Öňler restoranda köplenç gelin toýlar edilerdi. Sünnet toý, bäbek toý, sadakalar ýaly üýşmekler öýde edilerdi. Restoranda-da ýagdaýy gowy bolanlar ederdi. Meň diýýän wagtlam toý palatalaram ýokdy, tapsaň çadyr palata gurlar, onam tapsaň.
Meň diýjek bolýanym gapyda edip bolýan toýlary gapyňda toý palatasynda etseň gowumy ýa restoranlarda? Mysal üçin şu gün sagat 11:00-dan 16:00-a çenli pylan restoranda, toý merkezinde sadaka ýa bäbek toý, gullukdan gelen sadakasy edýäs diýip aýdylsa gowumy ýa pylanynjy güni pylan uýşmek edýäs, gapymyzda diýip aýdylsa gowumy?
Herkim öz pikirini ýazsa...
-
Kucherov
6 years ago
- Ozem onler toya zada barlysam basgady. Hazir ya iyip icmek ucin yada taze geyim gejimini, pricëskasyny gorkezmek ucin baryalar. Selfi dusmek ucin toya gidyanem kan... yadymda, yagdayy yoguraklar kicirak sowgat alyp barsa ya umuman sowgatsyz baraysada hic kim sondan gowun kine edip durmazdy. Hazir betinden we gytyndan podarka alyp barmasan yaman atly bolyan.
-
messibet
6 years ago
- Men ýalňyş pikir edýänem bolsa bilemok welin restoranda toý edilse toý edýäniň özi myhman ýaly. Etaž jaýda dälde ýerde, planowoý jaýda ýaşaýan kişiler üçin toýy goňşy-golam bilen sowsaň dogry ýaly, göwnüme bolmasa. Ir bilen toýa başlasaň goňşy-golam gelse "näme hyzmat goňşy" diýip. Agzybirlik, gatnaşyk üçin ýerde, howluda ýaşaýanlar ýagdaýy bar bolsa öýünde etse gowy ýaly.
-
messibet
6 years ago
- Etažda ýaşaýan kişilere käbir kynçylyklardan toý mekanlarda edilse gowy bolup bilerem.
-
messibet
6 years ago
- @Kucherov sizň diýýäniňizem ugrunda bar.
-
Rowana
6 years ago
- Biza bir ýerde toý bolsa bolýar
-
messibet
6 years ago
- #Rowana oňaraýdyň sen-ä 😄
"Aýnany kim alsa şol alsyn, bize toý bolsa bolýa" diýen ýaly boldy.
-
Panturkist
6 years ago
- Aýnany kim alsa şol alsyn, bizä toý bolsa bolýar.
-
Yaş Şahyr
6 years ago
- Restoranda ansat bolyar, oyde etsen ishi kopelyar. Sho taraplaram seredilyar
-
messibet
6 years ago
- @Ýaş Şahyr çykdajysam deňmi ikisiniň?
messibet 6 years ago- Bilmedik welin adamlaň gatnaşygy köpeldimi, nämemi öňler üýşmekler darajyk öýlerde edilibem sowlardy. Şol döwür agzybirdikmi, nämemi toý etseň hökman goňşulaň öýlerem ulanylardy, iki tarabyňdaky goňşulaňam.