Neuralink ilkinji gezek beýnisi implantly adamy wideoda görkezdi

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy X (Twitter) sosial ulgamynda göni ýaýlymyň çäklerinde beýnisine kompaniýanyň çipi ýerleşdirilen ilkinji hassany wideo arkaly görkezdi. Ol sekiz ýyl mundan ozal boýnundan aşagy ysmaz bolan 29 ýaşly Noland Arbaugh bolup çykdy.
Arbonyň sözlerine görä, Neuralink-iň operasiýasy oňa azda-kände durmuşda doly bahaly...

Dowamy »

231 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Şanhaýda 10G tizlikli iň çalt internet synag edildi

Şanhaýda dünýäde ilkinji görkezme meýdançasy işläp başlandy, bu ýeriniň ýaşaýjylary 10 gigabitlyk (10G) giň zolakly internete girip bilýärler diýip, Gizmochina habar berýär.
F5G-A diýlip atlandyrylýan täze hyzmat 50G-PON infrastrukturasynyň ulanylmagyna esaslanýar. Uly faýllary sanalgyja sekuntda ýükläp almaga mümkinçilik berýän ýokary tiz...

Dowamy »

232 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Meksika we ABŞ KONKAKAF Milletler ligasynyň finalynda duşuşar

Meksikanyň we Amerikanyň milli ýygyndy toparlary Demirgazyk we Merkezi Amerikanyň hem-de Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol konfederasiýasynyň Milletler ligasynyň (KONKAKAF) finalynda duşuşarlar.
Ýaryşyň ýarym finalynda amerikalylar goşmaça wagtda 3:1 hasabynda Ýamaýkanyň toparyny ýeňdiler. Ýeňijileriň düzüminde Haji Raýt goşmaça wagtda ik...

Dowamy »

265 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Kör adamlar görüp bilerler: Neuralink gözüň görşüni dikeldýän implanty taýýarlaýar

Ilon Mask Neuralink neýrotehnologiýa kompaniýasynyň kör adamlara görmäge mümkinçilik berjek Blindsight implantyny işläp taýýarlaýandygyny habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
“Blindsight – Neuralink-iň Telepathy-dan soň indiki önümi. Blindsight implantynyň eýýäm maýmynlarda synagdan geçirilendigini bellemek gerek. Ilkibaşda şekilleriň durulygy N...

Dowamy »

262 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Duz bölejiginden uly däl: beýniden maglumat ýygnamak üçin ownujak datçikler döredildi

Braun uniwersitetiniň ylmy gözlegçiler topary beýniniň işjeňligi baradaky maglumatlary okap bilýän kiçi simsiz datçikleri hödürledi. Her çipiň ululygy gönüden-göni beýni dokumalaryna ýerleşdirmäge mümkinçilik berýän ölçegden - 1 mm-den geçmeýär.
Newrotehnologiýa pudagyndaky täze ösüş barada Nature Electronics üçin taýýarlanan makalada gürrü...

Dowamy »

247 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Uelsiň şa zenany Keýt Middltona rak kesel kesgidi goýuldy

Uelsiň şa zenany Keýt Middlton rak kesel kesgidi goýlandan soň, öňüni alyş himiýa terapiýasyndan geçýändigini mälim etdi diýip, Bi-Bi-Si habar berýär.
Bu howply täze döreme ýanwar aýynda şa zenanynyň garnyna edilen operasiýadan soň geçirilen test barlaglarynda ýüze çykaryldy. Rak keseliniň haýsy görnüşidigi barada maglumat berilmedi.
...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna nobatdaky audit barlaglary geçiriler

Türkmenistanyň bank edaralarynyň maliýe hasabatlaryna halkara standartlary esasynda nobatdaky audit barlaglaryny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada wise-premýer H.Geldimyradow şenbe güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu işler “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň K...

Dowamy »

231 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Parižde halkara forumyny geçirmäge taýýarlanýar

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Foruma görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Amanow 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, forumy guram...

Dowamy »

237 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Lebap welaýatynda gury gurluşyk garyndylaryny öndürjek “Türkmen gips” hojalyk jemgyýeti dörediler

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligi hem-de “Ak bulut” hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda “Türkmen gips” hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Bu barada wise-premýer B.Annamämmedow şenbe güni Hökümet mejlisinde habar berdi.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumy...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda täze okuw ýylynda birinji synpa gitjekler üçin 155 müňden gowrak noutbuk satyn alnar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýylynyň birinji synp okuwçylaryna sowgat bermek üçin 155 müňden gowrak noutbuk görnüşli kompýuterleri satyn alar. «Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň noutbuk kompýuterlerini satyn almagy hakynda» Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Hökümet mejlis...

Dowamy »

243 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýyl BMG-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 86 ýurt oňa awtordaş boldy. BMG-niň ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habary wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow 23-nji martda...

Dowamy »

228 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Raşid Meredow Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdi

23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Belgiýa Patyşalygyna we Italiýa Respublikasyna iş saparlarynyň netijeleri boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi.
Hususan-da,
2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleş...

Dowamy »

225 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze merkezi edara binasy gurlar

«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň täze merkezi edara binasynyň gurluşygynyň taslamasy taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew 23-nji martda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Taslama laýyklykda, bäş gatdan ybarat bolan täze desgada iş, tehniki we se...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow A.Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda şu Agentligiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň kararyny tassyklady.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň täze başlygy wezipesine B.Annaýew saýlanyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Agentligiň paýda...

Dowamy »

217 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

26-njy martda Änewiň şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler badalga alar

26-njy martda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy geçiriler. Wise-premýer M.Mämmedowanyň Hökümet mejlisinde habar bermegine görä, dabarany Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirmek meýilleşd...

Dowamy »

213 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Serdar Berdimuhamedow ikinji kitabyny ýazyp tamamlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny ýazyp tamamlady. Täze kitabyň döremegine Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary ýakyndan goldaw berdi. Bu barada döwlet Baştutany...

Dowamy »

218 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 3 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler

29-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Bu barada 23-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine saparynyň barşynda geçiren iş maslahaty...

Dowamy »

225 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Arkadag şäherinde “Saglyk” seýilgähi gurlar

23-nji martda Arkadag şäherine iş saparynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulýan hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähleriň, köpugurly stadionyň we ýol-ulag düzüminiň desgalarynyň şekil taslamalary görkezildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hödürlenen taslamalar bilen tanşyp, k...

Dowamy »

222 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

24-25-nji martda Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyryp bolar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2024-nji ýylyň 22-nji martynda Podmoskowýede bolup geçen terrorçylykly hereket sebäpli ilçihanada hatyra kitabyny döretdi.
Ilçihananyň habar bermegine görä, Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda (1941-nji köçe) 24-nji we 25-nji martda sagat 10:00-13:00 we 15:00-17:00 aralygynda hatyra kitabyna bolup geçe...

Dowamy »

221 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ispaniýanyň Malaga şäheriniň polisiýasy robot-iti synagdan geçirýär

Robot-it ispan Malagasynyň köçelerine gözegçilik eder. Ol poliseýlere köçe-ýol hereketiniň düzgün bozulmalaryny ýüze çykarmakda kömek eder. Şeýle-de robot-itler elektrik samokatlaryň hereketini yzarlar.
Taslamany Malaganyň uniwersitetiniň alymlary döretdiler. Ol onlaýn arkaly dolandyrylýar, geljekde ony emeli aň bilen goşulyşdyrmak isleýärle...

Dowamy »

251 0
Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago