Nesin Eziz-türk ýazyjysy

Medisina fakultetini gutaranymdan birnäçe hepde geçenden soň,tanyşlarymyň biriniň oturylyşygynda, men Aýten atly gyz bilen tanyşdym. Onuň garaýyşlary şol bada meniň ünsümi özüne çekdi. Menem oňa ýaradym öýdýän. Biziň tanyşlygymyz, göýä bir bäsleşikli oýun ýalydy. Ýöne soňra biziň duşuşyklarymyz dowam edip, ikimizem biri -birimize bolan gatnaşygymyzy kesgitläp bilmedik. Bilmedim-dä, bu nämedi: ýöne bir wagtlaýynça duşuşmakmy ýa-da söýgi? Soň bir gün ýene-de şol tanşymyň öýünde oturylyşyga ýygnandyk. Içen çakyrymdan meniň birneme başym aýlandy. Aýteniňem keýpi çagdy. Biz bile tans etdik.
-Aýten, maňa durmuşa çykarmyň?- diýip, men oňa söz aýtdym.
Aýten şol bada gülmesini goýdy-da, birneme gyzaryp, meniň gözlerime dikanlap seretdi.
-Men seniň göwnüňe degerlik hiç zat diýmedim-ä. Islemeseň meniň sözümi ret edip bilersiň.
Biz daşaryk çykyp, sekä ýaplanyp durduk.
-Men näme diýip seniň göwnüňe degdim? - diýip anyklasym geldi.
-Sen meniň maşgalamy bilýämiň? –diýip, ol sorady.
-Ýok...
-Sen bilýärmiň meniň kakam kim?
-Ýok.
Göwnüme bolmasa ol maňa ynanmaýan ýalydy.
-Seniň çynyň gerek? – diýip, ol ynanmazlyk edip sorady.
-Elbetde, çynym.
Soňra özümem şu çaka çenli onuň haýsy maşgaladandygyny bilmändigime geň galdym.
Ertesi onuň maşgalasy barada maglumat toplap başladym. Haçan-da onuň kakasynyň adyny tutanlarynda men aljyrap, gorkup başladym. Görüp otursam, Aýten öz döwründe dünýä belli, meşhurlyk gazanan, diýeni bitýän, hormatlanýan we taryhda yz galdyran adamyň gyzy eken. Eger-de men onuň şeýle beýik, tüçjar baýyň gyzydygyny bilen bolsam, ölsem ölerdim welin,
emma söz aýtmazdym. Abraýly tirelerden bolan ýaş ýigitler onuň daşynda perwana bolan ekenler. Emma Aýten olaryň sözlerini almandyr, çünki olar onuň maşgalasynyň abraýyndan peýdalanmak, kakasynyň baýlygyna şärik bolmak isleýändiklerine göz ýetiripdir.Haçan-da bulary bilenimde, meni lapykeçlik gaplap aldy. Dogry, men Aýteni söýýärin, emma indi men oňa öýlenmeg-ä beýlede dursun, öýlenmegiň
pikirini hem kellämden aýryp taşlamaly. Eger-de onuň ene-atasy biziň nikamyza razyçylyk berse-de, barybir hemmeler maňa şol barly öýe sokuljak bolupsyň- diýip pikir ederler.
Men indi Aýtenden gaçyp başladym, oňa sataşmagym mümkin
bolan ýerlere barmaýardym. Ol maňa birnäçe gezek sataşmagymyzy sorasada, men barmazlyga dürli bahanalar tapardym. Ýöne näçe jan etsemem,
Aýteni huşumdan aýryp bilmeýärdim. Ahyry meni onuň bilen duşuran
ýerlerden - Stambuldan has uzagrak ýere gitmegi, ordinaturadan(.....) ýüz
öwrüp, harby gulluga gitmegi karar etdim.Haçan-da men uzak ýola gitmek
üçin goşlarymy düwüp durkam, otagyma ejem girip maňa:
-Seni bir gyz-a soraýar – diýdi.
Meniň öňümde Aýten durdy. Men gözlerime ynanmadym.Aýten indi
menden göz ýaşlaryny gizläp duranokdy...
-Eger-de sen meni hakykatdanam söýýän bolsaň, onda gel, durmuş guraly diýdi. – Men seniň bilen islän ýeriňe gitmäge taýýar. Sen haçan
gulluga gidýäň? Meni ýanyň bilen alyp git. Çet gyrak şäherjikleriň birinde, meniň tohum-tijimden, kakamyň tutumly adyndan uzakda ýerleşeris. Öz durmuşymyzy özümiz gurarys...
Men bu sözleriň lälik ösen baý gyzynyň başy göçgün halda aýdýan sözleridigini bilýärdim. Men oňa onuň endik eden durmuşyny ýeterlik
derejede üpjün edip biljek däldim. Şonuň üçinem biziň bagtymyz dowamlybolup biljek däldi. Emma men ony, gör, nähili söýýärin... Onuň ellerini
ellerimde gysdym-da, pyşyrdap:
-Söýýärin... – diýdim.
Hiç kime aýtman biz kanun esasynda nikalaşdyk.... Aýten meniň bilen durmuşyň ähli agyr-ýeňlini deň çekişdi. Meniň gorkularym puç bolup çykdy.
Emma...
Meniň betbagtlygym nika gününden başlandy. Nika dabarasynda bolmalysy ýaly, biz şaýat hökmünde iki sany dostumyzy çagyrdyk, diňe
ikisini. Başga hiç kime aýtmadyk. Gaýynatam meniň pikir edişimden has düşbi eken. Nikalaşjakdygymyzy eşiden kakasy, ony edil şeýle bir bolaýmaly ýaly kabul etdi, emma Aýteniň ejesi birazyrak kine etdi.
Haçanda biz nika kitabyna gol çekýärkäk, birdenem suratçylaryň apparatlarynyň çyrasy ýalpyldap gitdi. Bu gazet habarçylary bizi surata
düşürýän ekenler. Görüpotursak olar biziň toýmuz hakynda ysyrganyp bilipdirler. Köçä çykyp- çykmankak, bizi gutlaýanlar gurşap aldylar. Haýsydyr bir furažkaly adam ýygnananlara ýüzlenip:
-Aýten hanymyň ýanýoldaşy kim? – diýip meni gözleýärdi. Biz çaltlyk bilen garaşyp duran taksimize tarap ugradyk.
Yzymyzdan bilesigelijileriň birnäçesiniň meni görkezip, men barada bir zatlar soraýandyklaryny eşitdim. Furažkaly adam ýanyma aralap geldi-de:
-Mümtez beg öz awtoulagyny goýberdi, men onuň sürüjisi. Men hem maşynymyz siziň doly ygtyýaryňyzda.
-Minnetdar, bize gerek däl...-diýip,onuň sözlerini böldüm-de, taksa tarap ýöneldik.
Men yzymdan: “Aýteniň äri”, “Aýteniň äri şu” diýen pyşyrdynyň ýeňsämden süýrenip gelýänini aňdym. Aýratynam, birinji söze basym berýärdiler.Mümtez beg diýýänleri – baryp ýatan ýaranjaň -diýip, aýalym taksa münenden soň aýtdy. Meniň çytyk ýüzlerime seredip, ol dowam etdi:
-Üns berme, tizara biz bu ýerlerden has uzaga, bizi hiç kimiň tanamaýan ýerlerine gideris.
Ertesi gazetlerde biziň toýmuz barada habarlar, suratlarymyz çykdy. Dünýewi jemgyýetiň gybatçylaram bu waka barada dymyp durmadylar. Ýekeje gazetjagazam meniň ene-atamyň goýan adyny tutmaýardylar. Olar
üçin men “Hanym Aýteniň äri”, “Hanym Aýteniň äri hakykatdanam görmegeý, ýaş ýigit”, “Hanym Aýteniň äri özüniň gelşikliligi, görmegeýligi
bilen öz giren öýüne mynasypdygyny subut etdi”,“Hanym Aýtene we hanym Aýteniň ärine durmuşlarynda bagt arzuw edýäris!”.
Biz öýmüze göçüp gelenimizden birnäçe gün geçen soň, günleriň birinde irden ejem maňa:
-Oglum, dogrusyny aýtsam, seniň gelniňiň şeýle gowy çykjagyna başda hiç ynanmandym. Ol biziň garyp günümize gelenden öwrenişip gidiberdi. Ýöne...
-Näme ýöne...
-Biziň maşgalamyz ata-baba şu kwartalda ýaşap gelýär we bizi öz adymyz bilen tanaýarlar, a indi..., seniň toýuňdan soň bolsa, goňşular maňa “Aýteniň gaýynenesi” diýýärler.
-Bu gürrüňleriň barysy wagty bilen düzelşer, eje! – diýip, bu ýakymsyz gürrüňi tamam etmek isledim. Gulluga gitmeklik meni halas eder diýip pikir edýärdim. Serhetýaka şäherjikleriň birine harby lukmany goýbermeli boldular. Men eýýäm gitmäge taýýarlanýardym, birdenem meni şu ýerde – uly harby keselhanada galdyrmaly diýlip buýruk gelipdir. Bularyň bary meniň “Hanym
Aýteniň äridigim” sebäplidi. Men gaýynatama ýazan hatlarymyň birinde, harby keselhanada gulluk etmekligiň maňa o diýen ýarap barmaýandygyny, onsoňam, bize kömek etjek diýip, alada galyp ýörmäň, goý, hemme zat
bolmalysy ýaly bolubersin- diýip haýyşt etdim. Gaýynatam maňa örän göwnejaý sözler bilen jogap ýazypdyr: ýagny meniň hereketlerimiň
göwnünden turýandygyny, hiç kimdenem meni uly harby keselhanada galdyrmaly diýip haýyşt etmändigini, ýöne zerur bolsa aýtmaly adamlara
aýdyp biljekdigini we meni dessine uzak harby bölümleriň birine geçirerler diýip ýazypdyr. Elbetde, maňa bu zerur däldi. Meniň gulluk edýän uly harby keselhanamda men, elbetde, “Aýteniň äri” at bilen tanalýardym. Hemmeler meniň bilen tanyşmak isleýärdiler. Şepagat uýalary, bimarlar meniň yzymdan “Ana,Aýteniň äri şol!...”- diýşip, hemem, bu maňa ýaraýandyr öýdüp,
sözlerini maňa ýetirjek bolup jan edýärdiler.
Harby gullukdan gaýdanymdan soň, Aýten maňa hünärimi kämilleşdirmek üçin Ýewropa gitmekligimi maslahat berdi. Meniň özümem
muny isläp ýördüm weli, ýöne oňa: “Eger-de Ýewropa gitsem, hemmeler meni seniň kakaň aladasy bilen goýberlendir öýderler. Men hiç ýere-de gitmerin, biz uzak etraplaryň birine gideris” diýdim.

Edebiýat, Tiko tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir