salam! gadyrly agzalar. şu gün size teke polkunyň 1-nji jahan urşy ýyllarynda gahrymançylykly we pajygaly taryhy hakynda okan gazedimden size ýetirmegi ýüregime düwdüm.uly makala bolansoň bölek-bölek geçirjek. okaň-bekäň.
TEKE POLKY.
-
tatu
13 years ago
- Polka gaýduwsyz türkmen taýpalarynyň biri bolan Teke taýpasynyň ady dakylýar. Käbir çeşmelerde ol Türkmen polky diýibem atlandyrylýar. Goşunçylyga ýigitleri esasan meýletinlik esasynda alnypdyr. Polk düzülýän wagtynda ýigitler öz ýanlary bilen hökman ak telpek, gyrmyzy don we ak atkeçe getirmeli edilipdir. Bulardan başga-da ilat polk üçin saýlama ahal-teke atlaryny beripdir. Bu işler örän tiz wagtyň içinde edilipdir. Muňa Ak patyşanyň (Nikolaý 2) türkmenlere bildiren minnetdarlygy hem şaýatlyk edýär. Bu barada Türküstan general-gubernatorynyň 1915-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran kararynda aýdylýar. Onda şeýle diýilýär: “Meniň 1914-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky № 1287 telegrammamda aýdylýan türkmen atly polky döredilýän mahaly Merw, Tejen we Aşgabat uezdleriniň türkmenleri saýlama ahal-teke atlaryny tabşyrdylar, atlylary doly ýaraglandyrmak üçin 60 müň manat (patyşa döwründe örän uly summa) pul berdiler. Bu bolsa täze döredilýän bölümleri ýokary derejede hereket etmäge, olary egin-eşik bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Harby ministriň maňa iberen dokladynda aýdylşy ýaly onuň Aly Hezretleri Ak patyşa “türkmenlere ýürekden minnetdar” diýip öz goly bilen ýazypdyr. Harby ministr hem: “ady agzalan uezdleriň türkmenlerini özlerine Patyşanyň şeýle üns berenligi bilen gutlamak biziň üçin bagtdyr” diýip ýazypdyr…”
Polky hemme taraplaýyn üpjün etmek üçin ilat köp mukdarda pul we beýleki serişdeleri ýygnapdyr. Mysal üçin aşgabatlylar 400m., 3-nji Gökdepe obasy 50manat, gypjaklylar 75manat, gökjeliler 75manat, büzmeýinliler 65manat 79köpük, Ýasmansalyk obasynyň eminleri iki sany türkmen pyçagyny, gylyç we 50manat tabşyrypdyrlar. Şeýle mysallar näçe diýseň bar.
(Häzirki zaman okyjysyna ýokardaky pullaryň summasynyň juda az bolup görünýän bolmagam mümkin. Emma Ak patyşanyň şol döwürdäki gara köpügine-de örän käp zat satyn alyp bolýandygyny göz öňüne tutsak, onda ýokardaky 50-75 manat pullar orsuň şu wagtky pulunyň ummasyz mukdaryna barabardyr).
-
tatu
13 years ago
- Teke polky 1914-nji ýylyň haýsy aýynda fronta iberilendigi heniz belli däl. Ýöne uruş başlap köp wagt geçmänkä olar fronta ugradylypdyr diýip çaklamak mümkin.
Teke polky Günorta-Günbatar frontynda 3-nji atly korpusyň hatarynda Awstro-wenger goşunlarynyň garşysyna söweşe giripdirler. Käbir arhiw çeşmelerinde Teke polky kawkazlylardan durýan “Wagşy” diwiziýanyň (osetin, kabardin, inguş, dagystan, çerkes, çeçen, we tatar polklary) hatarynda bolanlygy görkezilýär. Emma “Wagşy” diwiziýa barada gürrüň berýän edebiýatlarda Teke polky barada düýbünden agzalmaýar. Emma köp rus taryhy edebiýatlarynda name üçindir Teke polkyny “Wagşy” diwiziýa bilen deňeşdiripdirler. Şonda awtorlar “Teke polkunyň söweşjeňligi we gaýratlylygy biziň dagly kawkazlylarymyzdan örän köp ýokarda durýar” diýip belläpdirler. Eger şeýle deňeşdirmeler edilýän bolsa göwnüňe bolmasa “Wagşy” diwiziýa-da, Teke polky-da bir ýerde söweşen ýaly bolup dur. Üstesine-de 1937-nji ýylda atylan Ata Myradowyň terjimehalynda onuň “Wagşy” diwiziýada gulluk edenligi görkezilýär.
1915-nji ýylda türkmenlerden ýene-de bir diwizion urşa ugardylýar. Belki şol “Wagşy” diwiziýanyň tatar polkunyň sostawynda söweşendir?!
Teke polkunyň uly ofiserleri esasan ruslardan, kiçileri bolsa türkmenlerden ybarat bolupdyr. Biz patyşa häkimiýetleri ýerli halkdan bolan ofiserlere ynamsyzlyk bilen garapdyrlar, olara uly goşun birikmelerini ynanmandyrlar diýen köne pikirden ugur almaýarys. Sebäbi şol döwürler ýaş türkmen ofiserleri ýaňy ýüze çykyp ugrapdylar. Emma olaryň harby çinleri tiz-tizden ýokary galypdyr. Meselem urşa 1914-nji ýylda poruçik (leýtenant) çininde giden Seýitmyrat Öwezbaýew 1917-nji ýylda podpolkowniklige ýetipdir.
Awstro-Wengriýadaky, Germaniýadaky, Polşadaky bolan söweşlerde türkmen ýigitleri gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgalaryny görkezipdirler. Hüjüm wagtlary frontyň ol ýa-da beýleki uçastoklarynda başy silkme telpekli, gyrmyzy donly, egri gylyçly türkmenleriň peýda bolmagy garşydaş tarapyň esgerleriniň arasynda uly aljyraňňylyk döredipdir. Hemişe uruş görüp ýören Awstro-Wengriýanyň we Germaniýanyň ýerli ilaty bu äpet telpekli, täsin eşikli, heniz görülmedik esgerleri görüp, obalaryny taşlap, gaçyp gidipdirler. Ýöne bir täsin ýeri olar parahat oturan ilata birjikde azar bermändirler. Bu biziň gep owadanlamak üçin toslap tapan zadymyz däl. Bu barada hut rus awtorlarynyň özleri ýazypdyrlar. Elbetde olaryň ýazgylarynda käbir kesä çekmeklik, göwniýetmezçilik hem ýok däl. Bu esasan bolşewistik edebiýatda şeýle. Ýöne rus patyşasynyň generallary, polkownikler we ýönekeý ofiserleri olara aýratyn hormat bilen garapdyrlar. Olar barada aladalanypdyrlar. Polkuň komandiri polkownik Drozdowskiý öz ýigitleriniň psihologiýasyny alyp baryşlaryny, iýgi-içgilerini öwrenipdir. Aşgabada hat ýazanynda ýerli häkimiýetden öz ýigitleri üçin gök çaý, nabat iberip durmaklaryny sorapdyr. Olara Zakaspi oblast ýol uprawleniýesiniň aýallar komiteti 2put 25funt gök çaý we 2put nabat iberipdir.
-
tatu
13 years ago
- 1915-1916-njy ýyllaryň söweş kompaniýalarynda türkmen ýigitleri uly söweş operasiýalaryna gatnaşypdyrlar. Duşmana garşy söweşlerde aýratyn tapawutlanany üçin polkuň ofiserleriniň biri Seýitmyrat Öwezbaýew 1916-njy ýylyň fewralynda 3-nji derejeli “Keramatly Anna” ordeni, gylyç bilen sylaglanypdyr.
Polkuň esgerleriniň biri Döwlet Nurmyrat öýlerine ýazan hatlarynyň birinde bir topar duşmany ýok edendiklerini, olaryň toplaryny, baýdagyny olja alandyklaryny ýazypdyr. Hatynyň bir ýerinde bolsa duşmanyň üstüne edil toýa giden ýaly bolup gidýäris diýip belläpdir. Muny rus awtorlary hem belläpdirler. Sebäbi söweşe olar ykjam taýýarlanypdyrlar. Olaryň milli aýratynlyklaryny bellemek bilen birr us awtory “türkmenler hiç haçan soldat gazanlaryndan iýmitlenmeýärler. Özlerine berilýän aýlyk haklaryna olar ýerli ilatdan azyk satyn alyp, özleri taýýarlap iýýärler. Olar edil dogan ýaly. Diňe biri-birine gulak asýarlar, ynanýarlar. Olar söweşe edil toýa giden ýaly bolup gidýärler” diýip belläpdir.
Teke polkunyň gaýduwsyz atlylarynyň söweş edermenliklerine güwä geçýän faktlar başga-da az däl. Söweşe girenlerine köp wagt geçmese-de, eýýäm 1915-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli polkuň esgerleriniň 67-si Georgiý hajyna mynasyp bolupdyr. Aşgabat uezdiniň Gypjak obasyndan Daňatar Artykow has hem tapawutlanypdyr. Ol ilki Georgiý hajynyň 4-nji derejelisine, soňam 2-nji derejelisine mynasyp bolupdyr. Ýöne uruş- uruş bolýar. Ady gazalan dowre çenli polkdan 40-a golaý adam ýaralanypdyr we öldürilipdir. Oraz serdaryň hatyndan mälim bolşy ýaly, türkmen ýigitleriniň kömür tutup ölenleri-de bolupdyr.
-
Djdawid
13 years ago
- okamaga yaltanyan sheydisem kursup nahar iyman oturma son 1. arkancylykda okaryn bomy?!
-
tatu
13 years ago
- Ýaralanan türkmen ýigitleri Russiýanyň iň gowy gospitallarynda bejerilipdir. Rus harby wraçlary bu kiçigöwünli, mylaýym, ýöne örän dogumly sähraýy ýigitlere aýratyn eserdeňlik bilen seredipdirler. Sözümiz gury bolmaz ýaly söweşde ýaradar bolan ýigitleriň birnäçesiniň adyny getirmegi makul bildik. Olardan köşüli Annaoraz Hojamämmet ogly, büzmeýinli Gurbanmuhammet Aba ogly, ýasmansalykly Şir Meret ogly, şorgalaly Orazguly Gapbar ogly, herrikgalaly Myrat Ata ogly, gorjawly Ata Öde ogly, aşgabatly Momma Annaberdi ogly we başgalary görkezmek bolar.
Olaryň has agyr ýaralylary 6 aýlyk öýlerine rugsada-da göýberilipdir.
1916-njy ýyl… Ol Türkmenistanda “päleçilik” ady bilen taryha girdi. Ol ýyl Jüneýit hanyň Hywada, Eziz hanyň Tejende, Baba Gylyjyň bolsa Etrek-Gürgendäki halk gozgalaňy bilen baglanyşykly.
Türküstanyň general-gubernatory Kuropatkiniň Russiýanyň harby ministriniň adyna ýazylan dokladynda aýdylyşy ýaly türkmenler pul berip päleçilikden galmak isläpdirler. Sebäbi “asly esger bolan batyr adamlar elleri kätmenli we külüňli işlemäge mynasyp däldir” diýipdirler. Haçanda olara, päleçilige alnan adamlar frontyň tylynda gorag we garawulçylyk işlerinde peýdalanyljakdygy aýdylandan soň Ahalyň we Marynyň ilaty päleçilige adam beripdirler.
Tiz wagtdan dünýäni sarsdyran Fewral we Oktýabr rewelýusiýalarynyň ýyly -1917-nji ýyl ýetip gelýär. Bir tarapdan Jahan urşunyň, beýleki bir tarapdan bolsa rewolýusion wakalaryň girdabyna düşen Russiýa kem-kemden uly heläkçilige tarap süýşüp ugraýar. Şeýle çylşyrymly döwürde bir topar rus generallary goşunda we ýurtda tertip-düzgüni ýola goýmak we möwrütini ötüren monarhiýany dikeltmek üçin dürli hereketlere ýüz urup ugraýarlar. Şol generallaryň biri hem Lawr Georgiýewiç Kornilowdyr.
1917-nji ýylyň 19-njy iýulynda Wagtlaýyn hökümetiň başlygy Kereniskiý Kornilowy rus goşunlarynyň Ýokary Baş komanduýuşşiligine belleýär. Şol pursatdan beýläk hem onuň ykbaly Teke polkunyň ykbaly bilen aýrylmaz bagly bolýar.
-
tatu
13 years ago
- Dowamy bar... ony soň bir gün ýazaryn. sabyr edip okanyňyz üçin sag boluň. her bir millet öz taryhy bilen gyzyklanmalymyka diýýän. geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz - diýýär türkmen aga.
-
Akiyevbegench
13 years ago
- Sag bol dos. Taňry ýalkasyn!
-
tatu
13 years ago
- muhammet ymmatyn bile ýalkasyn. sizdenem şunyň ýaly taryhy wakalar ýazmagyňyza garaşýan.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- капитана А. Брагина:
Слава вам, текинские джигиты,
Вы России гордость сберегли.
Подвиг ваш отныне знаменитый
Вспомнит летопись родной земли.
tatu 13 years ago- 70 ýylyň içinde taryhymyz näçe gezek üýtgedilip ýazyldy. Her gezekde-de täze-täze wakalar, faktlar, adam atlary ýüze çykaryldy. Ýöne, taryh umman ýaly giň zat bolýar eken. Eşitmedik adam atlarymyz, wakalarymyz şol çykyp dur, çykyp dur…
Ýöne şu gürrüňini etjek taryhymyz (oňa taryhy waka diýmek mümkin däl. Çünki onuň özi bir uly taryh) okyjylar-a bilmeýäris welin, taryhçylar-a gaty oýlandyrsa gerek. Sebäbi 1900- 1920-nji ýyllaryň taryhynyň içgin öwrenilendigine (elbetde bolşewizm ruhunda) garamazdan, uly bir taryh – türkmen ýigitleriniň birinji jahan urşy ýyllarynda patyşa goşunlarynyň hatarynda durup Germaniýanyň, Awstro-Wengriýanyň we olaryň soýuzdaşlarynyň garşysyna alnyp barlan söweşlerde ölmez-ýitmez gahrymançylyklary we olaryň soňraky düşen tragiki günleri bütünleý öwrenilmän galypdyr. Elbette, bu taryhçylaryň günäsi däl. Sebäbi Fewral we Oktýabr rewolýusiýalarynyň aralygynda reaksiýany (bu-da bolşewistik taryh ylmynyň kesgitlemesi) goldap çykyş eden türkmen ýigitleri barada ýazmagyň şol taryhy ýazjaklar üçin nähili howpunyň bolandygyny göz öňüne-de getirmek kyn.
Teke polkunyň taryhyny yzarlamazdan ötri bir zady belläsimiz gelýär. Ýagny şol döwürler Gaýgysyz Atabaýewiň sözleri bilen aýdanymyzda türkmenler bäş bölekden ybaratdylar. Türkmenistanyň demirgazygy Hywa hanynyň, Lebap boýlary Buhara emiriniň, Krasnowodsk bilen Baýramaly aralygy (Zakaspiý) Russiýanyň, Etrek-Gürgen sebitleri Eýran şalarynyň we Owganystanyň demirgazygynda ýaşaýan türkmenler bolsa şol ýurdyň ygtyýarynda-dy. Şol sebäplere görä hem, haçan-da birinji jahan urşy başlananda Zakaspiden başga ýerde ýaşaýan türkmenler Rus goşunyna alynmandyr.
1914-nji ýylda uruş başlaýar. Ilki 1873-nji ýylda Hywada, soňra bolsa 1870-1881-nji ýyllarda Ahalda türkmen ýigitleriniň gaýduwsyzlygyna mazaly göz ýetiren hem-de türkmenleriň gahrymançylykly taryhyny içgin öwrenen patyşa häkimiýetleri Köşide ýörite polk düzüp başlaýarlar. Polka esasan Ahal, Tejen we Marydan ýigitler çagyrylýar