Pişikleri erbet görýän adam ýok bolsa gerek. Olar süýt emdiriji bolup, öý haýwanlarynyñ yoparyna girýär. Bilýäñizmi bir pişigiñ çagasy 2aý öz enesiniñ ýanynda galmaly we süýdünden içmeli. gözi açylmanka enesinden aýyrmak bolanok. Çaga pişikler şeýle owadan, gowja, kiçijek, tüýlije bolýalar. Çaga pişilleriñ tüýleri ulaldygy saýy galyñlaşýa we gatylaşýar, ýassylaşýar.
Bir orkaçy pişik ýylda 3 gezek çagalaýan eken. Çagalary 2 ýada 5 ýada ondanam köp bolup bilýär.
Olar 16-18 ýyl dagy ýaşaýarlar.
Üns bereniñiz barmy pişikleriñ dillerine? olaryñ dilleri tüýe meñzeş zat bar. şoña papilla diýilýän eken we onuñ uçlary bokurdak tarapa bakyp durýar. Pişikler suw içende agyzlaryny hiç suwa batyranoklar. dilini suwa baatyranda papillalar suwdan gereklisini alp içine goýberýan eken. süñk gemirendede papillar işe girişýän eken. Pişikler öz tüýlerini özleri ýalaýarlar. şonda papillar hem tüýlerini darap berýän eken.
Pişik gije gowy görýär. ýöne gije gezende murtlary hem işe girişýär. Pişikleriñ psihologiýasynyñ nähilidigini murtyna we gözüne seredip bilip bolýar.
Eger pişik murtlary galyp, gözleriniñ içiniñ garasy ullakan bolup bir nokada seredip duran bolsa onda onuñ oýun oýnasy gelýänligidir.
Eger murtlary ýüzüne ýapyşyp gözüniñ garasy inçejik bolsa onda onuñ ukysy gelýänligidir.
Pişikleriñ gulaklary gowy eşitýär. ähli seslerem öz beýnisinde aýratynlaşdyryp bilýär, şonuñ üçin elmydama anten ýaly oýnap durýar gulaklary.

Bilim, yyldyz. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir