Salyh amal

”Salyh amal” diýlen düşünje Kuranda şeýle bir kän agzalyp geçipdir welin, öz ýanyňdan ”Şu imanyň ekiz taýy bolaýmasa” diýeniňi duýman galýarsyň. Hakykatdanam, imanyň yz ýanyndan hemme ýerde diýen ýaly, salyh amal agzalyp geçilýär. ”Salyh amal” diýlen düşünje Allany hoşal etjek, Ony razy etjek her dürli amaly öz içine alýar. Şol sebäpli hem, ol ybadatlary, hereketleri we oňat ahlagy tutuşlugyna öz içine alýan giň mazmuna eýedir.

”Salyh amal” diýlende öňi bilen, Kuranda we Älemleriň Serweriniň (s.a.w) hadyslarynda iň köp üstünde durulýan, hezreti Alynyň (r.a) pikiriçe, kapyr bilen musulmany biri-birinden tapawutlandyrýan iň uly aýratynlyklaryň biri bolan namaz ýadyňa düşýär. Namaz Magraçda bu ymmata sowgat berilýär. Iň gözel gulluk edilýän, ejizligiň bilnip, belent mertebä çykylýan, Haka iň golaý bolunýan wagt – namaz okalýan wagtdyr. Haktagala bendelerine bäş wagtyna namaz okamagy buýruk beripdir, bulary ýerine ýetirene, Süleýman Çelebiniň sözi bilen aýdanymyzda, elli wagtyň sogabyny berjekdigini wada beripdir. Onda, kimde-kim Jennete girmek islese, hemme zatdan öňürti bäş wagt namazy doly berjaý etmek zerurdyr.

Mukaddes Remezan aýynda, şerigatyň rugsat eden sebäbi bolmasa, agyz bekläp, Haka ýene bir ädim golaýlaşmak gerek.

Allanyň beren malyndan, her ýyl her bir maldan berilmeli zekaty mätäçlere bermek gerek.

Ýene-de, mümkinçilik bolsa, ömrüňde, bolmanda ýeke gezek Resulullanyň şäherini zyýarat etmek, haj ybadatyny berjaý etmek gerek.

Bu parzlaryň daşyndan, nefil ybadatlar bilen olaryň sogabyny artdyrmak, oňatlyga ündäp, erbetlikden saklamak, Alla ýolunda jan bilen, mal bilen göreşmek, haramlardan ýylandan gaçýan ýaly gaçmak we kämil şahsyýet bolmak üçin dinimiziň emirlerine we permanlaryna amal etmek – bu ýoluň iň möhüm esaslaryndandyr.

Bilim, BeZZaT. tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir