Internet garalama
Hekayalar, türkmen dilinde
2020 » Июнь » 26 » Rahman Zulfikarow (Powest) 19:13.
Awtor: Rahman Zülfikarow.
Rahmanyň garşysynda dört sany adam otyrdy. Rahman bilen ol dört adanyň arasyndan, edil çeşme ýaly bolup giň saçak geçýärdi. Saçagyň üsti her dürli nygmatlardan dolydy. Rahman bolsa geň galýardy. Bu dört adamyň göçüp gelenine 4 sagat hem bolanok, bular bolsa eýýäm bir giden zat taýýarlap ýetişipdirler. Rahman hiç zat gürlemän diňe daş töwregi synlaýardy. Ol asla az gürleýärdi, nätanyş adamlaryň arasynda welin aslada agzyndan birje söz gaçyranokdy. Bu gün ol hiç wagt düşmeýän ýagdaýyna düşüpdi. Ol ömründe birinji gezek görýän adamlary bilen bir saçagyň başynda otyrdy. Otyrany hiçle, oturmak betbagytçylygyň diňe ýarsydy. Betbagytçylygyň ikinji ýarysy bolsa saçagyň üstinde aragyň duranlygydy. Häzir bu 4 sany täsin öý eýeleri Rahmany arak içmäge yryp başlamalydylar. Ýöne Rahman gara çyny bilen arak içjek däldi. Ol asla bu öýüň tüýniginden ätlejek däldi, ýöne ony çäge saçly aýal yrypdy. Ol aýalyň ady Leýlidi, ol özini şeýle tanyşdyrypdy:
—Salam, meň adym Leýle, biz siziň täze goňşyňyz, —aýal gapyda durup şeýle diýdi. Soň yzyna gaňyrlyp öz gapylaryny görkezdi. Rahmany bu aýalyň ýylgyrşy maýyl edipdi. —Eger kyn görmeseňiz bize bir zady süýşirmäge kömek edäýiň.
Rahman kömek etdi, ol bu gyzyň yzy bilen nirä gitmeli bolsada kaýyldy. Edil derekden ýonup ýasalan ýaly inçe uzyn gyz. Edil şu wagt bolsa ol gyz 3 erkegiň arasynda Rahmanyň garşysynda otyrdy.
–Sen kim, sen kim? —Rahman öz özine şeýle soragy berýärdi. —Bu üç sany oglanyň haýsy biri seň ýoldaşyň? Ýa-da bularyň bary seň oýnaşlaryňmy?
Rahmanyň gözleri kellede dörän soraglara jogap gözläp, garşysynda otyran 4 sany adamyň ýüzlerini sermeýärdi. Bu 4 sany adam bir birine meňzeş däldi, diýmek olar bir birine dogan, ýa-da başga bir garyndaş bolup biljek däldiler.
—Eger dogan däl bolsaňyz, onda näme sizi bileleşdirýär? —Rahman sorasy geldi, ýöne soramady.
—Leýli bilen siz eýýäm tanyş bolmaly? —Leýliň gapdalynda otyran oglan iň soňunda Rahmana ýüzlendi. Rahman bu oturluşykda iň soňynda kimdir biriniň dil ýarmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.
Rahman jogabyň ýerine ýene bir gezek Leýliň gözlerine seretdi. Soň Rahmanyň gözleri, oň özünden soraman Leýliň çalaja açylan ýakasyna tarap aşak düşdi. Bolsa-da töwerekde otyran adamlar hiç zat aňmadylar.
—Meň adym Ibragim, —ýene şol adam dowam etdi. Ol adam bu toparyň baştutany bolmalydy. Rahman ony şol bada düşündi. Bu toparda Leýliň ýoldaşy kim bolsada şol adam bolmalydy.
—Ýöne dostlarym meň adymy Ibis diýip tutýarlar. —Ol adam dowam etdi.
Rahman bolsa oýlanýardy. Türkmenleriň içinde Ibragim atly barmy ýa-da ýok? Beýle at ýok, Rahman karara geldi. Ibragim ady türkmen dilinde Ybraýym ady aňladýan bolmaly, elbetde Rahman ýalňyşmaýan bolsa? Diýmek oň garşysynda otyran türkmen oglany däl, dogrysy bu oglan türkmen dilini edil suw içen ýaly bilýärdi. Ýöne türkmenistanda ýaşap türkmen dilini bilmeýän galdymy diýsene? SSSR-yň ýykylanyna gör näçe ýyl boldy?
—Bu oglanyň ady Ýartygulak, —Ibragim ýene bir oglany tanyş etdi.
Rahman öz gulaklaryna ynanmady we Ýartygulak diýilýän oglany haýaljakdan synlady. Ol oglan bu toparda iň daýaw we uzyn oglandy. Ol oglan Leýliň sag tarapynda otyrdy. Leýli Ýartygulagyň ady tutylanyndan oň eginlerini oýkalap ony gujaklady we şeýle diýdi:
—Bu oglan biziň pälwanymyz, türkmen göreşi boýunça 3 gezek birinji ýer aldy.
Rahman türkmen göreşinde hiç zada düşinenokdy, emma bu oglanyň hakykatdanam pälwandygyna göz ýetiripdi. Günortan wagty bu dört sany täsin goňşylar öz jaýlaryna göçüp gelen wagtlary, olaryň bar goşlaryny öýe şol pälwan çekipdi.
—Sen şu pälwanyň ýoldaşymy? —Rahman gözleri bilen sorapdy. Leýli bolsa oňa gözleri bilen jogap beripdi:
—Ýok samsyjak, men diňe seňki, men diňe seň aýalyň. Bu pälwanyň ýakasyndan bolsa, diňe seni gabandyrjak bolup aslyşýan.
Rahman çepe saga başyny ýaýkady. Oň kellesine bir ýerlerden samsyk pikir giripdi.
—Sen gadyrly myhman bu oglanyň adyny geň görme, —Ibragim Rahmana seredip seslendi. —Eger ýadyňa düşýän bolsa entek biziň çaga wagtymyz telewizorda her dürli hindi kinolary görkezerýärdiler. Onsoň käbir ene atalar şol kinolardaky gahrymanlaryň atlary öz çagalaryna dakardylar. Meň özim bir näçe Şahruk bilen bir näçe Raç atly oglany tanaýan.
—Men bolsa Marjina atly joram bar, —Leýli sag elini ýokaryk göterip ýylgyrdy.
—Ana görýäňmi? —Ibragim dowam etdi. —Bu oglanyň ene atasy öz çagasyna at dakanda Ýartygulak çeper filiminden ruhlanan bolaýmasalar?
—Şondan Ruhlandylar, —Ýartygulak atly oglan göwünli göwünsiz hüňirdedi.
Indi gezek bolsa 4-nji oglana gelip ýetdi. Ol oglanyň agzynda sakgyç bardy we ol öz sakgyçyny haýaljakdan çeýneýärdi. Ol oglany saçlary gap-garady we ownjak buýur buýurdy.
—Bu oglanyň ady bolsa Baýramhan.
Baýramhan tanyşlygyň hatyrasyny Rahmana bakyp çalaja ýylgyrdy. Rahman hem jogap edip çalaja galp ýylgyryş ugratdy. Tanyşlyk gutaranyndan soň saçagyň başynda ok geçnez ümsümlik başlaýjak ýalydy, ýöne beýle bolmady. Bu 4 sany täsin adam tanyşlyk gutaranyndan soň şakyr şukur işe girişdiler. Leýle ýerinden edil pişik ýaky atylyp turdyda aşhana ylgady we eli 5 sany kiçijek rýumkaly gaýdyp geldi. Otagdan atylyp çykyp barýan gyzyň yzyndan seredip Rahman diňe çalaja pyşyrdap ýetişdi:
—Meň adym Rahman, — ýöne ony diňlejek bolýanam ýokdy.
—Bar myhmanyň ýanynda otyr Leýli, —Leýli gaýdyp gelensoň Ibragim buýryk berdi. Oň sözleri şol wagt buýryk ýaly bolup eşdildi. Leýli Rahmanyň edil gapdalyna çökdi, özem Hudaý aýaly erkegiň haýsy tarapdaky gapyrgasyndan ýasan bolsa, Leýli hem şol tarapa çökdi.
—Men arak içemok, —Rahman ötünç soraýan ses bilen öňünde duran rýumkaň agzyny eliniň aýasy bilen ýapdy.
Sebäbi edil şol pursat Ýartygulak arak paýlap başlapdy. Indi saçagyň garşy tarapynda diňe 3 sany oglan galypdy. Leýli öz bolmaly ýerinde, Rahmanyň gapdalyndady.
—Zyýany ýok, —diýdi Leýli. —Seň paýyňam men içäýerin.
Şeýle sözler bilen Leýli Rahmanyň elini emaý bilen gapdala itdi we saçakdaky rýumkalaryň bary hem arakdan doldy.
—Birinji gezek tanyşlyk üçin götereliň, —Bu sözleri Baýramhan aýtdy.
Otyranlaryň bary goldadylar. Rahman samsyk görünmejek bolup öz bulguryny süýji suwlaryň biri bilen doldurup, arakly rýumkalara tarap uzatdy. Rýumkalar howada ses edip çakyşdylar we hersi öz eýesiniň agzyna tarap göneldiler. Şu ýerde Rahman bir zady geň gördi. Oň gapdalynda otyran Leýli gyz, öz rýumkasyny başyna çekip, yz ýanyndan Rahman üçin guýylan rýumkany hem galdyrdy. Gyz iki sany rýumkany yzly yzyna göterdi. Rahman öz elindäki suwy owutlap bilmän gyza seredip aňkaryp galdy. Ýöne Rahmanyň elindäki bulgur harap bolmady, ony gyz Rahmanyň elinden alyp bir owut etdi. Soň hamala hiç zat bolmadyk ýaly bulgury ýerinde goýdy. Rahman gyzdan gözlerini aýyrman oňa esli wagt seretdi. Rahman bolýan zatlary teswirlejekdi, ýöne oň dili tutulyp galdy. Sebäbi şu wagt bolýan zatlar oň özünden başga hiç kime geň görinenokdy. Her kim saçakdaky nygmatlardan garbanyp başlapdy. Baýramhan goýunyň kellebaşaýagyna ýapyşypdy. Ýartygulak palow iýýärdi. Ibragim bolsa öz wilkasy bilen her zatdan bir dadyp görýärdi. Diňe Leýli entek hiç zada el uzatman, boşan bulgurlaryň bäşisinem täzeden arakdan doldyryp goýdy. Diňe şondan soň eline wilka alyp işdä-açarlaryň käbirine el uzatdy.
—Iýiberiň myhman, utanmaň çekinmäň, —agzy bir zatly Ibragim hüňirdedi. Ýöne Rahmana iýmäge wagt bolmady. Dogrysy hiç kimede iýmäge wagt bolmady, sebäbi Leýle atly gyz eýýäm eline çakyr alypdy. Rahman bolsa bu gyza geň galyp öz gözlerini dikdi. Gyz bu gezek her eline bir rýumka aldy.
—Goňşy gatnaşygy üçin içeliň, —Ibragim teklip etdi. —Ine biziň goňşymyz gijem bolsa biziň çakylygymyzy kabul etdi, bizi sylap geldi. Şeýle goňşylar üçin içeliň.
Otyranlaryň bary hawa-da hawa boluşdylar. Rahman bolsa ýenede ýaňky Leýliň owutlan bolguryny göterdi. Aýnadan ýasalan gaplaryň bary howada çakyşanyndan soň, olaryň bary bokurdaga tarap göneldiler. Bu gezek hem Leýli iki sany rýumkany yzly yzyna göterdi we suw uwutlamagyň ýerine Rahmanyň ýaňagyndan bir gezek öpdi. Rahman duýdansyzlykdan ýaňa tassana elindäki bulguryny gaçyrypdy. Ol indi näme pikir etjegini bilenokdy. Pikirler öňkisi ýaly jem däldi. Rahman hamala 2 rýumka arak içen ýalydy. Oň bir tüýsli dili süýjäpdi, utanjaňlyk bir ýerik ýitrim bolupdy. Ýaňaklar bir tüýsly ýakymly ýylap başlapdy. Indiki tosty Rahmanyň özi aýdasy gelýärdi. Ol näme üçin özini beýle diýýanyna düşinenokdy, ol içmesede edil içen ýalydy.
—Men owadan zenanlar üçin içesim gelýär, —Rahman eline süýji suwly bulgury aldy.
—Rahmana arak guýyň, —Ibragim seslendi. Baýramhan aýdylany şol bada ýerine ýetirmäge başlady. Diňe Ýartygulak saçakdan başyny galdyrman bir zatlary agzyna düýrläp salýardy.
—Bu gezek öz paýymy özim işjek, —Rahmam ýylgyryp jogap berdi.
Leýli oň elinden süýji suwly içgini alyp oň ýerine rýumkany tutdurdy. Ýartygulak atly oglan kellebaşaýakdan ünsini bölip Rahmana seretdi.
—Men saçagyň başynda otyran ýeketäk zenan üçin içesim gelýär. —Rahman gapdalynda oturan Leýlä oýnatgy gözleri bilen seretdi. Leýli hem oňa ýylgyryp jogap berdi.
—Leýli üçin, —oglanlaryň üçisi hem alyp göterdiler we rýumkalaryny boşatdylar.
Rahman hem öz rýumkasyny başyna çekip oň içindäki aragy boşatjak boldy, ýöne başa barmady. Oň arak diýip owutlany edil ot ýaly bir zat bolup çykdy. Rahman edil sirke içen ýaly boldy, oň demi tutuldy, gözlerinden ýaş döküldi. Içen zadynyň deň ýary burnyndan gaýtdy.
