Samsung 11-nji martda täze Galaxy A smartfonlaryny hödürlär

Samsung kompaniýasy täze gurluşlarynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Resmi çakylyga görä, çäre indiki duşenbe güni – 11-nji martda Hindistanda geçiriler diýip, gagadget.com portaly habar berýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynda täze Galaxy A35 we Galaxy A55 smartfonlary görkeziler. Galaxy A35 6,6 dýuým panel bilen üpjün ediler. Smart...

Dowamy »

250 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Instagram-da öz habarlaryňy redaktirlemek mümkinçiligi peýda boldy

Instagram ulanyjylary indi iberilenden soň 15 minutyň içinde şahsy habarlaryndaky ýalňyşlyklary düzedip bilýärler. Bu funksiýa Instagram-a eýeçilik edýän Meta kompaniýasy tarapyndan anons edildi diýip, gagadget.com habar berýär.
Öň, eger ulanyjy öz habaryny üýtgetmek islese, ony bozup, täzeden ibermeli bolýardy. Indi redaktirleme menýusynyň...

Dowamy »

229 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Apple täze önümlerini tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Olar ýakyn wagtda çykyp başlar

Apple öz önümleriniň setiriniň bahar täzelenmesine taýýarlanýar. MacRumors -yň berýän maglumatyna görä, bildiriş 7-nji martda bolar.
Täze enjamlaryň resmi tanyşdyrylyşynyň bolmazlygy mümkin. Apple öz web sahypasynda metbugat beýanatlaryny çap edip, soňra onlaýn wideo we marketing kampaniýalary arkaly täze önümleri yglan edip biler.
Bl...

Dowamy »

237 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Saud Arabystanynda beýikligi 2 km bolan başy gökdirän bina taslanylýar

Britaniýanyň Foster+Partners studiýasy dünýädäki iň beýik binany taslaýar. Dezeen žurnalynyň habar bermegine görä, başy gökdirän binanyň beýikligi iki kilometr bolar we ol paýtagtyň demirgazygynda ýerleşdiriler.
Hasaba görä, ol şäheriň britan kompaniýasy tarapyndan täzeden dikeldilýän Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşer. Eger bu bina...

Dowamy »

196 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

SpaceX metanyň zyňyndylaryna garşy göreşmek üçin MethaneSAT hemrasyny uçurdy

4-nji martda SpaceX kosmosdan nebit we gaz pudagynyň metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek üçin döredilen MethaneSAT hemrasyny üstünlikli uçurdy. Cybernews.com-yň habar bermegine görä, uçuryş Google-yň, EDF-iň, Täze Zelandiýanyň kosmos gullugynyň we Garward uniwersitetiniň bilelikdäki taslamasydyr.
MethaneSAT maglumaty gaýtadan işlemekde we ý...

Dowamy »

189 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Nissan 2024-nji ýylyň Ariya modelini görkezdi. Ol geçen ýylkysyndan 6000 dollar arzan

Ýaponiýanyň Nissan kompaniýasy ABŞ-da täzelenen Ariýa 2024 setirini hödürledi we modelleriň bahasynyň arzanladylandygyny mälim etdi diýip, carscoops ýazýar.
Engage FWD elektrik krossoweriniň esasy modeliniň bahasy indi 39 950 dollardan başlaýar, ýagny, geçen ýyldakydan 3600 dollar arzan. Ol kuwwaty 63 kWt·ç bolan batareýa bilen enjamlaşdyr...

Dowamy »

236 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde iň hapa şäher boldy

Ilaty, takmynan, 9 mln bolan Wýetnamyň paýtagty Hanoý dünýäde howasy has güýçli hapalanan şäherleriň antireýtinginde birinji orna çykdy. Bu barada Agence France-Presse (AFP) agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, Phys.org portaly habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.
Halkara howa hiline baha beriş serwisi IQAir-iň maglumatlaryna görä, 5-nj...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar global betbagtçylyklary öwrenmek üçin Ýeriň sanly nusgasyny döretdiler

Italiýanyň Milli gözleg geňeşiniň alymlary global betbagtçylyklary öwrenmek we çaklamak üçin Ýeriň sanly modelini döretdiler. Ol dürli tebigy betbagtçylyklaryň netijelerine olar heniz bolup geçmezden öň baha bermäge mümkinçilik berer. Gözleg “Frontiers in Science” (FIS) ylmy žurnalynda neşir edildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Hünärmenler...

Dowamy »

194 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Angliýada 390 million ýyllyk daşa öwrülen agaç galyndysy tapyldy

Kembrij uniwersitetiniň britaniýaly alymlary şu güne çenli tapylan iň gadymy tokaý galyndysyny ýüze çykardylar. Takmynan, 390 million ýyl ýaşy bolan we dewon döwrüne degişli bolan galyndylar Angliýanyň günorta-günbataryndaky Hengmen çägesöw gatlagyndan tapyldy. Bu gözleg barada Journal of the Geological Society (JGS) atly ylmy neşirde çap edildi.

Dowamy »

203 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Porsche iň kuwwatly Taycan ulagyny döretdi

Tanyşdyryş dabarasynyň öňüsyrasynda Porsche Taycan elektromobiliniň iň kuwwatly nusgasynyň suratyny çykardy. «Ähli döwürleriň iň kuwwatly Taycan-y» Nýurburgringiň Demirgazyk aýlawyny 7 minut 7 sekuntda geçen sport awtoulagynyň önümçilik maksatly nusgasydyr diýip, Motor1 neşiri ýazýar.
Taycan elektromobiliniň täze nusgasynyň tanyşdyryş dabara...

Dowamy »

231 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Hünärmenler Audi-niň we BMW-niň statistik taýdan iň ygtybarly krossowerlerini bellediler

HotCars seljeriş gullugy JD Power-iň, CarEdge-iň we RepairPal-yň maglumatlaryny öwrenip, Audi we BMW krossowerleriniň ygtybarlylyk derejesini düzdi. Oňa täze modellerem, ulanylan modellerem girdi.
Reýtingde öňdebaryjy, J.D. Power -iň wersiýasyna görä, mümkin bolan 100 baldan 89 bal toplan BMW X4 2021 boldy. Şeýle hem, ol ulanylan ulaglaryň b...

Dowamy »

227 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Elektronikanyň ikinji ömri. Lenovo abatlanan enjamlary satyp başlar

Lenovo sarp edijileri elýeterli tehnologiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilen täze “Sertifikatly dikeldilen önümler” programmasyny hödürledi. Programma dikeldilen kompýuterleri we beýleki enjamlary satmaga gönükdiriler diýip, Gizmochina habar berdi.
Programmanyň iki maksady bar: täze ulanyjylary çekmek we şol bir wagtyň özünde elektron galyndy...

Dowamy »

239 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

"Mançester Siti" we "Real" Çempionlar ligasynyň 1/4 finalyna çykdy

Ispaniýanyň "Realy" futbol boýunça Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň jogap oýnunda Germaniýanyň "Leýpsigi" bilen duşuşdy. Duşuşyk Madriddäki "Santýago Bernabeu" stadionynda geçirilip, 1:1 hasabynda tamamlandy.
"Realyň" düzüminden Winisius gol geçirdi (65-nji minut). "Leýpsig" üç minutdan soň Willi Orbanyň goly bilen jogap berdi. "Realyň" bi...

Dowamy »

255 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminamalara gol çekdi

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna gol çekdi.
«Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti karar etdi:
...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Berlin kinofestiwaly – 2025-iň geçiriljek senesi yglan edildi

Berlin kinofestiwalynyň müdirligi geljek ýyl üçin seneleri anons etdi. 75-nji ýubileý kinofestiwaly 2025-nji ýylyň 13 – 23-nji fewralynda geçiriler. Bu barada film.ru belleýär.
Bäsleşigiň maksatnamasy onuň geçiriljek senesine ýakyn wagtda belli bolar.
Ýatlap geçsek, ýakynda geçirilen Berlinale Mati Diopyň “Dagomeýa” dokumental lentas...

Dowamy »

174 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Nadal Indian-Uelsdäki ýaryşdan ýüz öwürmeli boldy

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek çempiony, dünýäniň öňki birinji raketkasy ispaniýaly Rafael Nadal Indian-Uellsde (ABŞ) geçiriljek ATP 1000 ýaryşyndan aýrylandygyny habar berdi. Öz sosial ulgamlarynda Nadal munuň kyn çözgüt bolandygyny ýazdy.
“Men özüme we müňlerçe janköýere ýalan sözläp bilmeýärin. Meniň siziň ähliňizi göresim geler we ý...

Dowamy »

172 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

ÝÇL-iň ilkinji çärýek finalçylary belli boldy

Fransiýanyň «PSŽ» topary ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Ispaniýanyň «Real» (Sosýedad) toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Toparlaryň arasyndaky deslapky oýunda parižliler 2:0 hasabynda ýeňiş gazanypdylar.
Duşuşykda «PSŽ» toparyna ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem Kilian Mbappe (15, 56) öz adyna ýazdyrdy. Ýer eýele...

Dowamy »

249 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Änew şäherinde gurulýan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmak teklip edilýär

Türkmenistanyň ýaşaýjylary Ahal welaýatynyň Änew şäherinde täze gurulýan bir gatly kottej jaýlarynyň gurluşygyna paýly gatnaşyjy bolmaga çagyrylýar.
Täze ýaşaýyş toplumy örän oňaýly ýerde — Aşgabat şäherinden 15 minutlyk uzaklykda ýerleşýär.
Ýaşaýyş jaýynyň biri — umumy meýdany 205 inedördül metr bolan 1 gatly 5 otagly jaýdyr. Kotteji...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler

2024-nji ýylyň 14-nji martynda Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçiriler. Bu barada Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligine salgylanyp, Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm) habar berdi.
Boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi sagat 10:00-dan 12:00-a ç...

Dowamy »

202 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Toyota yzky okunyň döwülmek töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli iň ygtybarly modellerinden birini yzyna çagyrýar

Toyota dolandyryşyň ýitirilmegine sebäp bolup biljek yzky okunyň döwülmek töwekgelçiliginiň barlygy sebäpli, 2022-2023 model ýylynyň Tacoma pikaplarynyň 381 199 sanysyny yzyna çagyrýar. Carscoops-yň habaryna görä, bu model dürli gözlegleriň netijelerine görä, iň ygtybarlylaryň biri hökmünde ykrar edilipdi.
Mesele kebşirleýjiniň syçrantgylary...

Dowamy »

242 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago