SSSRiň öňki ýolbaşçysy Mihail Gorbaçýow pissany (pizza) reklama edýär.

Restoranlar ulgamy sowet bazaryna 1990 ýylda girmegi ilki SSSR ýolbaşçylary we Pizza Hit kompaniýasyna eýelik edýän PepsiCo nyň arasyndaky "asyr ylalaşygy" çäginde amala aşyrylypdy.
Emma SSSR parçalanandan soň ulgamyň Rossiýada işjeňligi haýallady. Şol sebäpli,kompaniýa döwrüni başlajak reklamaň kömegi bilen bäsdeşligi (конкуренсия) çetläp geçmegi karar etdi. Munuň üçin amerikalylar puly aýamandyrlar. Resmi däl maglumatlara görä,öňki prezidentiň gonorary 1 milliondan köpräk bolan. Gepleşikler wagtynda SSSRiň öňki prezidenti birnäçe şertleri goýýar. Birinjiden, ol senariýni tassyklamak hukugyna eýe bolmagy gerek. Ikinjiden, ol kadrda pissa iýmeli däl. Muňa garamazdan, köpçülik şu wagt hem Gorbaçýowy wideo üçin tankyt edýärler, uly döwletiň prezidenti pissa "satmakdan" utanmandygy üçin gaharlanýarlar.

Täzelikler, Гость tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir