ABŞ "Eýran hökümedine hyzmat edýän hakerler"hakynda maglumat berene 10 million dollar wada etdi. Olar ABŞda 2020 ýylda bolup geçen prezident saýlawuna täsir etmekçi boldular,diýip habar berýär döwlet departamenti.
"10 million dollar baýrak belgilendi. Bu hakerler 2020 ýylda ABŞda bolup geçen saýlawa täsir etmek üçin Eýran hökümedine işlän", - diýilýär döwlet departamentiniň Twitter arkaly ýaýradan habarynda.

Habarda eýranly Saýid Husaýniý Kozimiý we Sahhad Kaşiýoni dagylaryň fotosuratlary goýulan.

"Kozimiý bilen Kaşiýoniý Eýranyň 2020 ýylky prezident saýlawyna gönükdirilen kiberhüjümine gatnaşan", - diýilýar habarda.

Mundan öň ABŞ maliýe ministrligi Eýranyň Emennet Pasargad kompaniýasyna we onuň alty sany işgärine sanksiýa girizipdi.


*Eýrana gaty köp basyş edýä şu Amerika. Bar belaň körügi atom ýaragam,adam hukuklaram, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmagam,terroristlere kömek etmegem däl-de Rossiýa bilen arasynyň sazlygy. Bar arzuwy Eýranyňam üstünden kontroly ýola goýmak. Köp adam Eýran strategik tarapdan daýaw ýurt,şoň üçin milt edip bilenok girmage diýäler. Ýöne Amerika Eýranyň özünden däl-de arkasynda duranlardan çekinýä. Onuň arkasynda bolsa Rossiýa bilen Hytaý dur.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir