Rus inženerleri kosmosda emeli dartyş güýjüni döretmegi başardylar

“Roskosmosyň” düzümine girýän “Energiýa” raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli dartyş güýjüni döretmäge ukyply ulgam üçin patent aldy. Degişli resminama Rospatentiň maglumatlar bazasynda çap edildi.
Beýanata görä, ulgam birnäçe moduldan düzülýär. Gurluşyň merkezinde statiki we aýlanýan bölekleri bolan, aralary germetik hereke...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Islegiň peselmegi barada gürrüňem ýok: elektromobilleriň we gibridleriň global satuwy rekord derejä ýetdi

Sentýabr aýynda elektrik awtoulaglarynyň we plug-in gibridleriň dünýä boýunça satuwy geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende 26% ýokarlanyp, rekord derejede — 2,1 million birlige ýetdi diýip, Reuters habarlar gullugy Rho Motion barlag kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Rho Motion-yň maglumat dolandyryjysy Çarlz Leste...

Dowamy »

45 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Ýewropada täze Toyota RAV4-üň satuwy başlady: bahalar 42,8 müň ýewrodan başlaýar

Ýewropada täze, altynjy nesil Toyota RAV4 ulagynyň satuwy başlandy. Esasy wersiýa üçin baha 42,8 müň ýewrodan başlaýar. Italiýada bolsa ony aýda 299 ýewro töleg bilen satyn alyp bolýar.
Model täze dizaýna eýe boldy: uly radiator gözenegi, C şekilli faralar, kuzowyň relýef gapdallary we 20 dýuýmlyk tigir diskleri. Icon we Sport wersiýalary üç...

Dowamy »

37 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Starlink 7,6 mln ulanyjy ýygnady, 10 müň hemra uçurdy we 150 ýurtda işleýär

Ilon Maskyň Starlink hemra internet ulgamy ösmegini işjeň dowam etdirýär: soňky maglumatlara görä, onuň müşderileriniň sany 7,6 million adamdan geçdi. Hyzmat eýýäm 150-den gowrak ýurtda, sebitde we territoriýada resmi taýdan işleýär.
SpaceX kompaniýasynyň taslamasy planetanyň hatda iň çet ýerlerinde-de ýokary tizlikli interneti üpjün edýär....

Dowamy »

47 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

BMG-niň Baş Assambleýasy “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnamany kabul etdi

14-nji oktýabrda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisinde “Awaza syýasy Jarnamasy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu baradaky hoş habary anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň awgustynda “A...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

«Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiň dördünji mejlisinde birnäçe teklipler öňe sürüldi

17-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hasabat berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu geňeş 2024-nji ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda döredildi. Onuň ç...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

17-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Diwanynyň ýolbaşçysy Galymžan Koýşybaýewi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň barşynda syýasy dialogyň işjeň ilerledilýändigi aýdyldy. Serdar Berdimuhamedow ýokary döwlet derejesindäki yzygiderli gat...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

FIFA milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi.
Sanawda birinji orny 1880,76 utuk gazanan Ispaniýanyň milli ýygyndysy eýeledi. Ikinji orna dünýä çempiony bolan Argentina (1872,43) çykdy. Üçünji orny 1862,71 utuk bilen Fransiýa jemleýär.
Reýtingde Türkmenistanyň milli ýygyndysy dört orun aşak düşüp...

Dowamy »

59 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Google öz Veo wideo döredijisini täzeledi: ýokary realizm, ses we kino stili

Google öz EA wideo generatorynyň täzelenen wersiýasyny – Veo 3.1-i çykardy. Täze model şekilleriň has hakykata ýakyn bolmagy, tekst beýanlaryny takyk berjaý etmegi we ses bezeginiň kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar.
Maý aýynda çykan wersiýa bilen deňeşdirilende, Veo 3.1 has tebigy jikme-jiklikler bilen wideo döredip, döredilen sahnalara...

Dowamy »

56 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Çöregiň bahasy boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäde 0,5 kg agramly ak çörek batonynyň ortaça bahasy 1,74 dollara barabar. Çörek üçin iň gymmat baha Jibutide, iň pes baha bolsa Alžirde hasaba alyndy diýip, RIA Nowosti habar berýär.
Jibutide çöregiň bahasy 9,42 dollar. Munuň sebäbi ýurduň azyk önümleriniň, şol sanda bugdaýyň importyna garaşly bolmagydyr. Şeýle-de, iň ýokary bahaly ýurt...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Mitsubishi Tokioda syýahat üçin gibrid krossower-kemperini görkezer

Mitsubishi kompaniýasy 29-njy oktýabrda Tokioda açyljak Japan Mobility Show sergisinde täze konseptiniň premýerasyna taýýarlanýar. Öndüriji asfaltsyz ýollardan uzakda syýahat etmek we şol bir wagtyň özünde-de ýaşamak üçin döredilen synag awtomobilini, ähtimal, krossowerini görkezer.
Häzirlikçe brend ulagyň diňe daşky görnüşiniň bir bölegini...

Dowamy »

53 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Bitkoin 105 müň dollardan aşak düşüp, maýadarlary millionlarça dollardan mahrum etdi

Bitkoin birden arzanlap, iýun aýyndan bäri ilkinji gezek 104 müň dollardan aşak düşüp, 103 790 dollar görkezijisine ýetdi. Şol sebäpli biržalar bir günde treýderleriň 1,2 mlrd dollarlyk şertnamalaryny awtomatik ýagdaýda ýapdy diýip, Bloomberg habar berýär.
Esasy urgy long position şertnamalaryna täsir etdi – bu ýagdaýda maýadarlar ösüşe gara...

Dowamy »

46 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Gresiýada iş berijilere 13 sagatlyk iş gününi girizmäge rugsat berildi

16-njy oktýabrda Gresiýanyň parlamenti iş bilen üpjün edijilere iş gününi 13 sagada çenli uzaltmaga mümkinçilik berýän kanun taslamasyny tassyklady diýip, Athens News Agency habar berýär. Öň ýurtda iň ýokary iş wagty bir çalşyk üçin sekiz sagatdy.
“Hemmeler üçin adalatly iş” atly kanun taslamasyny Zähmet we sosial üpjünçilik ministrligi öňe...

Dowamy »

48 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Volkswagen kompaniýasy Touareg krossoweriniň hoşlaşyk wersiýasyny çykarýar

Volkswagen kompaniýasy 2026-njy ýylda Touareg krossowerini çykarmagy bes edýändigini mälim etdi. Bu waka mynasybetli brend modeliň hoşlaşyk wersiýasyny – Final Edition-y hödürledi.
Adaty wersiýalardan tapawutlylykda Touareg Final Edition-yň yzky gapylarynyň çarçuwasynda lazer bilen ýazylan Final Edition ýazgysy peýda boldy, şeýle ýazgy bosag...

Dowamy »

60 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Argentinada dinozawrlaryň näbelli, gadymy görnüşleriniň biriniň galyndylary tapyldy

Argentinaly paleontologlar dinozawrlaryň ozal näbelli görnüşiniň galyndylarynyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada Ylmy we tehniki gözlegler boýunça milli geňeşe (CONICET) salgylanyp, TASS habar berýär.
Täze görnüş Huayracursor jaguensis adyny aldy. Ylmy gözlegçi Agustin Martinelliniň aýtmagyna görä, ýyrtyjy Ýeriň ýüzünde 225-230 mln ýyl o...

Dowamy »

54 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden gowrak türkmenistanly talyp bilim alýar

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barha berkeýär. Bu barada Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýew Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisinde belläp geçdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 56 müňden...

Dowamy »

71 0
Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Arkadag şäherinde ýol gurluşyk işleri sebäpli G.Kuliýew köçesinde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendirildi

Arkadag şäherinde 15-nji oktýabrdan başlap, şäheriň demirgazyk böleginde ýerleşýän we Akhan şaýoly bilen birleşýän Garry Kulyýew köçesiniň bir böleginde ulaglaryň hereketi wagtlaýyn çäklendirildi. Bu çäklendirmeler gurluşyk we gurnama işleriň geçirilýändigi sebäpli girizildi diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

YouTube-da täze EA gürleýän adamyň dodagynyň hereketini dublýaž bilen gabat getirer

YouTube gürleýän adamyň dodagynyň hereketini wideonyň awtomatik terjimesine gabat getirmäge mümkinçilik berjek emeli aň tehnologiýasyny synagdan geçirýär. Ol EA-nyň kömegi bilen sesi awtomatik başga dile geçirýän dublýaž funksiýasynyň üstüni ýetirer.
Awtomatik dublýaž boýunça önümiň ýolbaşçysy Budhika Kottahaççiniň aýtmagyna görä, topar “ter...

Dowamy »

62 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Google Play Services-däki näsazlyk Pixel 10 ulanyjylaryna köpsanly kynçylyk döretdi

Täze Google Pixel 10 smartfonlarynyň eýeleri programmalaryň işinde duýdansyz bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny habar berýärler. 9to5Google neşiriniň maglumatlaryna görä, ulanylýan programmanyň görnüşine ýa-da iş tertibine garamazdan, käbir programmalaryň öz-özünden ýapylýandygy bellenilýär.
APKMirror platformasynyň esaslandyryjysy Artýom Rus...

Dowamy »

51 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 month ago

Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde “Zenanlaryň bütindünýä sammiti -2025-de” çykyş etdi

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň başlygy Oguljennet Berdiliýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Pekinde geçirilen «Zenanlaryň bütindünýä sammiti – 2025» atly halkara foruma gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Sammitiň «Umumy geljek: zenanlaryň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze we...

Dowamy »

52 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 month ago