Kime many, kime maddy baýlyk ol,
Kime abraý, kime ýetmez dokluk ol,
Kimleri ýolundan, kimi ynsapdan,
Ömürlik aýran, gapjyga semizlik ol.

Aýrylmaz kiri ol, gapjygyñ-eliñ,
Dogany ýat edip, senden aýyran,
Doýulmaz, dürli ol, özüñize geliñ,
Abady bibat edip, ilden azdyran.

Kiseler doly, emma boş ýürekler,
Ynsaplydan biynsaby köpeldi,
Pula aç, hem-de söýgä zar gözler,
Ýalançydan doýanlary köp indi.

Kime algy, kime üzülmez bergi,
Kime agy, belki gutarmaz derdi,
Haryt deýin adama kesildi baha,
Ynsanyýet dünýede kemeldi barha...

15.10.2018.ýyl
Sagat: 2:18
Garlyýew Akmyrat Şyhmuradowiç

Edebiýat, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir