Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen iş toparynyň ilkinji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berdi.
Duşuşyga Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýa hem-de Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat At...
Türkmen eminleri Aziýanyň ýaşlar Kubogynyň saýlama tapgyrynyň duşuşygyna eminlik etdiler
Türkmenistanyň eminleri 2027-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Aziýanyň ýaşlar Kubogynyň (20 ýaşa çenli futbolçylar) saýlama tapgyrynyň birinji tapgyrynyň çäginde geçirilen Ýaponiýa bilen Kuweýtiň ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyga üstünlikli eminlik etdiler. Bu barada Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duş...
Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde Gruziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Düýn Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlar düzümi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar meseleleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisoniýanyň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar ýokary bilim, ylym we ýokary hünä...
RSEB-iň Türkmenistandaky edarasy we Gyrgyzystanyň ilçisi ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Aziýanyň Sebit ekologiýa merkeziniň (RSEB) Türkmenistandaky taslama edarasynyň müdiri Mergen Kepbanow hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow daşky gurşawy goramak, klimatyň üýtgemegi, durnukly ösüş we ekologiýa bilimi ugrunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky sebitara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň gelj...
Soňky 45 ýylyň içinde Türkmenistanda howanyň temperaturasy 1,6 dereje ýokarlandy
Soňky 45 ýylyň içinde Türkmenistanda howanyň temperaturasy 1,6 dereje, Gyrgyzystanda — 1 dereje, Gazagystanda we Özbegistanda — 1,4 dereje, Täjigistanda bolsa 0,7 dereje ýokarlandy.
Bu maglumatlar «Merkezi Aziýada serhetüsti häsiýete eýe bolan sil suwlary we joşgunlar barada analitik syn» diýen resminamada getirilýär.
Merkezi Aziýa ho...
Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda rekord derejede ýaşlar ses berer
Russiýanyň Döwlet Dumasyna saýlawlarda rekord derejede ýaşlar ses berer, ýagny saýlaw uçastoklaryna ýaşy 18-e ýeten raýatlaryň 1 million 600 müňüsi geler. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlara görülýän taýýarlyk işlerine garalan mejlisinde yglan edildi diýip, «MIR 24» habar berdi.
Saýlawlara gatnaşjak partiýalaryň 10-sy hem öz...
Şu gün Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly çäreler badalga alýar
Şu gün Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke bedewleri bilen bagly giň gerimli, köpugurly çäreler badalga alýar. Niderlandlar atly sport babatda Ýer ýüzünde öňdebaryjy ýurtlaryň biri hasaplanýar. Şeýlelikde, şu gün ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty öz işine başlaýar. Bu barada «Türkm...
Özbegistan GDA agza ýurtlaryň arasynda iň tygşytly ilat ýazuwyny geçirdi
Ýurduň ilat ýazuwyny geçirmek üçin adam başyna çykdajylar bary-ýogy 1,5 müň soma (0,12 dollar töweregi) deň boldy, bu Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň arasynda iň pes görkezijidir. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň metbugat gullugyna salgylanýan «MIR 24» habar berdi.
Çarşenbe güni döwlet Baştutany ila...
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlary Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine 120 million dollar getirer
Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynyň Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine goşandynyň 120 million dollar töweregi bolmagyna garaşylýar. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk boýunça döwlet agentliginiň ýolbaşçysy Eduard Kubatowa salgylanýan «Azertaj» habar berdi.
Ýolbaşçy bu barada Çolpon-Atada geçen metbugat duşuşygynda aýtdy. Kubatowyň sözlerine görä, O...
W.Hajiýew zenanlary öňüni alyş diplomatiýasyna işjeň çekmek boýunça Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi
Türkmenistan Parahatçylyk medeniýeti boýunça Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan BMG-niň ýokary derejeli mejlisinde zenanlary öňüni alyş diplomatiýasyna we parahatçylyk işine has köp çekmek boýunça çykyş etdi.
2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň guramanyň ýanyndaky hemiş...
BMG Täjigistanyň başlangyjy boýunça 31-nji awgusty Halkara howpsuz emeli aň güni diýip yglan etdi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi, oňa laýyklykda, geljek ýyldan başlap 31-nji awgust howpsuz we ygtybarly emeli aň güni hökmünde halkara derejede bellener. Bu barada Täjigistanyň «Howar.tj» agentligi habar berdi.
Täze kararnama öň Täjigistan tarapyndan hödürlenen teklibiň we...
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Taýlanddan ýeňildi
Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (20 ýaşa çenli) Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň ikinji duşuşygynda Taýlandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda ýeňildi. Muňa garamazdan, türkmen ýygyndysynyň ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykmak mümkinçiligi saklanyp galýar.
«F» toparçasynyň çäginde geçirilen duşuşyk Taýlandyň Çonburi şäherinde...
Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine Muhtar Tleuberdi bellendi
Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine Muhtar Tleuberdi bellendi, bu barada degişli permana Respublikanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.
Muhtar Tleuberdi 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri ýurduň Awstriýadaky ilçisidi. Muhtar Beskenuly Tleuberdi 1968-nji ýylyň 30-njy iýunynda Çimkent oblastynda doguldy. Respublikanyň Daşary i...
Türkmenistanyň ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Baýramow 44 ýaşynyň öňüsyrasynda Birinji ligada üç gol geçirdi
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Nazar Baýramow ýurdumyzyň Birinji ligasynyň Aşgabat zolagynda çykyş edýän «Altyn Täç» toparynyň düzüminde ilkinji gezek meýdança çykdy. Türkmenistanyň futbol ligalarynyň derejesinde Birinji liga ikinji güýçli düzüm hasaplanýar. Futbolçy 44 ýaşynyň dolmagyna bir gün galanda «Oguzhan» toparyna ga...
Ýulle Madize Estoniýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy
Estoniýanyň Prezidenti wezipesine parlamentiň nobatdan daşary mejlisinde ýustisiýa kansleri Ýulle Madize saýlandy. Madizeni parlamentiň deputatlarynyň 101-inden 71-si goldap ses berdi, saýlanmak üçin sesleriň üçden ikisini ýa-da parlamentileriň 68-sinden az bolmadyk ses almak ýeterlikdi diýip, «Azertaj» habar berdi.
Netijede, Ýulle Madize we...
Türkmenistanyň we Niderlandlaryň daşary işler ministrleri Gaagada duşuşyk geçirdiler
3-nji sentýabrda Gaaga şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministri Tom Berendsen bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu barada Türkmenistan...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gerbariý ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak meselesine bagyşlanan duşuşyk geçirdiler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň alymlarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda gerbariý ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak, sanly neşirler üçin ylmy maglumatlary taýýarlamak we tejribe alyşmak mesel...
Türkmenistanyň wekilleri «RCOY Central Asia 2026» forumyna gatnaşýarlar
Türkmenistanyň wekilleri Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilýän «Howanyň üýtgemegini we suw serişdelerini dolandyrmakda sebit ýaşlarynyň orny» atly BMG-niň Howa boýunça Merkezi Aziýa sebitleýin ýaşlar konferensiýasyna («RCOY Central Asia 2026») gatnaşýarlar. Forum şu gün — 4-nji sentýabrda öz işine başlady. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.<...
Türkmenistanly ýaşlar üçin «RuCode 2026» halkara programmirleme olimpiadasyna hasaba alnyşyk başlandy
Türkmen ýaşlarynyň sanly tehnologiýalar we IT ulgamyndaky ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda «Baky Tylla» bilim merkezinde «RuCode 2026» algoritmik programmirleme boýunça halkara olimpiadasy geçiriler. Bu bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri mini...
«Volkswagen» Germaniýadaky dört zawodyny ýapmagy meýilleşdirýär
«Volkswagen» kompaniýasynyň dolandyryjy edarasy Germaniýadaky dört kärhanasyny ýapmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanýan «WirtschaftsWoche» (WiWo) neşiri habar berdi.
Awtokonserniň wekili häzir maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän «Volkswagen»-i buzdaga urlan rowaýaty «Titanik» gämisine meňzetdi. «Emdendäki we S...