1. Täze ýylda arça bezemek däbi XVII asyryň başynda başlaýar. Şol wagtlar Fransiýada arçany bägül,reňkli kagyzlar,alma,peçenýe we gant bilen bezäpdirler.
2. 1 ýanwar güni Täze ýyly bellemek 1700 ýyly Rossiýa imperatory Pýotr l permanyna görä däbe öwrülen. Muňa çenli gadymy Rusda täze ýyl 1 sentýabrda bellenýän eken.
3. Gadymy Rimde täze ýyl baýramy mart aýynda bellenipdir. Şol aýda meýdan işleri hem janlanyp başlapdyr. Eramyzdan öňki 46 ýyly Rim imperatory Ýuliý Sezar Täze ýyl baýramyny 1 ýanwara geçirmeklik hakynda buýruk beripdir.
4. Eskimoslar täze ýyly ýere birinji gar düşen güni belleýärler.
5. Kubada Täze ýylda öýdäki hemme gaplar suwdan doldurylýar. Täze ýyl gijesi olary ýaltanmazdan köçelere sepip çykýarlar. Şeýle edilse ähli günäler ýuwulyp gidýär, täze ýyly günälerden saplanyp başlarys diýip hasaplaýarlar. Bu ýurtda täze ýyl Karollar güni diýlip atlandyrylýar.
6. Gresiýada öý eýesi täze ýyl gijesi eline nar alyp öýüniň diwaryna bat bilen urýar. Olar dürli tarapa zyňylyp giden nar däneleri şowlulyk getirýär diýip ynanýarlar.
7. Italiýada bolsa täze ýyl gijesi köne egin-eşik,goş-golam,mebel,garaz näme zat bolsa hemmesini köçä zyňýarlar. Italýanlar köçä näçe köp köne zat taşlansa,täze ýyl şonça köp baýlyk alyp gelýär diýip hasaplaýarlar.
8. Efiýopiýada täze ýyly 11 sentýabrda belleýärler.
9. 1843 ýyl Londonda ilkinji gezek täze ýyl otkrytkasy çap edilýär. Şondan bäri adamlar her täze ýylda bir-birlerine otkrytka sowgat edýärler.
10. Rus halk ertekilerinde Aýaz babany dürli atlar bilen atlandyrýarlar. Olar «Мороз Иванович», «Мороз Красный нос», «Зимник», «Дед Трескун» .
11. Wetnamda täze ýyly «Тет» diýip atlandyrýarlar.
12. Orta asyrlarda ýewropalylar täze ýyl arçasyny başaşaklygna potologa berkidipdirler.
13. Mikroneziýada her täze ýylda adamlar özüne täze at dakýarlar we bu ady diňe maşgalasyndakylara aýdýarlar. Aýtmaklarna görä, her ýyly oýlap tapylan täze at ýowuz ruhlary ýalňyşdyrýan eken.
14. Gadymy Wawilonda täze ýyl bahar paslyna dogry gelipdir. Şol güni şa özüniň wezir-wekilleri bilen şäheri terk edipdir. Adamlar bolsa arkaýyn köçelere çykyp täze ýyly belläpdirler.
15. Germaniýada Aýaz baba sowgady äpişge tekjesine taşlap gidýär. Şwesiýada bolsa peçkaň içinde goýýar.
*Ýetip gelýän Täze ýylyňyz düşümli bolsun!
****
-
Гость
2 years ago
- Sag bol! Iş bn bagly mesele boldy arada şol sebäpli boş wagtym bolmaz,gelmäge elim degmez öýdüpdim. Tasdanam täze ýyldan binesip edipdiler HORMATLY BAŞLYKLAR
Mister X 2 years ago- Siziñkem dushumli bolsun! Gitmediñmi sen gidyan dp