Beýnä ornaşdyrylan Neuralink implanty pikiriň güýji bilen syçanjygyň görkezijisini dolandyrmaga kömek etdi
«X» platformasynda geçirilen audiomaslahatda Ilon Mask dünýäde ilkinji bolup «Neuralink» kompaniýasynyň neýrointerfeýsi ýerleşdirilen hassanyň gazanan üstünligi barada habar berdi.
«Neuralink» kompaniýasyny esaslandyran milliarderiň bellemegine görä, el-aýagyny ulanmak mümkinçiligini ýitiren adam beýnisine ornaşdyrylan «Telepathy» (Telepatiý...
365 güne derek 9 günde. Bezos Amazon-nyň 50 million paýnamasyny 8,5 milliard dollara satdy
Amazon-yň esaslandyryjysy Jeff Bezos şu aýda yglan eden kompaniýanyň 50 million paýnamasyny satmak baradaky meýilnamasyny tamamlady. Bloomberg-iň habar bermegine görä, umumy girdeji 8,5 milliard dollara ýetdi.
Soňky günlerde, takmynan, 2,4 milliard dollarlyk 14 milliondan gowrak paýnama satdy.
Deslapdan telekeçi gymmatly kagyzlaryň s...
“Real” meşhur belgisini 17 ýaşly täze oýunça berdi
17-nji iýulda 18 ýaşyny doldurýan braziliýaly hüjümçi Endrik Madridiň “Realynda” dokuzynjy belgini alar. Bu belgide Karim Benzema we Alfredo Di Stefano ýaly meşhur oýunçylar çykyş edipdi. Bu barada “Marca” neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Topar Endrik 15 ýaşynda wagty, 2022-nji ýylyň dekabr aýynda onuň transferini resmileşdirdi....
Tomas Tuhel “Bawariýanyň” baş tälimçisi wezipesinden gidýär
Germaniýaly hünärmen Tomas Tuhel häzirki möwsüm tamamlanandan soň Mýunheniň “Bawariýasynyň” baş tälimçisi wezipesini terk eder. Bu barada futbol klubunyň saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Ýöne Tuheliň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda gitmegi barada...
Google Android roboty şekilindäki kolleksion oýunjaklary satyp başlady
«Google» harytlarynyň resmi dükany 16 dollara «Android Classic» kolleksion heýkeljigini hödürledi. Bu barada gazeta.ru «GizmoChina» portalyna salgylanyp habar berýär.
Oýnawaç çäkli sanda öndürilip, satyn almak üçin diňe ABŞ-da elýeterli bolar. Ol hereketli elleri bolan «Android» operasion ulgamynyň nyşanynyň 3 dýuýmlyk winil şekilidir.
...
“Mançester Ýunaýtediň” 1/4 bölegi resmi taýdan milliarder Jim Retkliffe degişli boldy
INEOS kompaniýasynyň geňeşiniň başlygy jenap Jim Retkliff Gleýzerler maşgalasyndan Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” futbol klubunyň A we B klasynyň paýnamalarynyň 25%-ini satyn aldy. Bu barada klubuň metbugat gullugyna salgylanyp, RBK habar berýär.
Milliarder klubuň egindeş eýesi bolmagyň uly hormatdygyny we uly jogapkärçilikdigini aýdyp, şer...
Apple Samsung bilen bäsdeşlikde düýbünden täze dakylýan gurluşyň üstünde işleýär
Apple fitnes trekeriň analogy hökmünde çykyş etjek we ulanyjynyň saglygy barada maglumat ýygnajak “akylly” ýüzügi döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada MacRumors neşirine salgylanyp, gazeta.ru habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Apple şeýle ýüzügiň konseptiniň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýär, muny birnäçe patentler hem delillendirýär...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdy
22-nji fewralda Türkmenistanyň Parlamentiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, Tokio şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň agzalary Ýaponiýada bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda...
Opel Mokka, Audi Q8 we Jaguar I-Pace iň ygtybarsyz krossowerleriň sanawyna girdi
«What Car?» britan awtoulag žurnaly iň ýaramaz elektrik krossowerleriniň sanawyny düzdi. Iň ygtybarsyz awtoulaglaryň sanawyna «Audi Q8 e-tron», «Jaguar I-Pace» we «Opel Mokka» ulaglary girdi.
Her ýylda geçirilýän ygtybarlylyk barlagynyň çäklerinde 21 müň sürüjiden soňky iki ýylda ulaglarynda ýüze çykan näsazlyklar we kemçilikler, abatlaýyş ç...
Apple Ýewropada smartfon üpjünçiligi boýunça 21 aýdan soň Samsung-dan öňe geçdi
2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Apple Ýewropada smartfon üpjünçiliginiň göwrümi boýunça soňky 21 aýda ilkinji gezek Samsung-dan öňe geçdi. Canalys analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, Ýewropanyň umumy smartfon bazary 3% azaldy. Bu barada gazeta.ru belleýär.
Soňky maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfonlaryň...
Tesla iň gymmat awtoöndüriji adyny elinden gidirdi
Tesla amerikan kompaniýasy öňdebaryjylygy Mercedes-Benz kompaniýasyna geçirip, iň gymmat awtoöndüriji adyny ýitirdi. Report agentliginiň habar bermegine görä, bu Brand Finance halkara analitik agentliginiň hasabatyndan gelip çykýar.
Tesla-nyň bahasynyň peselmegi elektromobil öndürijisiniň abraýyna we onuň brendiniň bahasyna täsir eden Ilon M...
Google Android 15-i çykardy
«Google» täze operasion ulgamynyň ilkinji synag nusgasy bolan «Android 15 Developer Preview 1-i» yglan etdi. Bu gurluş diňe işläp düzüjiler üçin niýetlenendir, ol durnuksyz bolup biler we işleýşinde kemçilikler bolup biler diýip, «Rozetked» portaly habar berýär.
«Android 15 Developer Preview 1» «Pixel 6» seriýaly we ondan ýokary smartfonlary...
«Apple» animasiýa döretmek üçin emeli aň guralyny döretdi
«Apple» kompaniýasynyň maşyn öwreniş boýunça hünärmenleri emeli aň (AI) esasynda animasiýa döretmek üçin «Keyframer» goşundysyny döretdiler. Gözlegiň netijeleri «arXiv» ylmy neşirleriň platformasynda ýerleşdirildi.
Täze işiň dowamynda «Apple-iň» kompýuter boýunça hünärmenleri GPT-4-iň AI modeliniň tekst düşündirişlerine görä, SVG formatyndak...
Marvel 2026-njy ýylda “Bleýd” film franşizasyny täzeden goýberer
Meşhur wampir awçysy baradaky hekaýaty gaýtadan başlatjak Marvel-iň täze “Bleýd” filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýyla çenli yza süýşürildi. Bu barada WorldofReel portaly insaýder Jeff Snaýdere salgylanyp habar berdi.
Taýýarlanyp başlanandan bäri taslama köp sanly kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy, alty gezek ssenariçini üýtgetdi we heniz...
Täze Samsung Galaxy A35 smartfony barada maglumatlar peýda boldy
«Google Play Console» katalogynda heniz tanyşdyrylmadyk täze «Samsung Galaxy A35» smartfony barada maglumatlar peýda boldy. Onuň aýratynlyklarynyň beýany we suraty ozal paýlaşylan maglumatlary tassyklady diýip, «MySmartPrice» portaly habar berýär.
Şeýlelikde, «Samsung Galaxy A35» Full HD+ durulykly ekran, «Samsung Exynos 1380» prosessory we...
Agaçlar global ýylamany saklap biler. Alymlar ABŞ-nyň gündogaryndaky täsin hadysany gürrüň berdiler
Alymlar ABŞ-nyň gündogar böleginiň beýleki ýerlerden tapawutlylykda global ýylama hadysasyna sezewar bolmandygyny anykladylar. Gözleglere görä, bu täsin hadysanyň sebäbi bu ýerde tokaýlaryň giň gerimde dikeldilmegi boldy diýip, gazeta.ru habar berýär.
ABŞ-da kolonial döwri başlanaly bäri tokaýlar oba hojalygy we gurluşyk işleri üçin işjeň ça...
Aziýada hek döwrüniň iň uly dinozawry anyklanyldy
RYA-nyň A.A.Borisýak adyndaky paleontologiýa instituty öz saýtynda Sibir psittakozawrynyň kelle süňküniň öwrenilişiniň netijelerini habar berdi. Gözlege görä, Aziýada hek döwründe (129,4-113,0 mln ýyl mundan ozal) psittakozawrlar giňden ýaýran we agalyk ediji jandarlar bolupdyr. Bu barada news-m.ru belleýär.
Sibir psittakozawry 1953-nji ýyld...
Kosmos zibili bilen göreşmäge gönükdirilen ýapon hemrasy Ýeriň orbitasyna çykaryldy
Kosmos enjamlarynyň döwük bölekleri we beýleki kosmos zibilleri barada maglumat ýygnamak üçin niýetlenen ýapon hemrasy orbita üstünlikli çykaryldy. Bu barada Astroscale Japan işläp düzüji kompaniýa salgylanyp, TASS habar berýär.
ADRAS-J enjamy Täze Zelandiýanyň Mahiýa ýarym adasynda ýerleşen Rocket Lab hususy kosmodromyndan uçuryldy. Beýikli...
Alymlar ilkinji gezek Gün energiýasyny orbita hemrasyndan Ýere geçirdiler
Kaliforniýanyň Tehnologiýa institutynyň (Caltech) alymlary beýleki guramalardaky hyzmatdaşlary bilen kosmos energiýasy pudagynda üstünlik gazandylar. “Extremetech” portalynyň habaryna görä, olar ýörite enjamyň kömegi bilen energiýa toplap, orbita emeli hemrasyndan Ýere iberip bildiler.
Alymlaryň ulanan enjamyna Microwave Array for Power-tran...
Xiaomi flagman öndürmek üçin innowasion özbaşdak öwreniş zawodyny işe girizdi
18-nji fewralda Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy flagman enjamlaryny öndürmek üçin täze özbaşdak zawod açdy. Brendiň başlygy Lýu Weýbingiň (bu wezipä ýakynda Leý Szunyň ornuna geçdi) sözlerine görä, kärhanada iň täze flagman Xiaomi 14 Ultra öndüriler.
Gizmoçinanyň habar bermegine görä, Pekiniň etegindäki Çanpin şäherinde ýerleşýän bu kärhana ýylda...