ALLAH Lafzaýy Jelal diýilýän bu ismi şerif – Allah Tagalanyň has adydyr. Șonuň üçin, bu beýleki atlaryň ählisini öz içine alýar. Beýleki atlar bolsa, diňe öz manysyny göterýär. Bu nukdaýnazardan Allah adynyň ornuny hiç bir at tutup bilmez. Dilçileriň aýtmagyna görä, bu söz arap sözüdir. Köplük sany ýokdur. Haýsy-da bolsa bir dilde jyns atlarynyň köplük sany bardyr. Șeýle hem, dürli dilde Allah Tagalanyň dürli-dürli ady bardyr. Türki dillerde «Taňry», pars dilinde «Huda», iňlis dilinde «God», rus dilinde «Bog» ýaly. Bu atlar «Allah» ýaly has at bolman, «Ilah», «Rab», «Mabud» ýaly jyns atlardyr. Arap dilindäki « Ilahyň» köplügi «Älihe», «Rabbyň» köplügi «Erbab» parsçada «Hudanyň» köplügi «Hudaýan» diýlişi ýaly, türki dillerde hem «Ilahlar», «Rabler», «Mabudlar», « Taňrylar» görnüşinde köplük sanda aýdylýar. Șonuň üçin «Taňry» sözi doly manyda «Allah» sözüniň ornuny tutmaýar. Mysal üçin, yslamyň esasy bolan «Lä ilähe illallah» (Allahdan başga ilah ýokdur) towhyd sözi terjime edilende « Taňrydan başga taňry ýokdur» görnüşinde bolmaýar. Șonuň üçin bu terjime dürs däldir. Sebäbi «Allah» sözi « Taňry» sözi bilen çalşyrylyp terjime edilse, ýalňyş bolýar. Çünki, «Taňry» jyns atdyr. «Allah» has atdyr. Ýöne bu ýagdaý Beýik Ýaradyjy göz öňünde tutulyp, başga atlary ulanyp bolmaz diýen manyny bermeýär. Kurany Kerimde bellenişi ýaly, iň gözel atlar Allahyňkydyr. Bu atlaryň haýsysy islense, şol at bilen doga etmek bolýar. Șol ady başga dile terjime hem edip bolar. Ýöne «Allah» adyny Allahdan başga zada bermek bolmaz. Beýleki atlaryň käbirini Allahdan başga zada-da berip bolýar. Ynsanlara Aly, Rahym, Aziz atlaryny bermek ýaly. Ýöne bu atlaryň başyna «gul» manysyny berýän «Abd» sözüni goşmak has laýykdyr. Abdulkadyr, Abdurrahym ýaly. Dogamy bar
Allahyn gozel atlary! Manysy blen!
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- es-SELAM
 es-Selam her hili kemçilikden
 aman, her hili howpdan
 gullaryny salamata ýetirýän,
 jennetdäki bagtyýar gullaryna
 salam berýän diýmekdir.
 Bu ismi şerif Kuddus ady bilen
 ýakyn manydaş bolsa-da, Selam
 ady has-da gelejege degişlidir.
 Ýagny, Allah Tagalanyň isle zaty,
 isle sypaty hiç haçan sähel
 üýtgemeklige, ejizlige
 uçramakdan daşdadyr. Ol ezelde
 nähili bolsa, ebetde hem şeýledir.
 el-MÜ’MIN
 el-Mü’min – köňüllerde iman we
 hidaýet yşygyny ýakýan,
 oýarýan, özüne sygynanlary
 aman saklaýan, olary goraýan,
 rahatlandyrýan diýmekdir.
 el-MUHEÝMIN
 el-Muheýmin – gözegçi, goldaýjy
 we goraýjy diýmekdir. Allah
 ýaradan mahlukatynyň
 amallaryny, ryzklaryny,
 ajallaryny bilip goraýar. Ähli
 barlygy görüp, gözegçilik edýän,
 barjak ýerine ýetirýän diňe
 Oldur. Hiç bir zerre Onuň lutuf
 we yhsanyndan mahrum däldir.
 el-AZIZ
 el-Aziz – ýeňilmeýän ýeke-täk
 ýeňiji diýmekdir. Bu ismi şerif
 güýç-kuwwat manysyny berýän
 «yzzat» sözünden gelip çykýar.
 Allah Tagala mutlak suratda
 güýç-kuwwat we ýeňiş eýesidir.
 Allah Tagalanyň yzzat sypaty
 Kuranyň ençeme ýerinde azap
 aýatlarynyň içinde gelýär. Șeýle
 hem, bu ismi şerif Hakim ady
 bilen hem birlikde gelýär. Munuň
 manysy Allah Tagala gudraty
 güýçli, ýeňijidir, ýöne hikmeti
 bilen erbetleriň jezasyny soňa
 goýýandyr. Ol erbetlik edýän
 ynsany jezalandyrmaga
 howlukmaz diýmekdir.
 el-JEBBAR
 el-Jebbar – «jebir» sözünden
 gelip, döwlenleri seýiklän,
 bejeren, kemleri bitiren, islänini
 etdirip bilen diýmekdir. Allah
 Tagala älemde we älemdäki ähli
 zatlara islänini etdirmäge güýji
 ýetýändir. Onuň höküm we
 iradesiniň garşysyna gidip
 bolmaz.
 el-MÜTEKEBBIR
 el-Mütekebbir – her bir hadysada
 öz beýikligini görkezýän
 diýmekdir. Beýiklik we ululyk
 diňe Allaha mahsusdyr. Barlygy
 bilen ýoklugy Allahyň emr we
 iradesine bagly hiç bir barlyk bu
 sypaty özüne alyp bilmez.
 
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- el-HALYK
 el-Halyk – her bir zadyň
 barlygyny we ömrüniň
 dowamynda her hili hal-
 ahwalyny, hadysalary taýynlap,
 kesgitleýän we şoňa görä
 ýaradan, ýokdan bar eden
 diýmekdir. Allahyň ýaratmagy
 «ibda» we «inşa» görnüşindedir.
 Ibda – ýokdan bar etmek, inşa –
 bar zatdan täze bir zady
 döretmekdir.
 el-BARI
 el - Bari – her bir zadyň
 agzalaryny biri-birine laýyk
 şekilde ýaradan diýmekdir.
 Allahyň ýaradan zatlarynyň hiç
 birinde kemlik ýa-da
 artykmaçlyk ýokdur. Her bir zat
 ýerliklidir.
 el-MUSAWWIR
 el-Musawwir – taswir edýän, her
 bir zada aýratyn bir şekil berýän
 diýmekdir. Allah Tagalanyň
 ýaradan zatlarynyň her biriniň
 özüne mahsus şekili, görnüşi
 bardyr. Olaryň hiç biri
 beýlekisine meňzemez. Meselem,
 adamlaryň arasynda biri-birine
 doly meňzeýäni ýokdur.
 Mundanam has täsini, barmagyň
 ýüzündäki çyzyklaryň biri
 beýlekisini gaýtalaýan däldir.
 Ynsanyň hergiz galpyny ýasap
 bolmajak goly – barmagynyň
 galdyran yzydyr. Bularyň ählisi
 Allah Tagalanyň Musawwir
 adynyň tejellisidir.
 el-GAFFAR
 el-Gaffar – magfyreti,
 geçirimliligi çäksiz diýmekdir.
 Gafr – örtmek, goramak,
 penalamak manysyny berýär.
 Allah Tagala mü ’minleriň
 günäsini, aýbyny örtýär, islän
 gullaryny günäden gorap
 saklaýar. Bu olar üçin iň uly
 nygmatlaryň biridir.
 el-KAHHAR
 el-Kahhar – her bir zada islänini
 etdirip biljek derejede üstün
 bolmak diýmekdir. Kahr – bir
 zada ony hor, ejiz kyljak ýa-da
 ýok edip, heläklejek derejede
 üstün bolmak diýmekdir. Allah
 Tagala Kahhardyr. Onuň öňünde
 barça zadyň boýny egikdir.
 Gahryna Asman, Ýer çydamaýar.
 Ol ençeme azaşan milletleri we
 ymmatlary heläk edipdir.
 el-WEHHAB
 el-Wehhab – dürli-dürli
 nygmatlary hemişe yhsan edip
 duran diýmekdir. «Wehhab» sözi
 «hibe» sözünden gelip çykýar.
 Hibe – haýsy-da bolsa bir
 bähbide, peýda garaşman bir
 zady bagyş etmek diýmekdir.
 Wehhab bolsa hemişe, hemme
 ýerde hemme zady bol-elin
 berýän, gaýtarga garaşmaýan
 diýmekdir.
 er-REZZAK
 er-Rezzak –ýaradylanlara
 peýdalanjak zatlaryny yhsan
 edýän diýmekdir. Ryzk Allah
 Tagalanyň aýratyn hem ýaşaýan
 mahlukatyna nesip etdiren
 zadydyr. Ryzk diňe iýlip-içilýän
 zatlardan ybarat däldir.
 Peýdalanylýan ähli zada ryzk
 diýilýär.
 Maddy ryzk
 Her dürli iýlip-içilýän, geýilýän
 we ulanylýan zatlar, pul, göwher,
 çaga, bedeniň işleýiş gudraty,
 bilim, mal-mülk, baýlyk we ş.m.
 zatlardyr.
 Magnewi ryzk
 Ruhuň we kalbyň azygy bolan
 zatlardyr. Başda iman we
 ynsanyň ruhy durmuşyna degişli
 ähli ýagdaýlar we bu duýgulary
 kanagatlandyrýan zatlaryň
 hemmesi magnewi ryzkdyr.
 el-FETTAH
 el-Fettah – her dürli müşgilleri
 çözýän, ýeňilleşdirýän
 diýmekdir. «Fettah» sözi «feth»
 sözünden gelip çykýar. «Feth»
 ýapyk, gulply bolan bir zady
 açmak manysyny berýär. Ýapyk
 zady açmak iki görnüşde bolup
 biler:
 a) maddy: bir gapyny, gulpy
 açmak,
 b) magnewi: gam-gussany
 aýryp, köňli giňeltmek.
 Ösümlikleriň güllemegi, tohumyň
 şinelemegi, ryzk we rahmet
 gapylarynyň açylmagy – bularyň
 hemmesi fettah isminiň
 tejellisidir.
 el-ALIM
 el-Alim – hemme zady düýpli
 bilýän diýmekdir. Allah bolan-
 boljak, gizlin- äşgär zatlary doly
 bilýär. Ynsanyň bilşi nisbi we
 aryzydyr, ýagny, bölekleýin we
 kemdir. Allahyň bilşi bolsa, ähli at
 we sypatlarynda bolşy ýaly,
 zatydyr. Șonuň üçin Onuň
 bilşinde çäk ýokdur, kemsizdir,
 mutlakdyr.
 el-KABYZ
 el-Kabyz – gysan, daraldýan
 diýmekdir. Ähli barlyklar Allah
 Tagalanyň gudrat
 kabzasyndadyr, ýagny,
 gudratynyň saýasyndadyr. Islän
 gulundan yhsan eden mülk
 emlägini, baýlygyny, çagadyr
 aýalyny, ýaşaýyş lezzetini, köňül
 rahatlygyny alyp biler. Șol adam
 baýka garyp düşer, ýa-da zürýat
 aýralygynyň ajysyna gark bolar,
 ýa-da ýürek gysmagyna, azap
 we agzalalyk derdine uçrar. Bu
 hallaryň hemmesi Kabyz adynyň
 tejellisidir.
 el-BASYT
 el-Basyt – açýan, giňeldýän
 diýmekdir. Allah Kabyz adynyň
 garşylyklaýyn tejellisi hökmünde
 islän guluna täze bir durmuş,
 lezzet, şatlyk, bol ryzk berip biler.
 Bu bolsa Basyt isminiň tejellisidir.
 el-HAFYD
 el-Hafyd – ýokardan aşak
 inderen, peselden diýmekdir.
 Allah islän guluny şan-şöhratly,
 abraýlyka-da, ryswa we
 masgara edip biler. Allahyň bu
 ady köplenç özüni tanamadyk,
 emrlerine boýun bolmadyk
 asylara, başgalara göwni
 ýetmeýän mütekebbirlere we
 hak-hukugy bilmeýän zalymlara
 gezek gelende tejelli edýär.
 er-RAFI’U
 er-Rafi’u – ýokaryk göteren,
 beýgelden diýmekdir. Allah
 Tagala islän guluny pese düşürişi
 ýaly, islän guluny-da
 beýgeltmäge ukyplydyr. Islänine
 şan -şöhrat, abraý berip biler.
 Käbir köňülleri iman we irfan
 yşygy bilen ýagtyldar. Beýik
 hakykatlardan habardar eder.
 Allahyň beýgeldýän ynsanlary
 köplenç melek häsiýetli, süýji
 dilli, il- günüň aýbyny örtýän,
 kemçiligini düzedýän, olara maly,
 bedeni, bilimi, öwüt-nesihaty
 bilen kömek edýän näzik,
 salyhatly ynsanlardyr. Olar bu
 häsiýetlerini ýitirmese, Allah hem
 bu nygmaty olardan aýyrmaz.
 el-MU’YZ
 el-Mu’yz – yzzat berýän, hezzet-
 hormat edýän diýmekdir.
 
