Windows 11 hemişelik mugt bolar
Microsoft korporasiýasy Windows 11 operasion ulgamyna geçmegiň hemişelik mugt boljakdygyny mälim etdi diýip, Windows Latest neşiri habar berýär.
Neşiriň žurnalistleriniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň başynda kompaniýanyň blogynda Windows 10 ulanyjylarynyň çäklendirilen wagt içinde Windows 11-e mugt geçip biljekdigi barada maglumat çap edi...
Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlaryny açmak boýunça gepleşikleri geçirýär
"Türkmenistan" awiakompaniýasynyň wekilleri iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda gepleşikleri geçirmek üçin Ýaponiýa baryp gördüler. Duşuşyk 13-16-njy ýanwar aralygynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda habar berdiler.
Türkmen wekiliýeti özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýa...
Mel Gibson bilen Silwester Stallone Trampyň Golliwuddaky ýörite wekili bolar
ABŞ-nyň saýlanan prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda “Golliwud boýunça ýörite wekillerini” belländigini habar berdi. Olar Mel Gibson, Silwestr Stallone we Jon Woýt ýaly aktýorlar we režissýorlar diýip, The New York Times habar berýär.
Syýasatçy: "Jon Woýtyň, Mel Gibsonyň we Silwester Stallonyň Golliwud (Kaliforniýa ş...
Aşgabatdaky asma ýolda düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Ol 2026-njy ýylda ulanmaga berler
“Röwşen” hususy kärhanasy Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän asma ýoluň binalarynda we desgalarynda, ýanaşyk ýerlerinde düýpli abatlaýyş işlerini geçirer.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň degişli döwlet kärhanasyna “Röwşen” HK bilen degişli şertnamany baglaşmaga ygtyýar berdi.
...
Aşgabatda fewral aýynda Owganystanyň önümleriniň ikinji sergisi geçiriler
2025-nji ýylyň 23 — 27-nji fewralynda Aşgabat şäherinde Owganystanyň önümleriniň sergisini we işewürlik maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çärelere görülýän taýýarlyk barada anna güni Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu çärelere goňşy ýurduň haryt öndüriji kompaniýalaryny...
Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sany tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Buýruga gol çekip, Türkmenistanda 2025-nji ýylda aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul ediljekleriň sanyny tassyklady. Degişli resminama metbugatda çap edildi.
Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-d...
Türkmenistanda welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy
Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlar boýunça 2025-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasyny tassyklady. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary metbugatda çap edildi.
Oba hojalyk ministrligi, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň häkimlikleri ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýy...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilini belledi
17-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowy Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Y.A.Gaýypow şol bir wagtda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýer...
Los-Anjelesde ýangyndan ejir çekenlere Di Kaprio 1 mln dollar, Jennifer Lopes eşiklerini berdi
Los-Anjelesde dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli, 200 müň adam öýlerini ýitirip, mejbury göçürildi. Bu pajygaly ýagdaýda meşhur aktýorlar, aýdymçylar we kompaniýalar ejir çekenlere goldaw bermek üçin uly möçberde maliýe kömegini we beýleki zerur serişdeleri berýärler diýip, Forbes neşiri habar berýär.
Leonardo Di Kaprio weýrançylykly tokaý...
Google YouTube wideolary we PDF resminamalary üçin “Gemini” AI tehnologiýasyny hödürleýär
Google kompaniýasy “Gemini” dil modeliniň täze funksiýasyny hödürleýär. Bu funksiýa ulanyjylara YouTube wideolary we PDF resminamalary bilen şol bir wagtda işlemäge mümkinçilik berer diýip, Android Authority habar berýär.
“Talk Live about video” atly funksiýa arkaly ulanyjylar görýän wideolaryndaky gyzyklanýan we düşünmeýän ýerleri boýunça e...
Gök çaý beýnini gorýar: ýapon alymlarynyň barlaglarynyň netijeleri
Ýapon alymlary barlagyň netijeleri boýunça gök çaý içmegiň ýaşy uly adamlaryň beýnisine oňyn täsir edýändigi ýüze çykardylar. 65 ýaşdan uly 8766 adamyň maglumatlarynyň seljerilmegi netijesinde, çaýyň yzygiderli içilmeginiň beýnidäki kognitiw (akyl-paýhas bilen bagly) funksiýalaryň saklanmagyna ýardam berýändigi ýüze çykaryldy diýip, Medical Xpress...
Emeli aň çiplerine islegiň artmagy bilen TSMC-niň çärýeklik girdejisi 57% ýokarlandy
TSMC taýwan çip öndürijisi dördünji çärýekde rekord derejede girdeji gazandy. Bu üstünlik emeli aň (AI) ulgamlary üçin niýetlenen çiplere bolan islegiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Kompaniýanyň arassa girdejisi 57% ýokarlanyp, 11,4 milliard dollara, umumy girdejisi bolsa 38,8% artyp 26,36 milliard dollara ýetdi diýip, Bloomberg habar berýär.
Ilkinji gezek USB-C-li iPhone-ny döwmek başartdy
Howpsuzlyk boýunça barlagçy Tomas Rot Chaos Communication kongresiniň 38-nji maslahatynda iPhone 15-iň USB-C arkaly döwülendigini mälim etdi. Çäre barada maglumatlar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda çap edildi diýip, Appleinsider neşiri habar berýär.
Rot iPhone smartfonlarynda 2023-nji ýylyň güýzünden bäri ulanylýan ACE3 USB-C dolandyryjysynyň p...
Microsoft emeli aňyň ösdürilişini tizleşdirmek üçin “CoreAI” atly aýratyn bölüm döredýär
Microsoft kompaniýasy “CoreAI” atly täze inženerçilik bölüminiň döredilýändigini mälim etdi. Bu bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih bolar. Bölüm emeli aň (AI) gurallaryny we programmalaryny ösdürmäge gönükdiriler diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella 2025-nji ýylyň emeli aň ulgamynda öwrülişikli ýyl boljakdygyn...
Microsoft emeli aňyň ösdürilişini tizleşdirmek üçin “CoreAI” atly aýratyn bölüm döredýär
Microsoft kompaniýasy “CoreAI” atly täze inženerçilik bölüminiň döredilýändigini mälim etdi. Bu bölümiň ýolbaşçysy Jeý Parih bolar. Bölüm emeli aň (AI) gurallaryny we programmalaryny ösdürmäge gönükdiriler diýip, The Verge neşiri habar berýär.
Microsoft-yň baş müdiri Satýa Nadella 2025-nji ýylyň emeli aň ulgamynda öwrülişikli ýyl boljakdygyn...
ABŞ-daky düzgünleşdiriji Twitter-i satyn almakda bolup biljek düzgün bozmalar üçin Masky kazyýete berdi
ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasy (SEC) sişenbe güni Ilon Maskyň üstünden kazyýete arza berdi. Düzgünleşdiriji milliarderi 2022-nji ýylda 44 milliard dollara Twitter-i (häzirki X) satyn alanda gymmatly kagyzlar hakyndaky kanuny bozmakda günäleýär. Arzada ol degişli görnüşde habar bermezden, paýnamalardan uly paý almakda aýyp...
Microsoft 14-nji oktýabrdan "Windows 10-da" Office-iň goldawyny bes eder. Bu nämäni aňladýar?
Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan başlap Windows 10 gurlan kompýuterlerde Microsoft Office programmalaryny goldamagy bes etjekdigini mälim etdi. Bu diýildigi, şol seneden soň ulanyjylaryň Word, Excel, Outlook, Microsoft 365, Microsoft Defender we OneDrive üçin täzelenmeleri almajakdygyny aňladýar diýip, The Verge takyklaýar.<...
Türkmenistanyň bilim ministri rektorlar bilen ýokary okuw mekdeplerine baryp gördi
Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryndan ybarat wekiliýet paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerine aýlanyp gördi.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşykda uniwersitetiň rektory G.Mezilow bilim, ylym we önümçilik...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Şu gün, 14-nji ýanwarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl Birleşen Mill...
Redmi Note 14 we Note 14 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykardy
Redmi resmi taýdan Note 14 4G we Note 14 Pro 4G modellerini dünýä bazaryna hödürledi. Bu smartfonlar AMOLED ekrany, kuwwatly batareýalary we emeli aňly Google Gemini goldawy bilen üpjün edilendir diýip, Gizmochina habar berýär.
Redmi Note 14 Pro 4G, 6,67 dýuýmlyk, 2400x1080 durulykdaky, 120 Gz täzeleniş ýygylygy we iň ýokary 1800 nit ýagtyly...