Russiýada gar barslarynyň sany soňky on ýylda 10-dan 87-ä çenli artdy
Russiýada soňky 10 ýylyň dowamynda gar barslarynyň sany 10-dan 87-ä çenli artdy. Bu barada Russiýanyň sebitara «Irbis» assosiasiýasynyň başlygy Ali Uzdenowa salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.
«Adamlaryň täsiri, iýmit çeşmeleriniň azlygy, gar barslarynyň hem-de olaryň iýmitlenýän toýnakly haýwanlarynyň awlanylmagy, magdan känleriniň i...
Google Assistant gidýär. Tiz wagtdan ähli Android smartfonlarda adaty kömekçi Gemini bolar
Google kompaniýasy öňümizdäki aýlarda Android smartfonlaryndaky adaty Google Assistant sanly kömekçisini täze emeli aň kömekçisi Gemini bilen çalyşjakdygyny habar berdi.
Şu ýylyň ahyrynda öňki Google Assistant köp sanly Android smartfonlarynda işlemegini bes eder we programma dükanlaryndan aýrylar. Onuň ornuna dolulygyna Gemini geçer.
...
Taryhy pursat: ýaşyl energiýa ilkinji gezek ABŞ-da kömürden öňe geçdi
ABŞ-nyň taryhynda ilkinji gezek ýel we Gün ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri kömürden köp elektrik energiýasy öndürdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.
«Ember» analitika merkeziniň berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda kömür energiýasynyň paýy rekord derejede 15%-e düşdi, ýöne şol bir wagtda ýel we Gün energiýasynyň paý...
Ahal welaýatynyň häkimine täze orunbasar bellenildi
Aýmyrat Gurbannepesowiç Öwezow Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Jaguar Land Rover kuwwatyny ýitirmek töwekgelçiligi sebäpli 630 müň ulagy yzyna çagyrýar
Jaguar Land Rover kompaniýasy VCT gaz paýlaýjy faza ulgamynyň näsazlygy sebäpli Hytaýda satylan 630 müňden gowrak awtoulagyň yzyna çagyrylandygyny habar berdi. Bu näsazlyk ulag sürlüp barylýarka birden kuwwatyň ýitmegine sebäp bolup biler.
Yzyna çagyrylýan ulaglara Range Rover Evoque, Discovery Sport, Jaguar XF, XFL, XE, XJ we 2011-nji ýylda...
Tesla Hytaýyň Baidu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy berkidýär
Tesla Hytaýda sürüjä kömek ulgamyny (ADAS) gowulandyrmak üçin Hytaýyň Baidu kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär diýip, çeşmelere salgylanýan Reuters habar berýär.
Çeşmeleriň berýän habaryna görä, Baidu ýol örtükleri we ýolyşyk yşaratlary ýaly nawigasiýa maglumatlaryny Full Self-Driving (FSD) programma üpjünçiliginiň 13-nji wersiýasyna birl...
SpaceX HKS-e Crew-10 missiýasyny uçurdy: kosmosda galan astronawtlar ýakynda yzyna getiriler
NASA we SpaceX Halkara kosmos stansiýasyna Crew-10 ekipažyny üstünlikli uçurdy. Bu missiýa amerikaly astronawtlar Butç Uilmor bilen Sunita Uilýamsy yzyna getirmäge mümkinçilik berer.
Falcon 9 raketasy Floridadaky Kennedi kosmos merkezinden uçdy. Onuň bortunda amerikaly astronawtlar Enn Makkleýn we Nikol Aýers, ýaponiýaly Takuýa Onişi we russ...
Samsung sözünde durdy: Galaxy A56 zarýada goýulmazdan iki gün işleýär
Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda çykarjak smartfonlarynyň iki günläp zarýadsyz işläp biljekdigi baradaky wadasyny berjaý etdi. «SamMobile» tarapyndan geçirilen synaglarda, Galaxy A56 iki gün diýen ýaly zarýada goýulmazdan işlemegi başardy.
Maglumatlara görä, adaty ulanyşda (oýun oýnalmazdan) batareýanyň zarýady ikinji günüň ahyrynda 24%-e...
Blue Ghost enjamy Aýyň jümmüşini öwrenmek üçin ony burawlap başlady
Firefly Aerospace hususy amerikan kompaniýasynyň Blue Ghost moduly Aýyň üstüni işjeň öwrenmäge başlady. Mare Crisium-da asuda gonandan soň, enjam, beýlekiler bilen bir hatarda, LISTER tejribesine girişdi.
Onuň maksady Aýyň üstüni 3 metre çenli burawlap, onuň jümmüşinden ýylylyk akymyny öwrenmekden ybarat.
Taslama NASA, Tehasyň tehnolo...
