Ýewropa gaz ibermekde Norwegiýa amerikanlardan öňe geçdi
Norwegiýa ilkinji gezek ABŞ-ny yzda galdyryp, Ýewropa Bileleşigini gaz bilen üpjün etmekde birinji orna geçdi. Muny Brýusseldäki brifingde Ýewrokomissiýanyň wekili Ewa Hrsinowa habar berdi.
2025-nji ýylda Norwegiýa Ýewropa 114,9 milliard kub metr gaz iberdi, şol bir wagtda ABŞ-dan gelen üpjünçilik göwrümi 106,6 milliard kub metre deň...
BMW 28 müňe golaý ulagyny yzyna ýygnaýar: ýelimlemeli ýeri bar...
BMW kompaniýasy ABŞ-nyň bazaryndan 27 720 sany awtoulagyny meýletin yza çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasy (NHTSA) degişli resminamalarynda habar berilýär.
Kompaniýanyň birnäçe modellerinde kardan waly bilen yzky differensialyň birikdirilişinde tehniki kemçilik tapyldy. Näsa...
Alp Arslan Begenjow Bratislawada dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy
Slowakiýanyň paýtagty Bratislawa şäherinde, 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda türkmenistanly erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow bürünç medala mynasyp boldy.
86 kg çenli agram derejesinde üçünji orun üçin tutluşykda Alp Arslan Türkiýäniň wekili Sefa Jesury 9:2 hasaby bilen ýeňdi.
Ýarym fi...
FIFA DÇ-nyň finalyndan soňky dawa üçin argentinaly futbolçylaryň jezasyny kesgitledi
FIFA Dünýä çempionatynyň final oýnundan soňky turan uruş we ýaryşyň dowamynda başga-da eden bidüzgünçilikleri sebäpli, Argentina milli ýygyndysynyň üç oýunçysyny oýundan çetleşdirdi, şeýle hem topara we federasiýa pul jerimesini saldy.
Ispaniýaly Erik Garsianyň kekirdeginden tutup, Gawini itekläp ýykan argentinaly ýarymgoragçy Leandr...
«Roma» oýunda 99 belginiň hemmesini ulanan ýeke-täk klub boldy
Ýakynda Portugaliýanyň «Portu» toparynyň ýarymgoragçysy Rodrigu Mora Italiýanyň «Roma» klubuna geçdi. Bu barada klub özüniň resmi saýtynda habar beripdi. Täze oýunçynyň geçmegi bilen «Roma» üýtgeşik taryhy rekord goýdy.
19 ýaşly ýarymgoragçy geçen klubunda 86-njy oýun belgisini saýlady.
Şondan soň rim topary taryhda fu...
«Ýa bizi saýla, ýa olary»: YouTube Netflix bilen işleşesi gelýän blogerlere çäre görer
YouTube meşhur awtorlara eksklýuziw (diňe bir platformada ýerleşdirmek baradaky) ylalaşyklar üçin millionlarça dollar hödürleýär we şol bir wagtda Netflix bilen hyzmatdaşlyk etjek blogerlere çäklendirmeler girizmegi göz öňünde tutýar. Bu barada degişli çeşmelere salgylanýan Bloomberg agentligi habar berýär.
Agentligiň maglumatyna gör...
Aşgabatda Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy tamamlanýar
21-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda işleriň gidişi bilen tanyşdy. Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän bu lukmançylyk edarasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Halkara Saglyk merkezleri müdir...
«Real» birinji, Bezos «Liwerpuly» top-3-e çykardy. Iň gymmat futbol klublarynyň reýtingi
«Forbes» žurnaly iň gymmat futbol klublarynyň reýtingini täzeledi. Onda birinji orny ýene-de «Real Madrid» eýeledi.
«Patyşalyk kluby» 9,5 milliard dollar baha bilen dünýäniň iň gymmat futbol kluby diýen derejesini ýene bir gezek tassyklady. Bir ýylyň içinde topar 245 million dollar operasion girdeji gazanyp, öz bahasyny 41% artdyrdy....
Google smartfona fotosurat arkaly bedeniň düzümini (hatda ýag göterimini) kesgitlemegi öwretdi
Google smartfonyň kamerasy we emeli aňyň kömegi bilen bedeniň düzümini kesgitleýän «PhotoScan» tehnologiýasyny işläp düzdi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, ol ýag göterimini we beýleki görkezijileri kesgitlemekde DXA lukmançylyk skanirlemesiniň görkezijilerine ýakyn netijeleri berýär.
Bedeniň düzümi madda çalşygynyň sagdynlygyna we öý...
YouTube-yň täze bäsdeşi: Hytaýyň Bilibili platformasy dünýä bazaryna çykýar
Hytaýyň Bilibili wideohostingi platformanyň dünýä bazaryna çykýandygyny tassyklady. Kompaniýa eýýäm awtorlar, geýmerler we sazandalar üçin iňlis dilindäki akkauntlary döretdi, indi bolsa daşary ýurtly blogerleri hem özüne çekmäge taýýarlanýar.
Täze tematik bölümleriň arasynda awtorlar üçin «Bilibili Creator Hub», geýmerler we wideooý...
Kids Expo-da geçirilen rapid we blitz boýunça küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 19-njy awgustda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlapdy. Onuň çäginde ilkinji gezek rapid we blitz ugurlary boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçirildi.
Bäsleşige Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigis...
Kids Expo-da geçirilen rapid we blitz boýunça küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda 19-njy awgustda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlapdy. Onuň çäginde ilkinji gezek rapid we blitz ugurlary boýunça «Kids Expo-Chess Cup 2026» halkara küşt ýaryşy geçirildi.
Bäsleşige Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Täjigis...
«Kids Expo 2026» sergisiniň çäginde emedeklemek boýunça körpeleriň ýaryşy geçiriler
19-22-nji awgust aralygynda dowam edýän «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäginde Sleepy kompaniýasy ýene-de iň kiçijik gatnaşyjylar üçin emedeklemek bäsleşigini guraýar. Bu barada guramaçylar sosial torlarda habar berdi.
Bu gyzykly çäre 22-nji awgustda sagat 09:00-dan 11:00-a çenli Türkmenistanyň Söwda-...
Hytaýda täzelenen Toyota Camry ulaglaryna sargyt kabul edilip başlandy
Toyota kompaniýasy Hytaýda täzelenen, 2027-nji ýylyň Camry sedanynyň bahalaryny yglan etdi we sargytlary kabul edip başlady.
Häzirki ýörite teklipleri göz öňünde tutsaň, awtoulagy 131 800 ýuandan başlap, iň gymmadyny 169 800 ýuan bahadan (takmynan, 19 600 — 25 200 dollara) satyn alyp bolýar.
Awtoulagyň daşky görnüşine...
Astronomlar Akmaýanyň ýolunda iň tiz ýyldyzy tapdy
Alymlar Akmaýanyň ýolunda bu ýerde belli bolanlaryň arasynda iň tiz hereket edýän ýyldyzy tapdy. S301 belgili bu obýekt galaktikanyň merkezindäki super-agyr Kowus A* (Sagittarius A*) gara deşiginiň daşyndan, takmynan, sekuntda 25 müň km tizlik bilen aýlanýar diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.
Iň ýakynlaşýan nokadynda ýyldyz bilen g...
Hyundai täze Tucson-y görkezdi: krossower öňküsinden ulalyp, salony täzelendi
Hyundai kompaniýasy Tucson krossoweriniň bäşinji nesliniň ilkinji suratlaryny çap etdi. Modeliň resmi tanyşdyrylyşynyň oktýabr aýynda bolmagyna garaşylýar.
Modeliň daş keşbi düýpgöter özgerdi, gabarasy hem ulaldy.
Indi modeliň uzunlygy 60 mm artyp, 4700 mm-e ýetdi, ini bolsa 40 mm artyp — 1905 mm boldy. Tigir bazasy 30...
Türkmenistan bilen Täjigistan geljek ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdi
20-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyl...
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Myhman Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine iberen mähirli salamyny ýetirip, Türkmeni...
NASA SWIFT teleskopyny halas etmekden ýüz öwürdi
NASA we Katalyst Space kompaniýasy beýikligini ýitirip barýan SWIFT orbital obserwatoriýasyny halas etmek baradaky meýilnamasyndan el çekmeli boldy. Sebäbi ony ýokary galdyrmak üçin iberilen LINK kömekçi hemrasynyň dolandyryş ulgamynda näsazlyklar ýüze çykdy.
NASA-nyň metbugat beýanatynda bu şowsuzlyga şeýle teswir berilýär:
<...
ABŞ-da oňurga şikesli adamlar üçin deňagramlyk saklaýan ekzoskelet makullandy
ABŞ-nyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän müdiriýeti (FDA) Wandercraft kompaniýasynyň oýlap tapan Eve atly şahsy ekzoskeleti (daşky gaňyly) ulanmaga rugsatnama berdi. Bu enjam oňurga şikesinden ejir çekýän we maýyp arabasyna bagly bolan uly ýaşly adamlara niýetlenendir.
Täze enjam maýyplara gözegçilik...