Jyn diýmek hakynda.

Halk arasynda jyn diýip agzamaly däl, agzasaň gelýämiş diýýäler. Şonuň üçin "üç harply" diýip agzamaly, jyn diýip adyny tutmaly däl diýip gürrüň edýäler. Bu gürrüňler nähili ygtybarlydygyny men-ä bilemok. Ýöne köp gabat geldim, adyny tutman "üç harply" diýýändiklerine. Bu ýere-de soňky wagtlar girýän köpeldi. Herkim her ýerde her hili gürrüň eşden...

Dowamy »

1773 10
Sorag-jogap, 5 years ago


Türkmenistan - Özbegistan. Aziýa kubogy 2019

Aziýa kubogynyň toparlaýyn oýnunyň 2-nji aýlawy başlady. Şu wagt Türkmenistan Özbegistan bilen oýnap dur. Oýnuň 26-njy minudy, 2-0 hasabynda ýeňlip otyrys. Oýnuň soňunda ýeňiş nesip bolsa biziň tarabymyzda bolar diýip umytly janköýerlik edýäris.

Dowamy »

1859 5
Sport, 5 years ago


Aziýaň Kubogy. Indiki garşydaşymyz Özbegistan.

Gynansakda Aziýaň Kubogynyň "F" toparynyň birinji aýlawynda biziň ýygyndymyz 3-nji ýerde barýar toparçada. Düýn Ýaponiýaň milli ýygyndysy biziň milli ýygyndymyzy 3-2 ýeňen bolsa, goňşymyz Özbegistanyň milli ýygyndysy Omany 2-1 hasabynda ýeňdi. Indiki biziň garşydaşymyz Özbegistanyň ýygyndysy. Oýun 13-nji ýanwarda sagat Aşgabat wagty bilen 21:00-da...

Dowamy »

1919 0
Sport, 5 years ago


Türkmenistan - Ýaponiýa. Aziýa çempionatynyň toparlaýyn duşuşygy.

Bu gün eziz Watanymyz, Türkmenistan üçin futbol baýramçylygy. Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýän Aziýaň Futbol boýunça çempionatynda biziň millimiz Ýaponiýaň ýygyndysy bilen ilkinji duşuşygyny geçirerer. Oýun Aşgabat wagty bilen 16:00-da başlar. Şeýle ýaryşa öň milli ýygyndymyz ýeke gezek gatnaşypdy.
Giňişleýin maglumaty agşam paýlaşar...

Dowamy »

1741 11
Sport, 5 years ago


Gynançly habar. Jeren Durdyýewa.

Turkmenistanyň halk artistkasy meşhur degişmeçi Jeren Durdyýewa bu dünýä bilen baky hoşlaşdy. Bu hakynda bu gün bütin IMO programmasynda köpler paýlaşdy. Meşhur artistkamyza imanynyň ýoldaş bolmagyny dileýäs. Yzyndaky çagalaryna, ýakynlaryna sabyr dileýäs.
Şu gün irden sagat 10-larda öýünden çykarýalar diýip paýlaşdylar.

Dowamy »

2031 9
Täzelikler, 5 years ago


Gülälek Hezretgulyýewaň "ŞATLYK" filmine belliklerimiz.

Şu wagt režessýor Gülälek Hezretgulyýewaň 2019-njy ýylyň täze ýyl baýramçylygyna taýýarlan "Şatlyk" atly aýdymçylaň gatnaşýan aýdym-sazly filmine seredip otyryn. Film hakynda gören kişiler bar bolsa öz pikirini ýazsalar gowy bolardy. Menem görüp bolanymdan soň öz pikirimi ýazaryn.

Dowamy »

1815 7
Sorag-jogap, 5 years ago


Mendenem bir degişme

Bir myhman şaheriň etaž jaýlarynyň arasyndan gije geçip barýamyş welin iki sany şäherli alkaş goh-galmagal edip gygyrşyp duran eken. Jedellerem "şu wagt gündizmi ýa gije" eken. Bularada bu myhman gabat gelensoň muny çagyryp yranyşyp şeýle diýipdirler:
- Geleý bärik, aýt bol! Şu wagt gijemi ýa gündiz?

Gije diýse oňa ýarajak d...

Dowamy »

1718 1
Edebiýat, 5 years ago


Täze ýyla "Şatlyk" filmi çykmadyla?

Gülälek Hezretgulyýewaň her täze ýylda goýýan filmleri halkyň arasynda uly sabyrsyzlyk bilen garşylanýady. Ýöne näme üçin bu gezek "Şatlyk" atly täze ýyl gijesine taýýarlan filmleri telewideniýede görkezilmedi. Ýogsa internet sahypalarynda bu filme taýýarlanýas diýip gatnaşýanlar surat we wideolar paýlaşýady.

Ýa men we beýlekiler ga...

Dowamy »

1775 9
Täzelikler, 5 years ago


5 sany aýdymçyňyzy saýlaň.

Şu günler baýramçylyga diýip telewideniýelerimizden gowy-gowy gepleşikler beryäler. Esasanam ýaş aýdymçylarymyzyň aýdymlaryny köp berýäler.

Men şu temada şu wagtky telewideniýämizde çykyş edýän ýaş aýdymçylarymyzdan iň gowy 5-ligi saýlamagyňyzy haýyş etjek.
Ýöne ýaltanman gaýrat edip sizem ýazyň!
Men öz bäşligimi şeý...

Dowamy »

1688 14
Täzelikler, 5 years ago


"ÝAGŞY ŞOW-2" çykdy

Soňky wagtlar internet dünýäsinde türkmen halkymyza ýetirýän wideorolikleri bilen meşhurlyga ýeten komik artist Ýagşy Goşunowyň we "OWAEZ" toparynyň gurnamagynda "YagshyShow" ady bilen ýurdumyza meşhur aýdymçydyr, tamadalar bilen gurnaýan gepleşigi az wagtyň dowamynda uly meşhurlyk gazandy.

Ine-de bu gün internet älemine ýene şol ge...

Dowamy »

1747 3
Täzelikler, 5 years ago


Täze ýyla dynç günler 4 gün.

Watan habarlar gullugynyň habarlaryna görä bu baýramçylyga 4 gün dynç güni bolar. Dekabryň 30-y bazar güni, 31-i karar bilen boş etdiler, ýanwaryň 1-i, 2-si baýramçylyk.

Täze ýylyňyz duşümli bolsun!

Dowamy »

1606 7
Täzelikler, 5 years ago


GOOGLE www.talyplar.com-y tapmaýan eken.

Bärik adminlerden arasynda gaňrylyp seredýän kişi bar bolsa aýdaýaýyn diýdim. Ýatladaýyn diýdigim, özlerem bilýän bolmagy ahmal welin.

Google bu saýty tapmaýan eken. Ezizowyň goşgusy şu saýtda aýry-aýrylykda müň tema edip açylanam bolsa, gözletseň ýekeje temany salgy berýä, talyplar komdan. Olam çykaraýsa, çykarmaýan wagtam bar. Gur...

Dowamy »

1610 18
Sorag-jogap, 5 years ago


Kompýuter, Windows... Kömek gerek!

Kompýuterimiň Windowsy zaýalanypdyr öýdýän, windows açylýa welin, raboçi stoldaky zatlary görkezibem dur welin birden ýüzi gögerip herhili sanlarmy, ýazgylar çykýada kursor böküp ugraýa.

Internetden programmasyny skaçat edip alyp özüm gurnap bilmezmikä, aňsatjak gurnalyş usuly ýokmuka? Ýa şu wagtkyny wostanawit edip bolmaýamyka?

Dowamy »

1762 4
Tehnologiýa, 6 years ago


Habar ýok-la?!

Şu talyplar komda biri bardy, budilnik ýaly belli wagtdan soň "salamçik talyplar" diýip tema açýady. Şol görgüli soňky wagtlar görnenok welin ýurduny täzeläýdimikä? Logini "rugaya" mydy, nämemi. Doly logini ýadyma düşenok.

Dowamly gabat gelip otyran zat, biderek zadam bolsa görünip durmasa kem ýaly bolaýjak eken.

Dowamy »

1567 5
Täzelikler, 6 years ago


Lionel Messi 5-nji gezek "ALTYN AÝAKGAP" aldy.

Dünýä futbolyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Lionel Messi Ispaniýaň çempionatynda 2017/18 möwsüminde 34 pökgi tora salmak bilen 5-nji gezek "ALTYN AÝAKGAP" baýragyny alyp, bu ugurda rekord goýdy.
Döwrümiziň beýleki superýyldyzy Kriştiano Ronaldo 4 gezek bu baýragy gazanan bolsa, başga hiçbir futbolçy bu baýragy 2 gezekden köp alyp gör...

Dowamy »

1702 0
Sport, 6 years ago


Ýunaýted Mourinýony "kowdy"

Garaşylan netijäni alyp bilmändikleri üçin Mançester Ýunaýtedden Žoze Mourinýony aýyrdylar. Klub öz twitter hasabyndan "Mançester Ýunaýtedde geçiren döwri üçin sagbolsun aýdýas. Mundan soňraky işinde-de üstünlik arzuw edýäs" diýip paýlaşdylar.

Möwsümiň ahyryna çenli kluba Maýkl Karrik tälimçilik eder diýip metbugatda agzalýar.

Dowamy »

1745 1
Sport, 6 years ago


Sallançak peýdalymy ýa zyýanly?

Oýünde sallançak gurmaýan barmyka? Sallançak peýdalymyka ýa zyýanly?

Özüm sallançak zyýanlydyr öýdemok welin käbir kişiler zyýany köp diýýä. Daşary ýurtlarda känbir ulananoklar diýjek bolýalar. Internetdenem gözläp köp ýerde zyýanly diýip agzaýa diýjek bolýalar. Siz näme diýýäňiz?

Dowamy »

1557 4
Sorag-jogap, 6 years ago


Admin! Soňky jogaplary görner ýaly edip bolmazmy?

Saýtyň admini bar bolsa, soňky jogaplanan temany görkezer ýaly edip bolmazmyka? Öňki, köne ýagdaýynda görkezýädi, sag gapdalda. Eger bolýan bolsa soňky jogaplanan temalary goýayda!

Dowamy »

1364 3
Täzelikler, 6 years ago


Herkim öz pikirini ýazsa...

Öňler restoranda köplenç gelin toýlar edilerdi. Sünnet toý, bäbek toý, sadakalar ýaly üýşmekler öýde edilerdi. Restoranda-da ýagdaýy gowy bolanlar ederdi. Meň diýýän wagtlam toý palatalaram ýokdy, tapsaň çadyr palata gurlar, onam tapsaň.

Meň diýjek bolýanym gapyda edip bolýan toýlary gapyňda toý palatasynda etseň gowumy ýa restoranl...

Dowamy »

1717 10
Sorag-jogap, 6 years ago


Messi uçar satyn aldy

Dünýä futbolynyň Argentinaly ýyldyzy Leo Messi öz şahsyna 15 million dollara uçar satyn aldy.
Modeli 2004-nji ýyl Gulfstream V uçarynda 8 ýatylýan ýer, 16 oturulýan ýer, 1 duş, 2 hajathana, 2 sany hem aşhanasy bar.

Messiň islegi bilen uçaryň arka tarapyna öz nomeri bolan 10-lyk ýazyldy. Şeýle hem her basgançagyna özüniň, maş...

Dowamy »

1905 0
Sport, 6 years ago


"Maşgala mekdebi" diýip saýt bar eken.

Çaga terbiýesi hakynda peýdasy degjek saýt bar eken, MAŞGALA MEKDEBI diýip. Özüm-ä gowy gördüm. Size-de peýdasy deger diýip adresini goýjak, girip görseňiz.

https://masgalamekdebi.com

Dowamy »

1646 2
Täzelikler, 6 years ago


Altyn pökgi, BallonDor 2018 Modriçde

10 ýyl bäri dowam edip gelýän Messi, Ronaldo gezekleşmesi indi gutardy. Bu ýyl 2008-nji ýyldan bäri Ronaldo we Messiň alyp gelýän bu baýragyny horwatýaly Luka Modriçe berdiler. Dogrusyny aýtsaň bu ýylam Ronaldo beren bolsalar hakykata laýyk bolardy. Ýöne adamlar bu iki legendadan ýadady öýdýän. Bu gezek Ronaldo 2-nji, Messi 5-nji, Neýmar 12-nji ýer...

Dowamy »

1676 0
Sport, 6 years ago


UEFA ýene bir turnir gurnajakmyş

UEFA Ýewropa-da çempionlar ligasy we Ýewropa ligasyndan başga-da üçinji bir turnir gurnajakmyş diýip mediada agzaýalar. Olam edil çempionlar ligasy ýaly 32 klubdan ybarat boljakmyş. Turniri 2021-nji ýylda başlajakmyşlar diýýäler. Beýdip ýörseler gyzygy bolarmyka futbolyň?

Dowamy »

1495 0
Sport, 6 years ago


Uly Buş dünýeden ötdi.

ABŞ-nyň 41-nji prezidenti Jorj Buş 94 ýaşynda dünýeden gaýtdy. Onuň ogly hem ABŞ-nyň prezidenti saýlanansoň muňa Uly Buş diýýädiler.

Şu ýylyň aprel aýynda Uly Buş aýaly Barbarany ýitiripdi.

Dowamy »

1487 1
Täzelikler, 6 years ago


Şekelatmy ýa Şokolad

Düýn öz kanallammyzyň birinden telekeçilik hakynda gepleşik boldy. "Hasar" konditer sehinde bir gelin aýlanyp seh hakynda maglumatlar berip, işgärler bilen gürrüňdeş boldy. Şonda alyp baryjy şekelat önümleri diýýä, bir gezegem şokolad diýmedi. HAKYKATDANAM şekeladmyka ÝA şokolad?

Dowamy »

1597 4
Sorag-jogap, 6 years ago