Ger işläp düzüjiler garşy çykmasa, Android oýunlarynyň ählisini kompýuterde oýnap bolar
Öňümizdäki hepde geçiriljek GDC oýun işläp düzüjiler konferensiýasynyň öňüsyrasynda Google kompaniýasy, eger-de işläp düzüjiler garşy çykmasa, ähli Android mobil oýunlarynyň Google Play Games hyzmaty arkaly kompýuterler üçin elýeterli boljakdygyny mälim etdi diýip, «The Verge» neşiri habar berýär.
Google Play Games hyzmaty ilkinji gezek 2022...
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň “Iň eýjejik gyzjagazy” yglan edildi
14-nji martda Aşgabatda «Watan» kinokonsert merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Eminler toparynyň biragyzdan gelen netijelerine laýyklykda, Aşgabat şäherindäki 99-njy orta mekdebiň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa «Iň eýjejik gyzjagaz — 2025» atly bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy diýip, “T...
Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň ilkinji renderleri peýda boldy
OnLeask hökmünde tanalýan insaýder Stiw Hemmerstoffer Android Headlines bilen bilelikde Google Pixel 10 we Pixel 10 Pro XL smartfonlarynyň renderlerini hödürledi.
Pixel 10 Pro XL modeli iPhone 17 Pro Max we Samsung Galaxy S26 Ultra bilen bäsleşer. Ol özünden öňki modeliň ölçeglerini saklar – 6,8 dýuým ekran bilen 162,7 × 76,6 × 8,5 mm.
...
Lexus täze premium RZ krossowerini hödürledi
Lexus Brýusselde (Belgiýa) täze elektrikli krossoweri «RZ-i» hödürledi. Bu model döwrebaplaşdyrylan BEV ulgamy, innowasion dolandyryş ulgamy we kämilleşdirilen doly herekete getiriji ulgam bilen enjamlaşdyryldy.
Önümçilige 2025-nji ýylyň güýzünde başlamak meýilleşdirilýär we ol tapgyrlaýyn ýagdaýda dürli sebitlerde ýola goýlar.
Lexus...
Tesla 2026-njy ýylda sürüjisiz Cybercab ulaglarynyň önümçiligine başlar
Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask Cybercab sürüjisiz ulaglarynyň önümçiliginiň 2026-njy ýylda Tehasda başlajakdygyny habar berdi.
“Cybercab-yň önümçiligi geljek ýyl Tehasda başlar, awtomobiliň ruly we pedallary bolmaz, ol ýa-ha özi hereket eder, ýa-da asla hereket etmez” – diýip, Mask Ak tamda žurnalistlere aýtdy.
Şeýle-de, Mask Preziden...
Lidar Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk gadymy oturymly ýerleri tapmaga kömek etdi
Arheologlar lidaryň kömegi bilen Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk berkitmeli oturymly ýerleri tapdylar. Lazer arkaly skanirleme agaçlaryň gyrymsylygynyň astynda asyrlarboýy gizlenip ýatan eneolit döwrüniň goranyş ulgamlaryny ýüze çykardy. Bu barada Agerpres neşiri habar berýär.
Barlag Rumyniýanyň Nýams etrabynyň barmasy kyn tokaýla...
Türkmenistan Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görýär
14-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda” geçiriljek baýramçylyk dabarasy Türkmenistanyň Prezidentiniň h...
Türkmenistanda talyplaryň arasynda bedenterbiýe we sport boýunça internet bäsleşigi yglan edildi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty «Ýaşlarymyz geljege uly ynam bilen, sportda ösüşler sanly ulgam bilen» atly V internet bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşige Türkmenistanyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň islendik hünärde bilim alýan talyplary gatnaşyp biler.
Bäsleşik bedenterbiýe we sport bilen gyzyklanýan giň dünýägaraýyşly, zehin...
Geljek hepdede Aşgabatda howanyň temperaturasy +30°C-a ýeter
Geljek hepde Aşgabatda yssy howa bolar we temperatura barha ýokarlanar. Gismeteo portalynyň maglumatlaryna görä, 19-nji mart çarşenbe güni Türkmenistanyň paýtagtynda 2025-nji ýylda ilkinji gezek howanyň temperaturasy +30°C çenli gyzar.
Çaklamalara görä, maýyl howa eýýäm 17-nji mart - duşenbe güni başlanar. Şol gün gündizine temperatura +27°C...
19-njy martdan Awtokombinat - Türkmeniň Ak öýi - Awtokombinat ugry boýunça 72-lik awtobus gatnap başlar
"Türkmenawtoulaglary" agentligi Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän günlerinde ilatyň ulag gatnawlaryna isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, 19-njy martdan başlap 72-lik «Awtokombinat — Türkmeniň Ak öýi —Awtokombinat» şäherýaka awtobus gatnaw ugruny ýola goýar.
Baýramçylyk çäreleri 21-22-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby...
Serdar Berdimuhamedow ýaşlary Rumyniýa okuwa ibermek baradaky teklibi makullady
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer türkmen ýaşlarynyň:
maglumat tehnologiýalary;
saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary;
bilim we peda...