- 
                ynsan
                14 years ago
                
- el-MÜZIL
 el-Müzil – zillete düşürýän, hor
 we pes hala salýan diýmekdir.
 Yzzat we zillet biri-biri bilen
 gapma- garşy manydadyr. Yzzat
 sözünde at-abraý, zillet sözünde
 peslik, biabraýlyk, ýigrenjilik
 manysy bardyr. Allah Tagala bu
 adyna mahsus häsiýetleri islän
 mahlukatynda tejelli edip biler.
 es-SEMIG
 es-Semig – her bir zady doly
 eşidýän diýmekdir. Allah Tagala
 ýüregimizdäki gizlinu-äşgär
 sözlere çenli, ähli zadyň sesini
 eşidýär. Uzaklyk-ýakynlyk we
 birini diňlemegi beýlekini
 eşitmegine päsgel bermeýär.
 el-BASYR
 el-Basyr – her bir zady doly
 görýän diýmekdir. Allah Tagala
 janly- jandaryň we her bir zadyň
 gizlinu-äşgär, eden we etjek ähli
 işlerini görýändir. Garaňkylyk-
 ýagtylyk, ýakynlyk-uzaklyk,
 beýiklik-kiçilik Onuň görmegine
 päsgel bermeýär.
 el-HAKEM
 el-Hakem – höküm eden, hakyna
 laýyk ýerbe-er eden diýmekdir.
 Allah Tagala Hakimdir, her bir
 zada hökmürowandyr. Ol
 höküminiň kemsiz berjaý
 edilmegini gazanar. Onuň hökmi
 bolmasa, hiç bir hadysanyň
 bolmajakdygy ýaly, Onuň
 hökmüni ýatyrjak hiç bir
 kuwwat, hiç bir hökümet, hiç bir
 dereje ýokdur.
 el-ADL
 el-Adl – doly adalatly diýmekdir.
 Adalat zulumyň gapma-
 garşylygydyr. Zulum sözüniň
 ynjytmak, başganyň hakyny
 iýmek manylary bardyr. Zulum
 etmezden her kese doly hakyny
 bermek, her bir zady akyl we
 mantyga, hikmet we maslahata
 laýyk berjaý etmek bolsa
 adalatdyr.
 Allah Tagala adyldyr, zalymlary
 söýmez. Zalymlar bilen
 tirkeşenleri , hatda olara
 imrinenleri, olary söýenleri hem
 söýmez.
 el-LATYF
 el-Latyf – iň inçe, syrly işleriň
 ählisiniň inçeligini, syryny doly
 bilýän, iň inçe we syzylmaz
 ýollardan gullaryna peýda
 berýän diýmekdir. Allah Tagala
 Latyfdyr.
 el-HABIR
 el-Habir – her kimsäniň we herki
 zadyň gizlin, içgin taraplaryndan
 habardar bolan diýmekdir. Allah
 Tagala hadysalaryň iň kiçisinden
 iň beýigine çenli habardardyr.
 Ondan rugsatsyz hiç bir hadysa
 bolup geçmez.
 el-HALIM
 «Hilm» – günäkärleri
 jezalandyrmaga güýji ýetip
 durka, ony etmän, olara
 mylaýymlyk bilen garaşyk etmek
 we jezalaryny soňa goýmak
 diýmekdir. Halim – gudraty
 ýetýän halyna, bir hikmet
 sebäpli jezalandyrmaýan
 diýmekdir. Allah Tagala Halimdir,
 her günä iş edeni derrew
 jezalandyrmaýar. Ol gazap we
 azapda howlukman möhlet
 berýär. Bu möhletiň dowamynda
 edenine puşman edip, toba
 gelenleri afuw eder, bagyşlar.
 Kejirlik edenler barada höküm
 ýene Oňa degişlidir.
 el-AZYM
 el-Azym – ähli beýiklikleriň eýesi
 diýmekdir. Azamat – beýiklik
 manysyny berýär. Ähli meseleler,
 zatlar babatda hakyky beýiklik
 Allaha mahsusdyr. Ýerde-gökde,
 tutuş barlyk içinde mutlak we iň
 kämil beýiklik Onuňkydyr. Her bir
 zat Onuň beýikligine şaýatdyr.
 el-GAFUR
 el-Gafur – magfyreti köp
 diýmekdir. Allah Tagalanyň
 magfyreti köpdür. Bir guluň
 aýby, günäsi nähili derejede uly
 we näçe köp bolsa bolsun, olary
 ýaşyrar , aýan edip eýesini
 ryswa etmez.
 Allah Tagala günäleri, aýyplary
 ynsan gözünden gizleýşi ýaly,
 melekut äleminiň ýaşaýjylarynyň
 nazaryndan hem gizlär.
 Ynsanlaryň görmeýän käbir
 zatlaryny melekut äleminiň
 ýaşaýjylary görýär. Gafur ismi
 şerifi günä we aýyplaryň olaryň
 nazaryndan hem gizlenýändigini
 düşündirýär .
 eş-ȘEKUR
 eş-Șekur – öz ryzasy üçin edilen
 ýagşy amallara has zyýada
 gaýtargy berýän diýmekdir.
 Șükür – ýagşylyga ýagşylyk
 gaýtarýan diýmekdir. Allah
 Tagalanyň öňünde guluň berjaý
 etmegi zerur bolan bir wezipesi
 şükürdir . Șekur bolsa, az tagat-
 ybadata derek, örän uly derejeler
 berýän, sanly günlerde berjaý
 edilen amallara derek, ahyret
 äleminde soňsuz nygmatlar lutuf
 edýän diýmekdir. Bu ada
 Allahdan başga eýe boljak hiç
 kim ýokdur.
 el-ALIÝ
 el-Aliý – her bir zatda,
 hemmetaraplaýyn uly diýmekdir.
 Allah Tagala Aliýdir, ýagny Onuň
 deňi-taýy we şärigi ýokdur.
 el-KEBIR
 el-Kebir – beýiklikde ondan beýik
 ýokdur. Allah kibriýa eýesidir.
 Kibriýa zatyň kemaly diýmekdir,
 ýagny, Onuň kemalyna çäk
 ýokdur.
 el-HAFIZ
 el-Hafiz – edilen ähli işleri
 giňişleýin hasaba alýan, her bir
 zady belli bir wagta çenli
 apatlardan, bela-beterlerden
 gorap saklaýan diýmekdir.
 Hyfz – goramak diýmekdir.
 Munuň iki görnüşi bardyr.
 Birinjisi: barlyklaryň
 dowamlylygyny üpjün edip,
 gorap saklamak, ikinjisi: biri-
 birine gapma- garşy bolan
 zatlaryň biri-birlerine hüjüm
 etmekleriniň, zyýan
 ýetirmekleriniň öňüni almak, biri-
 biriniň şerinden olary gorap
 saklamakdyr.
 Allah her bir mahlugyna özüne
 zyýanly zatlary bilip-duýup biler
 ýaly ukyp beripdir. Bu Hafiz
 isminiň tejellisidir. Haýwanlar
 himiki analiz geçirmezden
 özlerine zyýanly otlary bilýär we
 olary iýmeýär. Gullarynyň
 amallarynyň ýazylmagy,
 zaýalanmakdan goralmagy hem
 Hafiz isminiň tejellisidir. Șu
 nukdaýnazardan ahyretde
 täzeden dirilmegiň we
 edenleriňden hasap
 soralmagynyň hem gönüden-
 göni Hafiz ismi bilen
 baglanyşygy bardyr.
 el-MUKYT
 el-Mukyt – her bir mahlugyň
 rysgyny, iýmitini taýyn eden we
 olary beden we kalba iberendir.
 Șonuň üçin Mukyt Rezzak bilen
 manydaşdyr. Ýöne Mukytyň
 manysy Rezzakdan has
 hususydyr. Rezzagyň manysy
 has giň bolup, diňe iýmiti däl-de,
 ähli zerurlyklary öz içine alýar.
 el-HASIB
 el-Hasib – her kesiň ömrüniň
 dowamynda edenlerini doly,
 düýpli we giňişleýin bilýän, her
 bir zadyň, her kesiň islendik
 mätäçligini kanagatlandyryp
 bilýändir. Allah Tagala hasap
 bilen bolup biljek her bir zady hiç
 bir hasap ýöretmezden anyk we
 kesgitli bilýär.
 el-JELIL
 el-Jelil – jelalet, ululyk we haýbat
 eýesi, jelal sypatlaryny özünde
 jemleýändir. Jelalet we ululyk
 Allaha mahsusdyr. Onuň zaty-da,
 sypatlary-da beýikdir. Ýöne bu
 beýiklik mahlukatdaky ýaly
 göwrüm ýa-da ýaşy ululyk
 taýyndan däldir, bu wagt bilen
 ölçenmeýär, mekana sygmaýar.
 el-KERIM
 el-Kerim – keremi, lutuf-yhsany
 bol diýmekdir. Allah wada beren
 sözüni ýerine ýetirýär. Yhsan
 edende bol-elin berýär,
 bagyşlaýar .
 er-RAKYB
 er-Rakyb – ähli barlyklaryň
 üstünden gözegçi, ähli işler
 gözegçiliginiň astynda
 diýmekdir. Bir zady goraýan,
 hemişe gözegçiliginde saklaýana
 rakyb diýilýär. Bu bilim we
 goramak arkaly mümkindir.
 Allah Tagala ähli barlyklara her
 dem gözegçilik edýän şaýatdyr,
 nazyrdyr. Hiç bir zat Onuň
 gözastyndan sypmaýar, her kese
 edenine görä gaýtargysyny
 berýär.
 el-MUJIB
 el-Mujib – özüne doga edip
 ýalbaranlaryň isleglerini eşidip,
 jogap berýän diýmekdir.
 Bu taýda şu aýratynlyk gowy
 bilinmelidir: jogap bermek bilen
 kabul etmek aýry manydaky
 sözlerdir. Allah Tagala her bir
 doga jogap berjekdigine wada
 edýär. Ýöne kabul etjekdigini
 wada etmändir. Çünki, kabul
 edip-etmezlik Allah Tagalanyň
 hikmetine baglydyr. Hikmeti
 laýyk görse, islänini şol durşuna,
 şol bada kabul eder. Eger islese,
 islenenden has gowusyny berip
 biler ýa-da şol doganyň
 gaýtargysyny ahyretde berer.
 Islese, guluň bähbidine zyýanly
 bolany üçin kabul etmez.
 el-WASI’U
 el-Wasi’u – giň we rugsat
 berijidir. Allahyň ylmy, rahmeti,
 gudraty, afuw we magfyreti
 giňdir , her bir zady gurşandyr.
 Hiç zat Onuň ylmyndan gizlenip
 bilmez. Yhsan we ikramynyň
 çägi ýokdur.
 
- 
                Ayjagash
                14 years ago
                
- Sag bol ynsan yazanyna.
- 
                muzazzi
                14 years ago
                
- alla senden razy bolsun ynsan
- 
                Gapyrjak
                14 years ago
                
- Sag bol ynsan dost, allam senden razy bolsun dostum! Biz bu sözleri eshidibem manysynyñ nähili zatlary düshündirýändigini bilemzok! Baryny okap çykdym, örän manyly zatlar ýazylan, ýenede bir gezek sag bol ynsan dost!!!
- 
                DG
                14 years ago
                
- Sag bol ynsan dogan ýazanlaryñ ýarsyna okadym
- 
                milayatm
                14 years ago
                
-   bu sozlerin manysyny her kim okap bilse gowy, bizem okadyk.
 Kop minnetdar!!!
- 
                ependi
                14 years ago
                
- sagbol dost
- 
                samat
                14 years ago
                
- Alla razy bolsun gardash,
ynsan 14 years ago- er-RAHMAN
 
er-Rahman – ezelde ähli
ýaradylanlar hakynda haýyr we
rahmet irade eden, söýeni bilen
söýmediginiň arasynda tapawut
goýman ýaşaýyşlary üçin zerur
bolan ähli nygmatlary we ryzky
beren manyny berýär.
er-RAHYM
er-Rahym – örän merhemetli,
beren nygmatlaryny ýagşy
ulanýanlary has beýik we ebedi
nygmatlar bilen sylaglaýan diýen
manyny berýär. Rahym ady
mahlukatyň arasynda erk-irade
eýelerine, aýratyn hem
mü ’minlere degişlidir.
el-MELIK
el-Melik – ähli mahlukatyň
hakyky eýesi we mutlak
hökümdary diýmekdir. Allah ne
zatynda, ne-de sypatynda hiç bir
barlyga mätäç däldir. Gaýta
sypatynda, zatynda, barlygynda
we barlygynyň dowam
etmeginde hemme zat Oňa
mätäçdir.
el-KUDDUS
el-Kuddus – hatadan, gaflatdan,
ejizlikden, her hili kemçilikden
uzak we arassa diýmekdir.
Șonuň üçin Allah her hili takdysa
– mukaddes saýylmaga, aşa
hormata mynasypdyr.
Älemde ynsan eli degmedik,
döreýşi ýaly saklanan arassalyk
Allahyň Kuddus adynyň
tejellisidir.