—Men aýtdyma seň paýyňy özüm içerin diýip, —Leýli Rahmanyň arkasyna kakdy. Oglanlar bolsa Rahmanyň üstinden gülüşdiler.
—Gadyrdan myhman sen entek spirt içip görmänsiň öýdýän, —Ibragim sorady.
Rahman hiç zat jogap bermän diňe yzly yzyna suw içýärdi.
—Leýli, indi myhmana suwdan başga hiç zat guýup berme. Eger içesiň gelse oň paýyny özüň içäý. —Baýramhan seslendi.
Ýartgulak bolsa hamala bu saçaga degişli däl ýaly, başyny galdyrman kellebaşaýak iýýärdi. Ol şu wagt goýnyň diline ýetipdi. Leýle razylygyň şanyna başyny atdy we Rahmanyň arkasyny oýkalady. Ol gyzyň hereketleri oňa ýaraýardy. Rahman şol gyza görünjek bolup aragy başyna çekipdi. Öz bolşyndan utanyp Rahman eline rýumkany alyp içine şol suwuklykdan ýene bir gezek guýmagy teklip etdi. Ol gyzyň gözlerinde masgara bolasy gelenokdy.
—Saňa bu arakdan içmek bolanok, —Leýli Rahmanyň elinden rýumkany aldy we oň ýaňagyndan ýene bir gezek öpdi.
Geň ýeri Rahmanyň daş töwereginde otyranlar gyzy ondan gabananokdylar. Ýöne bu gyzyň bu üç sany oglana kim bolýanyny hem Rahman bilenokdy. Rahman göziniň aşagy bilen saçakda duran kiçijek piçagy synlady. Birden gyz üçin dawwa turda ol ilki bilen pyçga ýapyşjakdy, ýöne dawwa turarly däldi. Bu täsin meýlis dowam edýärdi. Aragy bu gezek Ýartygulak paýlady. Ol oglanyň elleri uzyndy, islän ýerine ýetýärdi. Ol oglan oturan ýerinden syrtyna galdyrman saçagyň aňary tarapyna elini uzatdy. Saçak bolsa edil derýa ýaly giňdi. Leýli gyzyň öňünde duran iki sany rýumka ýene spirtdan doldy. Rahman iki sany rýumkalaryň birine ýene ýapyşjak boldy, ýöne Leýli ony saklady we her eline bir rýumka aldy.
—Ulym we bilim üçin içeliň, —Ýartygulak atly oglan rýumkasyny ýokaryk göterdi.
—Örän ajaýyp tost, —Ibragim belledi, Baýramhan bolsa başyny atdy.
Rahman ýenede Leýliň elindäki rýumkalaryň birine ýapyşjak ýoldy, ýöne Leýli oňa rýumka bermedi. Rýumkaň ýerine Rahmanyň elinde süýji suwly bir içgi peýda boldy. Rýumkalar ýenede howada çakyşdy we yz ýanyndan boşadylar. Bu gezek hem Leýli yzly yzyna iki sany rýumkany boşatdy. Soňundan hiç zada garaşmaýan Rahmanyň dodagyndan çalaja öpdi. Edil şeýle sypaýylyk bilen, gullukdan gelen oglanlary, olaryň aýal doganlary öpýärdi. Emma Rahman sypaýyllygy ýitiripdi. Ol jogap edip Leýlini öpjek boldy, ýöne başa barmady. Leýli birden oň gözine iki sany gyz bolup göründi. Onsoň Rahman näçe synanşsada, oň dodaklary şol iki gyzyň arasyna düşýärdi, bir näçe synanşykdan soň Rahman öz ymtylmalaryny taşlady. Näme üçindir Rahman hiç zat içmesede, ol eýýäm bir çüýşe arak içen ýalydy? Ol öňler bir gezek şeýle bolup görüpdi. Arakly meýlisleriň birinde hiç zat içmän oturypdy. Şol gün Rahman özüni edil içgili ýaly alyp baryp başlapdy. Rahmanyň pikirine görä, oň daş töweregindäki adamlaryň ruhy ýagdaýy oňa hem täsir edýärdi. Edil şu gün hem şeýle bolupdy. Saçagyň başynda otyran 4 adamyň ruhy ýagdaýy oňa täsir edýärdi, ol bolsa hiç zat içmändi. Diňe şol içilen birje owurt spirt diýmeseň. Ýöne oň hem deň ýary Rahmanyň burnyndan akypdy.
—Rahman seň ýagdaýlaň gowymy, —Çäge saçly ajaýyp aýal Rahmandan sorady. Ol bolsa gijä galman jogap berdi:
—Hiç wagt özümi şeýle bagytly duýmandym. —Rahman Leýliň egnine elini atjak boldy, ýöne boş geçdi we gapdala ýykyldy. Soň ýatan ýerinden sorady:—Hany sizde köne teleskop bardy?
Bu täsin goňşylar öýe öz goşlaryny çeken wagtlarynda olaryň goşlarynyň arasynda köne teleskop görünipdi. Şol teleskop Rahmany diýseň gyzyklandyrypdy, dogrysy Leýli gyzdan soň ikinji nobatda.
—Sen asman bilen gyzyklanýaňmy Rahman? —Bu soragy Ýartygulak beripdi. Ol oglanyň gözleri edil pişigiň gözleri ýaly ýanypdy.
—Hawa gyzyklanýan, —Rahman jogap berdi we ýerinden dikeldi. Bu mowzuk oňa diýseň gyzyklydy. Ol hatda azajyk açylşan ýaly boldy.
—Asmanda näçe sany planeta bar? —Ýartygulak hamala öz söhbetdeşiniň biliimini barlaýan ýaly sorady.
—8 sany, —Rahman jogap berdi.
—Ýok, ýalňyş, olaryň sany 8-den kän, —Gürrüňňe Baýramhan goşuldy.
Onda näçe diýip Rahman sorajak boldy, ýöne ýetişmedi. Oň sözlerini Ýartygulak böldi.
—Rahman, sen Zemine ýetip gelýän gök kameta barada näme bilýäň?
Gök kameta diýileninden Rahmanyň ýatlamalarynda bir zat ýagtylyp gitdi. Ol telewizordanmy bir ýerden gök kameta barada eşdipdi.
—Bu gün howa bulutly, ertir agşam aý aýdyň bolsa biz size şol teleskopda asmandaky gök kametany görkezeris.
Rahman bu öýe ertir agşam hem çagyryljagyna begendi. Ony soňkyy 5 ýyl bäri hiç kim hiç ýerik çagyrmandy. Asla Rahman bu öýe nädip düşdi diýsene? Ol hiç zatdan bihabar sessizje otyrdy we birden gapy kakyldy. Gapyň aňarsynda çäge saçly gyz peýda boldy we Rahmandan kömek sorady. Rahman özünden näme kömegiň talap edilýänine düşinmän çäge saçly gyzyň yzyna düşip gitdi we garşydaky öýde uly bir sandygyň duranyny gördi. Şol sandygy 3 sany oglan ýerinden bytnadyp bilmän durdylar. Şeýle usul bilen Rahman öz täze goňşylary bilen tanyş bolupdy. Sandyk bolsa adatdam daşary ulydy. Ol sandyk bu öýüň gapysyndan sygjak däldi. Bu sandygy öýüň içinde ýygnaýmasaň başga çykalga ýokdy. Ýa-da ikinji düşündiriş sandygyň daşyndan öý gurulupdy. Rahman sandyga seredip ýatlajak boldy, bu öýde öň sandyk bardymy ýa-da ýokdy? Ol bu öýe öňler köp myhman bolupdy. Bu öýde Köke daýza ýaşaýardy. Ol daýza tomuslaryna Moskwa ýaşamaga gidýärdi we öz öýüni 3-4 aý kreýine berýärdi. Köke daýzaň hakyky ady başgady. Bu aýalyň familýasy Prýanikowady, emma goňşylary bu daýza köke daýza diýýärdiler. Ol daýza ikinji janah urşynada gatnaşypdy, Moskwada bir ýerlerde ýene bir kwartirasy bardy. Ana şol daýzaň öýünde şu tomuslyk täsin oglanlar ýerleşipdiler we bir ýerlerden täsin sandyk peýda bolupdy. Ol sandyk tassana bir otagy dolduryp durdy.
Oturanlardan biri ýene bir gezek arak götermegi teklip etdi, emma kim teklip etdi we näme teklip etdi Rahmanyň ýadynda ýokdy. Ol edil hakyky serhoş ýalydy. Ol öz söýýän gyzy barada Leýlä gürrüň beresi gelýärdi. Gyzlaryň bary söýgi barada her tüýsli gürrüňleri gowy görýärlerä, —Rahman pikir edýärdi.
—Men bir gyzy gowy görýän, —Rahman Leýliň gulagyna pyşyrdady we tassana oň üstine ýykylýardy.
Başga oglanlar bolsa Rahmana düşniksiz bir zatlaryň gürrüňini edýärdiler. Olar bir birine fantastiki bir çeper filmi gürrüň berýän bolmaly, sebäbi olaryň gürrüňleri hakykatdan örän daşdady.
—Kim ol gyzyň ady? —Leýli gyzyklandy, diýmek Rahman ýalňyşmady.
—Meňli, —Rahman pyşyrdap jogap berdi.
Saçagyň garşy tarapynda bolsa bir zadyň gyzgyn jedeli gidýärdi. Otyranlaryň özleri hem eýýäm gowja serhoş bolmalydylar. Sebäbi Rahman olaryň deminden eýýäm gowja serhoş bolupdy, ol eýýäm näme gürleýänini bilenokdy.
—Meňli? Näme üçin Meňli? —Leýli ýylgyryp jogap berdi we Rahmany özünden azajyk daşyrak itdi.
—Şu ýerinde meňi bar, —Rahman Leýliň ýüzüne bir ýerik barmagini dürtdi. —Ýöne ol gyz meni söýenok, —Rahman çaltrak dowam etdi.
—Onsoň ol gyz seni söýenokmy? —Leýli duýgydaşlyk bildirip sorady.
Bu gyz gowy aktrisady, ýa-da çyndanam gowy adamdy?
—Ýok, söýenok. Özem durmuşa çykyp aýrlşan, iki sany çagasy bar, —Rahman eli bilen iki sany çagaň boýlaryny görkezjek boldy. Oň gözkezýän boýuna görä çagalar entek mekdep ýaşyna ýetmändiler.
—Iki çagaň bilen seni alaýyn diýdim, ol bolsa ýok diýdi, —Rahmam dowam etdi.
—Kimi alaýyn diýdiň? —Leýli ýylgyryp sorady.
—Şol gyzy, —Rahman jogap berdi.
—Sen öýlenmedik oglan dälmi? Näme üçin iki çagaly gyzy aljak bolýaň? —Leýli sorady.
—O nähili näme üçin, —Rahman birden gaharlandy, soň bolsa pyşyrdap gepini dowam etdi: —Men ony söýýän.
—Bäh, —diýdi Leýli. —Men şol gyzy göresim gelýär. Seň söýgüňe kim beýle mynasyp bolup biler? Dogrymy aýtsam seni azajyk gabanýanam.
Bu gyz dogrysyny aýdýarmy, ýa-da degişýärmi anyk aýdar ýaly däldi. Rahmany ömründe birinji gezek görýän gyzy näme üçin ony gabansyn diýsene? Elbetde ol gyz oýyn oýnap otyran bolmalydy?
—Oglanlar, —Leýli birden seslendi we saçagyň garşy tarapynda otyran 3 sany oglanyň ünsini özine çekdi. Olar öz jedellerini taşladylar. —Men Rahmanyň söýýän gyzyny görip gaýdasym gelýär, siz maňa ýoldaş bolarsyňyzmy?
Rahman utanjyndan ýaňa gyzaryp başlady we nazaryny ýere dikdi.
—Elbetde bolarys, —oglanlar golladylar. —Ýöne ol gyz nirede ýaşaýar?
—Aşgabatda, —Rahman jogap berdi.
—Onda hökman görüp gaýdarys, —Ibragim belledi.
—Duruň duruň, gyz eýýäm ýatandyra, —Rahmanyň birden ýadyna düşdi, sebäbi sagat eýýäm giçdi. Hamala gyz entek ýatmadyk bolsa ony görüp gaýtmak ýerlikli bolaýjak ýaly.
4 sany nätanyş adam bilen ýigrenji Rahman Meňli gyzyň ýanyna ony görmäge barýarlar. Bar zadyň üstine bolsa olaryň bary içgili. Ýöne Rahman üçin şu wagt ol zatlar wajyp däldi. Rahmanyň aňynda başga suratlar janlanýardy. Rahman 4 sany örän üýtgeşik adamlaryň arasynda peýda bolýar. Ony gören gyz hökmän geň galar. Beýle üýtgeşik adamlar Rahman ýaly samsykda bir zat tapan bolsalar, diýmek bu oglanda çyndanam bir zatlar bar? Meň öň gözüme ilmedik bir zat bar. Bu oglan bilen iş çalyşsaň boljak. Rahman çyny bilen bu 4 sany adamlar bilen gyzyň gözüne görünesi gelýärdi, eýsem diňe gyzyň gözüne däl. Ol ähli adamlaryň gözime görünesi gelýärdi. Goňşylaryň, klasdaşlaryň we kursdaşlaryň. Iň soňunda bolsa öz ejesiniň.
—Gyzyň ýatanynyň zyýany ýok, gyzlary synlajak bolsaň olary diňe ýatan wagtlary synlamaly, galan wagt olara sereder ýaly däl, —bu sözleri Baýramhan aýtdy.
Rahman geň galyp ol oglanyň agzyndan çykýan her bir söze seretdi. Ýöne näme üçin gyzlary diňe ýatan wagtlary synlamalydygy barada sorag oň kellesinde döremedi. Ýogsa ol tersiräk bir zat eşidenini aňýardy. Soň Rahman ýerinden yranyp diwardan ýapyşyp dik durdy. Leýli gyz oň gapdalynda oturdy. Rahman ýykyljak bolan wagty diwardan ýapyşman Leýliň saçlaryndan ýapyşdy. Ony özine tarap gysdy, ýa-da gyzyň özi gysyldy, şu wagt hiç kimiň anyk ýadynda ýok. Leýli gyz gaty görmedi, saçagyň garşy tarapynda otyran oglanlar hem hiç zat gürlemediler, ýa-da olar hiç zat görmediler?
—Men häzir eşigimi çalşaýyn onsoň Meňlilere gidýäs, —Rahman gygyrdy we gapa tarap ýörejek boldy.
—Nämäň eşigi Rahman, —Ibragym seslendi, —Biz toýa baramzok. Gapyň bärsinden jyklap yzymyza gaýdýarys.
Şeýle sözler bilen Ibragym ellerini kagyz salfetga bilen süpürip saçagyň başyndan turdy. Oň yzy bilen iki sany oglan bilen Leýli gyz hem ýerlerinden turdylar. Geň ýeri olaryň bary arassa spirt içselerem, Rahmana görä hiç zat içmedik ýaly bolup görünýärdiler. Rahmanyň bolşy welin 1 litr arak içen ýalydy. Ertesi gün bolan zatlary sorasaň Rahmanyň aýdyp biljegi belli däldi. Leýli gyz Rahmanyň goltygyna girdi we olar öýden çykdylar. Özem Hudaý iň birinji aýaly erkegiň haýsy tarapyndan ýaradan bolsa, Leýli hem şol tarapdan Rahmana direg boldy. Öýden çykyp Rahman öz gapysyny bir iki gezek çekip gördi, bolsada ol öz öýini gulplapdy. Soň kisesine elini sokup öýüň açaryny barlady. Açar öz bolmaly ýerinde bolup çykdy. Diýmek bar zat gowy, indi Meňlilere gitseň bolýar. Ýöne gijäň ýary nämede gitjek diýsene? Rahmam yranyp zordan daşaryk çykdy, tomusyň mylaýym şemaly serhoş adama ýaramaz täsir edýärdi, Rahmanyň ýüregi bulanyp başlady, näme diýseňem ol örän köp arak içen ýalydy, emma ol hiç zat içmedigini anyk bilýärdi. Rahman gapdala geçip başyny aşak egip bir gezek gaýtarjak boldy, ýöne başa barmady. Oň gapdalyndan geçip barýan Leýli gyz oň arkasyny syplady we Rahmanyň derdi şol ýada ýeňledi. Rahman başyny agldyrdy. Daş töwerekde olaryň özünden başga janly jemende ýokdy. Penjireleriň hiç birinde yşyk ýokdy. Adamlar bir eýýäm ýatypdylar. Ibragim diýilýän oglan jaýyň öňünde suran maşynlary synlaýardy, hamala olaryň arasyndan öz maşynyny tapyp bilmeýän ýaly. Iň soňunda Ibragim bir maşynda öz nazaryny egledi. Ol Rahmanyň goňşylarynyň biriniň maşyny bolup çykdy.
—Ýartygulak, şol maşyny aç, —Ibragim buýruk berdi.
Ýartugulak diýilýän oglan plany goňşyň maşynynyň ýanyna baryp oň gapysyny bir zatlar edip açdy. Oň ussatlygyna geň galaýmakdan başga çäre galmandy.
—Men siziň kimdigiňize düşündim, —Rahman seslendi, özi bolsa zordan aýak üstinde durýardy, —soz öý ýarýan talaňçylar.
—Leýli, rola sen geç, Rahman seň öňüne mün, Leýlä ýol görkezersiň, biz bolsa maşynyň yzyna müneris.
Rahman Leýliň ýanynda otyryp gitjegine begendi, galybersede oňa maşynyň öňünden ýer berilmegi juda uly sulag-hormatdan nyşandy.
—Meňli ýatmadyk bolsa bolýar, oň ýaşaýan jaýynyň ýanyna baryp tä öýünden çykynça maşynyň signalyna basarys, goý ol gyz men maşynyň öňünde oturanymy görsün, —Rahman kikirdäp gülip şeýle sözleri aýtdy.
—Nirä öwürmeli? —Leýli sorady, nähili geň bolsada maşyn eýýäm ýola düşüpdi. Oň haçan ugranyny Rahman bilenokdy. Ol ýapýaňja oturguja syrtyny goýyp ýetişen ýalydy.
—Çepe al, —Rahman öňündäki çatryga çiňňerilip zordan öz şäherini tanady. Şäher bir tüýsli geňdi, ol hamala hakyky däl ýalydy. —Indi saga al, —Rahman yzyny goşdy.
Ol barmaly raýony aýtjak boldy, ýöne hiç dili aýlanmady. Onsoňam maşyn oň bir tüýsli ýüregini bulady. Sebäbi bu maşyn örän ýumşakdy, ol hamala ýerinden bytnamadyk ýalydy. Aýnaň daşynda edil kino lenta ýaly suratlaryny çalşýan şäher, täsin bir aldawa meňzeýärdi. Iň soňynda Rahmanyň ýüregi çyndanam bulandy, ol maşynyň aýnasynu aşak düşürip, kellesini çykaryp bir iki gezek gaýtardy. Leýli gyz oň arkasyny sypalap bir zatlar pyşyrdady. Maşynyň yzky oturgujynda üç sany oglan dynman bir zatlaryň dawwasyny edýärdiler. Olar Leýli we Rahman bilen hiç hili işleri ýokdylar. Asla olaryň barylýan ýer bilen hem işleri ýokdy
Rahman Zulfikarow © 2022 |
Rahman Zülfikarow (Powest)
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Ol barmaly raýony aýtjak boldy, ýöne hiç dili aýlanmady. Onsoňam maşyn oň bir tüýsli ýüregini bulady. Sebäbi bu maşyn örän ýumşakdy, ol hamala ýerinden bytnamadyk ýalydy. Aýnaň daşynda edil kino lenta ýaly suratlaryny çalşýan şäher, täsin bir aldawa meňzeýärdi. Iň soňynda Rahmanyň ýüregi çyndanam bulandy, ol maşynyň aýnasynu aşak düşürip, kellesini çykaryp bir iki gezek gaýtardy. Leýli gyz oň arkasyny sypalap bir zatlar pyşyrdady. Maşynyň yzky oturgujynda üç sany oglan dynman bir zatlaryň dawwasyny edýärdiler. Olar Leýli we Rahman bilen hiç hili işleri ýokdylar. Asla olaryň barylýan ýer bilen hem işleri ýokdylar.
Bir iki gezek gowja gaýtaryp Rahman özine geldi, oň gözlerinden ýaş akýardy, derdi azajyk yza tesipdi. Maşyn ýokary tizlik bilen barýanyna garamazdan, Rahmanyň ýüzüne hiç hili şemal çalanokdyň. Olar hamala swetaforda duran ýalydy. Rahman daş töweregine göz aýlap maşynyň çyndanam duranyna göz ýetirdi, ýöne oň çaklaýşy ýaly swetaforda bir ýerde däldi, edil Rahmanlaryň ýaşaýan jaýynyň gabadynda. Has takyk aýdaňda ol maşyn entek ýerindenem bytnamandyr.
—Bir minut duryň, bolýan zatlary kim maňa düşündirip biljek? —Rahman şeýle sözler bilen kellesini yzyna ýygnady we Leýlä seretdi.
Leýli bolsa hamala hiç zat bolmadyk ýaly daýaw maşyny dolandyryp barýardy. Gyzyň ýagdaýy düşniklidi, sebäbi gyzyň tarspyndaky aýnady bar zat bolmalsy ýalydy. Merner şäher öz suratlaryny gezekli gezegine çalşýardy. Hana mermer bina yzda galdy. Köçäň gapdalynda ekilen arça agaçlar. Rahman öz öňüne seretdi, öňki aýna hem bolmaly zatlary görkezýärdi.
—Çatrykdan nirä öwürleýin? —Leýli sorady
—Saga öwrül, —Rahman jogap berdi, olar eýýäm Meňlileriň köçesine ýetip barýardylar.
Rahmanyň özi bolsa ýene bir gezek gapdalyndaky aýnadan daşyna seretdi. Öň gözine öz ýaşaýan jaýy ildi. Maşynyň sag aýnasyna seretseň, maşyn şol duran ýerinde ýalydy. Kime ynanjagyna bilmen Rahman öz tarapyndaky aýnany galdyrdy we bar zat düzeldi. Aýna görkezmeli zatlary görkezip başlady. Has takygy ol ýerde Ýunus-Emre köçe peýda bolupdy. Rahman bir bada iki hakykatdan haýsysyny saýlajagyny bilmän ikirjeňlenip durdy. Soň bolsa Meňlileriň öýine eltip barýan hakykaty saýlady we dogry hereket edenine begendi.
Dowamy bar…
-
Ahmedik_97
2 years ago
- Aralygynda kopýalanman galan ýeri bar eken, sorry!
sapalybegenjow000000 2 years ago- Ahmet dowamy barmy?