Menem aglap gördüm erkek halyma,
Utanjy, haýany unudyp bir dem,
Ýok, beýle hallara düşmelem däldim,
Emma ejizledi ýagyrlan gerden.

Aglasaň derdiňem ýeňleýän eken,
Bir pursatjyk unutýarsyň geçeni,
Pikir etdim, çünki zenan maşgala,
Şonuň üçin köp aglaýan ekeni.

Bogazyň gysanda ajy ýaşlaryň,
Damjalarny ogurdymyz ýuwutýar,
Ýagny, köp erkekler ýalan dünýäniň,
Gaýgysyn, gussasyn şeýdip unutýar.

Ho-ol ara, kalbymyň ornuny tapman,
Ejizligi dost tutunyp ýanyma,
Hiç kime görünmän gizlinje ýerde,
Menem aglap gördüm erkek halyma.

Awtory: Baýram Bejidow

Edebiýat, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir