bolşy ýaly bütin barlygyň hem haly hereketi bilen wirdi-zybanydyr (hemişe gaýtalaýan zikiridir). „Bismillahyň“ nähili ägirt egsilmez kuwwatdygyna, nähili tükeniksiz kän bereketdigine düşünmek isleseň, şu mysaly hekaýajygy diňle. Onda şeýle diýilýär: Gadym eýýamda Arap çöllerine çykan her bir adama haýsy hem bolsa bir uly taýpanyň serdarynyň adyny götermek, onuň howandarlygyny almak hökman bolupdyr. Eger şeýtseň, häli-şindi gabat gelýän garakçylaryň elinden heläk bolmarsyň we maksadyňa ýetip bilersiň. Ýogsa, ýalňyz başyňa san-sajaksyz duşmanlaryň we hajatlaryň öňünde perişan halda galarsyň. Ine, şeýlelikde, iki kişi syýahat niýeti bilen çöle çykýar. Olaryň biri päk ýürekli, kiçi göwünli, beýlekisi tersine tekepbirdi. Häsiýetlerine görä, olaryň kiçigöwünlisi bir taýpa serdarynyň adyny aldy, beýlekisi bolsa almady. Bir serdaryň howandarlygyndaky kişi gezen ýerinde sag-salamat gezdi. Ýolunda garakçy duş gelse „Men pylan serdaryň ady bilen gezýärin“ diýip aman galdy. Hiç bir garakçy oňa azar bermäge het edip bilmedi. Bir çadyra girende, şol at bilen hormatlandy. Tekepbir kişi welin, syýahatynyň tutuş dowamynda müňbir belalara uçrady. Mydama gorkudan ýaňa galpyldap gezdi, hemişe dilegçilik etdi. Hem har boldy, hem zar boldy. Ine, eý gedem nebsim! Sen ýola çykan ol syýahatçysyň. Bu dünýä-de misli bir çöldür. Ejizligiň we mätäçligiň çäksizdir. Duşmanyň hem, hajatlaryň hem tükeniksizdir. Onda, bu sähranyň Ebedi Maliginiň, Hakimi-Ezelisiniň ismini al! Şeýle etseň, tutuş älemiň öňünde dilegçilik etmekden we her bir hadysanyň öňünde gorkudan ýaňa titremekden halas bolarsyň. Hawa, bu söz şeýle bir mübärek hazynadyr welin, seniň tükeniksiz ejizligiňi we mätäçligiňi soňsuz gudrata we rahmete baglar. Kadyr we Rahymyň dergähinde ejizligiň we mätäçligiň iň bir halanyljak töwallaça öwrüler. Hawa, bu söz bilen hereket edýän döwlete gulluk edýän esger ýalydyr. Esger bolsa döwletiň adyndan hereket edýär. Hiç kimden çekinmez. Her eden işini „kanunyň ady bilen, döwletiň ady bilen” diýip eder, her bir zada döz geler. Başda bütin barlyk özüniň haly hereketi bilen „Bismillah“ diýýär diýipdik. Aýdaly, bir adam şäheriň ähli halkyny zor bilen başga bir ýere göçürse we olary mejbury işletse, onuň öz ady, öz güýji bilen bu işi edip bilmejegi saňa düşnüklidir. Ol diňe döwletiň adyndan hereket edýändigi, patyşanyň güýjüne arkalanýandygy üçin bu işleri päsgelsiz başarýar. Indi‚ Alla Tagalanyň ady bilen hereket edýän her bir närsäniň güýjüne, gudratyna ser salalyň. Siz her ädimde görýänsiňiz, zerre ýalyjak tohumlar‚ çigitler başlarynda äpet agaçlaryň agramyny göterýärler. Olaryň dag ýaly ägirt ýüklerini galdyrýarlar. Diýmek‚ her bir agaç „Bismillah“ diýýär. Rehmet hazynasynyň miwelerinden ellerini dolduryp, bize araçylyk edýär. Her bir bagy-bakja hem „Bismillah“ diýýär. Gudraty Güýçliniň bir aşhanasynda bir gazan bolýar. Içinde dürli-dümen lezzetli ir-iýmişler, täsin tagamlar bişip ýetişýär. Sygyr, düýe, goýun, geçi kimin mübärek haýwanlar hem „Bismillah“ diýýär. Rehmetiň bereketi bilen olar her bir süýt çeşmesine öwpülýär. Rezzakyň adyndan iň ýakymly, iň arassa, dirilik suwy kimin iýmitleri bize hödürleýärler. Her bir agaç, ösümlik, ýumşajyk otlaryň ýüpek ýaly näzijek kökleri hem „Bismillah“ diýýär; olar ýylçyr daşy, gaty topragy ýaryp çykýarlar. Her bir zat „Allanyň ady bilen, Rahmanyň ady bilen“ diýýär we Onuň emrine boýun bolýar. Hawa, agaç şahalarynyň ösüşi, miwe berşi ýaly, ýylçyr daşy we gaty topragy ýaran kökleriň örän aňsatlyk bilen ýaýraýşy, käbiriniň bolsa ýeriň aşagynda hasyl berşi, näzik ýapraklaryň güýçli gyzgyna garşy durup, niçe aýyň dowamynda terligini saklaýşy tebigatparazlaryň agzyna şarpyk çalýar. Olaryň kör gözlerine barmagyny sokýar we şeýle diýýär: „Iň ynanýan berkligiň we gyzgyn epgegiň hem Onuň emri bilen hereket edýär. Ýüpek ýaly ýumşak kökler Musanyň (aleýhisselam) hasasy kimin: (arapça) emre tabyn bolup, ol daşlary ýarýarlar. Pergament kagyzy ýaly ýuka, näzik ýapraklaryň her biri Ybraýym aleýhisselamyň agzalary kimin, ataş saçýan gyzgynlyga garşy: (arapça) aýatyny okaýarlar. Görşüňiz ýaly, her bir zat durky bilen „Bismillah“ diýýär. Olar Allanyň ady bilen, Allanyň nygmatlaryny bize getirip berýärler. Biz hem „Bismillah“ diýmelidiris. Allanyň ady bilen bermelidiris, Allanyň ady bilen almalydyrys. Şeýle hem, Allanyň ady bilen bermeýän gafyl ynsanlardan hiç bir zat almaly däldiris. Sowal: Hakykatda diňe araçyllyk edýän ynsanlar bizden bir nyrh talap edýär. Mülküň asyl eýesi bolan Alla Tagala bizden näme isleýärkä? Jogap: Hawa, ol hakyky nygmat beriji, bizden gymmat baha nygmatlara, harytlara derek üç zady talap edýär. Biri zikir, biri şükür, biri pikirdir. Başda: „Bismillah“ zikirdir. Ahyrda „Elhamdülillah“ şükürdir. Ortasynda „Bu aklyňy haýran edýän, gymmatbaha nygmatlaryň Ahadyň we Samediň gudratydygyna, bize beren ajaýyp sowgady we rehmetidigi barada oýlanmak we şoňa düşünmek“ pikirdir. Bir patyşanyň gymmat bahaly sowgadyny saňa gowşuran bir misgin adamyň aýagyny öpüp, sowgadyň hakyky eýesini tanamazlyk nä derejede samsyklykdyr. Nygmat beriji bolup görünýänleri taryplap, söýüp hakyky nygmat berijini unutmak ondan-da müň esse akmaklykdyr. Eý, nebsim! Beýle akmak bolmajak bolsaň: Allanyň ady bilen ber... Allanyň ady bilen al... Allanyň ady bilen başla... Allanyň ady bilen işle... wessalam.

Köneler, Broker tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir