Irden meni agam oýardy.Görsem telewizor görülýän otagda ýatyryn.Agam:
—Uklajak wagtyň telewizory öçürip,otagyňa geçip,ýatmaly ekeniň-diýdi.Men bu otaga haçan,nädip girip ýatanym ýadyma düşmedi...Birdenem aýagymdaky palçyklar ýadyma düşüp,aýagyma seretdim,aýagymda hiç hili palçyk ýokdy.Çykyp seretsem poldada hiç hili yz ýokdy.

Ýene türgenleşige bardym.Ýöne bu gün garaňky düşmänkä,tälimçiden rugsat alyp,obamyza gidýän iň soňky awtobusa münmäge ýetişdim.Awtobusyň içi hemişe bolyşy ýaly dykylyşykdy,adam köpdi.Düýnki maşynyň döwülen ýerine ýetenimizde meň gulagyma ýene "Maňa kömek et!...Kömek et!..." sesi eşidilip ugrady.Men hemmelere eşidilýämikä diýip awtobusdaky adamlary synladym.Ýok,olar parahatdy.Biriniň kömege çagyrýanyny eşitseler şunça adamdan biri seslenerdi ahyryn...Bu ses öýümize gelensoňam meni günime goýmady.Men naharymy çalak-çulak iýip,ukladyjy dermandan iki tabletka atdymda ýatmaga geçdim.Ses welin barha güýçlenýärdi.Edil gulagymyň düýbinde gygyryp duran ýalydy...Ahyryn derman täsirine uklap galypdyryn.

Irde maşgala bolup çaý içip otyrkak agam maňa:
—Gijesi bilen ýatman näme etdiň? Girip-çykyp ýatmaga goýmadyň.Ýa sportsmenligiňi görkezjek bolup gijede ylgap ýörsüňmi?-diýip,hezil edip güldi.

Agamyň bu sözi meni oýa batyrdy.Sebäbi gije men hiç ýerik çykamokdym...
—Ýokla,ýöne özüm ukym tutmady-diýen boldym.Agam sözüni dowam etdi:

—Şu gün günortanky reýs bilen men Aşgabada uçmaly.Bir aýlyk okuwa ugradýalar iş ýerden.Günortan meni aeroporda ertip gaýtda maşyny,türgenleşige gideňde müniber.Ýöne ýagyna-suwuna seredip mün,köçede gyzlary görüp dyzatjak bolup maşyny gynama...diýip agam her gezek maşyny berjek bolanda aýdýan "nesihatlaryna" başlady.

Günortan agamy aeroporda ertip,türgenleşige geldim.Bu gün biraz arkaýynrakdym.Sebäbi düýn agşamdan bäri gulagyma hiç hili "Kömek et!!!" diýlen aýylganç ses eşidilmändi,hemem maşyn bar,ýolda pyýada ýörejek aladam ýok.
Türgenleşik tamamlanansoň,maşyna münüp öýe ugradym.Garaňky düşüp ugrapdy.Şol günki arwaha gabat gelen ýerimize golaýlanymda,tizräk geçmek üçin maşynyň tizligini öňkidenem artdyrdym.Maşynyň tizlik görkezijisi 140-a ýetende gapdalymda biriniň: "Ýuwaşyrak süriber Şirhan,öňüňdäki öwrümde agdarylarsyň ýogsam!" diýen sesine tisgindim.Seretsem şol günki ýigit gapdalymda otyr.Gorkup,aljyrap tormuza basdym.Batly barýan maşyn birden saklanymy ýokuş gördümi nämemi,erbet silkindi-de öçdi.Gapdalyma seretdim ýaňky arwah ýigit ýokdy.

"Gözüme görünäýdi öýdýän" diýip,maşyny işletjek boldym.Açaryny näçe towlasamam maşyndan ses-üýn ýok.Näme bolanyny bilmek üçin maşyndan düşüp,gapyny ýapanymam şoldy welin maşynyň dört gapysam ilindi,açaram içinde galdy.Meni erbet gorky basdy.Ýoldan geçýän ýekejede maşyn ýok...
Birdenem pessaý öwsüp duran şemal güýçlenip başlady.

Daş töwerekdenem "Maňa kömek et!...Kömek et maňa!...Sen kömek edäýmeli maňa kömek et!..." sesleri eşidilip başlady.Sesler şeýlebir aýylganç,şeýlebir güýçlidi,edil gulagymdan girip beýnimi iýip barýan ýalydy...

Men bu seslere çydaman gygyryp başladym:"Meni günüme goý!...Günüme goý meni!...Men saňa näme etdim!..." birdenem hemme sesler kesildi,şemalam ýatdy...Arkamdan kimdir biri:
—Sen maňa hiç zat etmediň Şirhan!-diýdi.Hawa,bu şol arwahyň sesidi.Men arkama öwrülmäge howlukmadym.Oňa çenli oň özi meň öňüme geçdi.Gorksamam oňa sowal berdim:
—Menden saňa näme gerek?
—Kömegiň gerek!
—Kömek? Nähili kömek?
—Men birahat! Meň birahatlygymyň sebäbem meni öldürenler hiç-hili jeza çekmän,arkaýyn ýaşap ýör.
—Men näme edip bilerin?
—Sen,meni öldürenleri tapyp şu ýere getirersiň.Meň olar bilen hasaplaşmaly zatlarym bar.
—Ýöne men olary tanamoga?!
—Serdar,Orazberdi,Perhat,meň adymam Mergendi.Sen şolary 3-günden soň şu ýere getiräýmeli.Bolmasa olara aýylganç ölüm garaşýar.
—Men olary nädip tapaýyn ahyr?
—Pagta zawotda işleýänlerden soraşdyr.Hemme zada düşünersiň.Meň wagtym boldy.Gitmeli.-diýdi-de ruh gözden ýitdi.
—Ýöne...men...nädip...-diýip onuň yzyndan sakawlap galdym...

Indi öýe gaýtmalydy.Ýöne açary içinde galyp,gulplanan maşyny nädip öýe alyp gaýtjak???.Men pyýada ýöräbem bolsa,öýdäki ätiýaç açary alyp gaýdaýyn diýip ýöräp ugradym...Howa sowuk bolansoň elimi jübime sokdym.Birdenem elim jübimde nähilidir bir açara degdi."Bu nämäň açaryka?" diýip çykaryp gördim.

Ol maşynyň açarydy.Ýöne ol maşynyň içinde galypdy ahyryn...Nädip ol jübime düşdikä?...
Yzyma gaýdyp maşyna mündim,"Ýa,pirim Hezreti Dawut (demiriň piri),özüňden medet!" diýip,açary towladym.Maşyn gül ýaly işläp durdy,ýuwaşjadan sürip öýe ugradym...

Ertesi gün,günortanrak etrabymyzdaky pagta arassalaýjy kärhana (il içinde aýdylyşy ýaly pagta zawot) bardym.BGN-daky garawulyň ýanyna girdim.Garawul 60-ýaşlaryndaky adamdy.Men ondan şu zawotda,5-6-ýyllykda işlän Mergen atly oglan barada soradym.Garawul maňa özüniň täzeräk işe geçendigini,köne işgarleri tanamaýandygyny,ýöne şu zawotda direktor bolup işläp,birki ýyllykda pensiýa çykan Kerim agany tanaýandygyny we gerek bolsa şonuň salgysyny berip biljekdigini aýtdy.Men garawuldan Kerim aganyň salgysyny alyp öýe gaýtdym.Kerim aga bilen gürleşip görmegi ertire goýdym...

Dowamy bar..

Edebiýat, sapalybegenjow000000 tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir