«Arap Şengeni»: 6 sany arap döwleti umumy wizany işe girizmäge taýýarlanýar
Arap döwletleriniň altysy üçin ýakyn wagtda ýeke-täk syýahatçylyk wizasy işe giriziler. Bu barada Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Muhammed al-Budaiwi Er-Riýadda geçirilen «Howpsuzlyk we taryh boýunça dialog» maslahatynda mälim etdi diýip, Khaleej Times neşiri habar berýär.
Täze ulgam resmi taýdan...
Türkmenistanyň Prezidenti Kim Çen Yny ýurduň döredilen güni mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna ýurduň milli baýramy — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, K...
Türkmenistanyň Prezidenti Emomali Rahmony Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar...
Türkmenistanyň ýaş boksçylary Ispaniýada geçirilen halkara ýaryşda 10 medal gazandy
Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysynyň boksçylary Ispaniýanyň Alikante welaýatynyň La-Nusiýa şäherinde geçirilen «Boxam International Tournament 2026» atly halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaryşa 21 ýurtdan 246 türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde U15, U17 we U19 ýaş toparlarynda 17 boksçy çykyş etdi....
Türkmenistan bilen GDA-nyň arasynda «Awaza» sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy
7-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary Denis Trefilowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Garaşs...
Türkmen mekdep okuwçylary Peterburgda geçiriljek «Elwan ýelkenler» baýramçylygyna çagyryldy
Sankt-Peterburgyň wise-gubernatory Wladimir Omelniskiý türkmen mekdepleriniň iň gowy uçurymlaryny bütinrussiýa derejesinde geçirilýän «Elwan ýelkenler» atly uçurymlar baýramçylygyna çagyrdy.
Omelniskiý Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň tabşyrygy boýunça Aşgabatda iş saparynda bolýar. Saparyň esasy maksady Sankt-Peterburg bilen...
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokins bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisi habar berýär.
Duşuşykda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Kristin Hokinse Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň...
Türkmenistan Ankarada akuşerçilik ulgamyny ösdürmek boýunça sebit maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 7–8-nji sentýabrda Ankarada geçirilen «Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda akuşer lukmanlaryň işinde ösüşi çaltlandyrmak» atly sebit maslahatyna gatnaşdy.
Çärä Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekilleri, halkara bilermenler hem-de degişli pudagyň ýolbaşçylary...
Türkmenistanly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine pul baýraklary gowşuryldy
Ahalteke bedewleriniň keşbini häzirki zaman sungatynda açyp görkezmek boýunça geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň suratkeşlerine pul baýraklary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Bäsleşik Niderlandlarda geçirilen atly sport boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde guralan çäre...
Çarwadarlaryň VI Bütindünýa oýunlarynyň ýeňijisi Gazagystan boldy
Çarwadarlaryň VI Bütindünýa oýunlarynda umumy toparlaýyn hasap boýunça birinji orny Gazagystan eýeledi. Gazak türgenleri oýunlarda 74 baýrak — 32 altyn, 20 kümüş we 22 bürünç medal gazandylar diýip, «Azertaj» habar berdi.
Ikinji orny 30 altyn medal bilen Gyrgyzystan, üçünji orny ýedi altyn medal bilen Russiýa eýeledi.
Çarwadarlaryň VI...
Türkmenistanda pagta ýygymyna girişilýär
Şu ýyl Türkmenistan boýunça 580 müň gektar meýdana gowaça ekilip, bu günki günde onuň bol hasyly ýetişdirildi. Indiki maksat şol ýetişdirilen hasyly wagtynda ýygnap alyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna 1 million 400 müň tonna ak pagtany sowgat etmekden ybarat diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenil...
Russiýa bilen KHDR-iň arasynda ilkinji awtoulag köprüsi açyldy
Russiýa bilen Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň arasyndaky ilkinji awtoulag köprüsinde ulag hereketine badalga berildi. Köpri Russiýanyň Primorsk ülkesiniň Tumannaýa derýasynyň üstünde guruldy we ol ýurduň Hasan obasyny KHDR-iň Tumangan şäheri bilen birleşdirýär.
«Armenpress» agentliginiň habaryna görä, köprüniň uzynlygy 1 kilometr, gap...
Daşoguzda Nobatguly Rejebowyň adybir eseri esasynda täze spektakl sahnalaşdyryldy
Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik işgärleri Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň adybir eseri esasynda «Döwletli döwran geldi» atly spektakl sahnalaşdyrdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Spektaklda täze taryhy döwürde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynd...
Aşgabatda Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenildi
Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, şeýle hem täjik diasporasynyň wekilleri gatnaşdy....
Özbegistanyň Prezidenti resmi sapar bilen Serbiýada bolýar
Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew maşgalasy bilen resmi sapar bilen Belgrada bardy diýip, «Uza.uz» portaly habar berdi.
Serbiýanyň Nikola Tesla adyndaky halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmanlary ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiç we onuň maşgalasy garşyladylar.
Saparyň esasy wakalary şu gün bolar. Saparyň maksatnamasy...
Aşgabat we Duşenbe hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklary ösdürýär – wise-premýer
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly kabul edişlikde çykyş edip, türkmen-täjik gatnaşyklarynyň köp asyrlyk doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny hem-de ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilýän...
Renuaryň muzeýinden 9 million ýewro deň bolan nakgaşlyk eserleri ogurlandy
Fransiýanyň günortasyndaky Kan-sýur-Mer şäherindäki Pýer-Ogýust Renuaryň muzeýinden dört nakgaşlyk eseri ogurlandy. Bu barada ýurduň «TF1» teleýaýlymy habar berdi.
8-nji sentýabrdaky wakanyň bolan ýerinden düşürilen wideoýazgyda iki sany näbelli adamyň muzeýe girip, suratlary çarçuwadan kesip alýandyklary görünýär.
Şäheriň häkiminiň s...
R.Meredow Gazagystanyň täze daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdiniň arasynda bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Gazagystanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary syýasat...
Italiýa soňky 76 ýyldaky iň yssy tomsy başdan geçirdi
Geçen tomus Italiýada 1950-nji ýyldan bäri synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy boldy. Ýurduň Milli ylmy-barlaglar geňeşiniň (CNR) maglumatlaryna laýyklykda, möwsümde ortaça howa derejesi 24,3 gradusa deň boldy we 2003-nji ýyldaky rekordy täzeledi diýip, «rg.ru» habar berdi. Aýratyn hem awgust yssy häzirkizaman howa kadasyndan 3,5 gradus ýokary bol...
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaýa iş saparyny amala aşyrdylar
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «Migrasiýa gözegçiligi ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça kiçi foruma» gatnaşmak üçin iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişine görä, forumyň çäklerinde Lýanýuhan şäherinde Hytaý Halk...