Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy

Kia elektrik ulaglarynyň satuwy bir ýylda iki esse artdy. 2024-nji ýylyň aprelinde Günorta Koreýanyň awtoulag öndürijisi 17 140 elektrik ulagyny satdy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 90% köp. Kia-nyň umumy satuwynda elektrik ulaglarynyň paýy 7%-e ýetdi diýip, ITHome habar berýär.
Satuwyň umumy ösüşine garamazdan, Kia...

Dowamy »

209 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Microsoft korporasiýasy iň çalt we intellektual Windows PK – Copilot+PC-ny hödürledi

Microsoft korporasiýasy emeli aňa gönükdirilen Windows-ly personal kompýuterleriniň täze kategoriýasyny hödürledi. Copilot+PC adyny alan täze gurluşlar häzire çenli döredilen iň çalt we intellektual Windows PK hökmünde häsiýetlendirilýär.
Copilot+PC emeli aň ýumuşlarynda 40 TOPS-a çenli öndürijiligi bolan kuwwatly prosessorlar bilen enjamlaş...

Dowamy »

224 0
Tehnologiýa, 7 months ago


ABŞ-da AIW-iň sanjymy ilkinji gezek adamlarda synag edildi

Dýuk uniwersitetinde (ABŞ) AIW sanjymynyň prototipi işlenip düzüldi we adamlarda geçirilen deslapky synaglarda geljegi uly netijeleri görkezdi. Cell žurnalynda neşir edilen makalada beýan edilen bu derman eýýäm birnäçe hepdäniň içinde AIW-e garşy antibedenleriň öndürilmegini stimulirläp biler.
Sanjym wirusyň gabygynyň, hatda mutasiýa wagtynd...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, 7 months ago


OpenAI-yň ykjam gurluşlardan girdejisi GPT-4o işe girizilenden soň güýçli ösüşi görkezdi

OpenAI tarapyndan GPT-4o-nyň işe girizilmegi modeliň Internet torunda erkin elýeterlidigine garamazdan, kompaniýanyň ykjam gurluşlardan gelýän girdejisiniň taryhda iň uly ösüşine getirdi. GPT-4o teksti, sözleýşi we wideony işlemegi başarýar we hakyky wagtda ses bilen emosional reaksiýa berýär. Bu täzelik has köp ulanyjylary tölegli ChatGPT Plus ýaz...

Dowamy »

205 0
Täzelikler, 7 months ago


Neuralink kompaniýasy ikinji adama çip oturtmak üçin ygtyýarnama aldy

Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy öz çibini ikinji hassa implantasiýa etmek (oturtmak) üçin FDA ygtyýarnamasyny aldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Operasiýa iýun aýyna meýilleşdirilýär, şu ýylyň ahyryna çenli bolsa Neuralink şeýle operasiýadan 10 sanysyny geçirmegi göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň bazasynda eýýäm 1000-den gowrak isleg bil...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, 7 months ago


Windows 11 Recall funksiýasynyň kömegi bilen “fotografiki ýada” eýe bolar

Microsoft korporasiýasy Windows 11 üçin ulanyjynyň kompýuterdäki ähli hereketlerini yzarlamaga we ýazga almaga mümkinçilik berýän täze Recall funksiýasyny hödürledi. Bu barada 3Dnews habar berýär.
Recall kompýuteri “fotografiki ýatly” gurluşa öwrüp, ulanyjynyň eýýäm işleşen maglumatlaryny, faýllaryny we mazmunlaryny çalt tapmaga mümkinçilik...

Dowamy »

198 0
Täzelikler, 7 months ago


Meksikadaky tako satylýan kiçijik garbanyşhana Michelin ýyldyzy berildi

Business Insider-iň habar bermegine görä, Mehiko şäherindäki kiçijik takohana kompaniýanyň ilkinji meksikan ýolgörkezijisiniň çäklerinde Michelin ýyldyzyny aldy.
56 ýyl ozal Meksikanyň paýtagty San Rafael etrabynda döredilen El Califa de Leon garbanyşhanasy täze önümlerden we elýeterli bahadan ýasaýan ýönekeý, ýöne tagamly takolary bilen me...

Dowamy »

203 0
Täzelikler, 7 months ago


Halkara Buker baýragy Jenni Erpenbekiň “Kaýros” romanyna gowşuryldy

Nemes ýazyjysy Jenni Erpenbek “Kaýros” romany üçin Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. Bu barada abraýly baýragyň resmi web sahypasynda yglan edildi diýip, The Guardian ýazýar.
Erpenbek bu baýragy alan germaniýaly ilkinji ýazyjy boldy. Ýazyjy 50 müň funt sterling baýragy eseriň terjimeçisi Maýkl Hofman bilen paýlaşar.
“Kaýros” kita...

Dowamy »

208 0
Täzelikler, 7 months ago


“Çelsi” tälimçi Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Ol “MÝ” ýolbaşçylyk edip biler

Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby toparyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda kabul edildi diýip, futbol klubunyň metbugat gullugy habar berýär.
“Çelsiniň” eýelerine bu klubuň taryhynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligi üçin minnetdar. Indi toparyň geljek ýyllarda Angliýanyň çempiona...

Dowamy »

201 0
Täzelikler, 7 months ago


Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Premýer-ministrini Aşgabada çagyrdy

20-nji maýda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D. Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri I. Kobahidzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň ösüşini, şeýle hem abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäginde köptaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn tejribesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, 7 months ago


“Karib deňziniň garakçylary” iki täze film bolup çykar: Depp ýok, ýöne Margo Robbi bar

Prodýuser Jerri Brukhaimer “Karib deňziniň garakçylary” filminiň äleminde iki täze filmiň işini tassyklady.
Entertainment Weekly bilen bolan interwýusynda, ol birinji taslamanyň franşizanyň rebuty (täzeden açylyşy) boljakdygyny aýtdy. Ssenarini “Ölüler erteki gürrüň bermeýär” (“Мертвецы не рассказывают сказки”) bölüminiň sýužetiniň üstünde i...

Dowamy »

222 0
Täzelikler, 7 months ago


Nepally alpinist 30-njy gezek Ewereste çykyp, öz rekordyny täzeledi

Nepally ýolbelet-alpinist Kami Rita bir aýyň içinde ikinji gezek we ömründe 30-njy gezek dünýäniň iň beýik depesi Ewereste (8848 metr) çykdy. Bu barada AFP ekspedisiýanyň guramaçylaryna salgylanyp habar berýär.
54 ýaşly Kami Rita Ewereste çykmak boýunça öz rekordyny täzeledi. Nepallynyň dünýäniň iň beýik depesine 29-njy ekspedisiýasy maý aýy...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi

22-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti myhmany möhüm çäräniň — GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň öňüsyrasynda myhmansöýer...

Dowamy »

168 0
Täzelikler, 7 months ago


“Atalanta” Ýewropa ligasynyň finalynda Lukmanyň het-trigi bilen “Baýerden” üstün çykdy

Bergamonyň “Atalantasy” Ýewropa ligasynyň finalynda taryhy ýeňşi gazandy, ol Lewerkuzeniň “Baýerini” 3:0 hasabynda utdy. Oýun Dublindäki (Irlandiýa) “Awiwa” stadionynda geçirildi.
Oýnuň gahrymany öz hasabyna üç gol ýazan nigeriýaly hüjümçi Ademola Lukman boldy.
Hüjümçi oýnuň eýýäm 12-nji minutynda hasaby açdy, soň 26-njy minutda “Atal...

Dowamy »

160 0
Täzelikler, 7 months ago


Goşun generaly To Lam Wýetnamyň täze prezidenti boldy

Wýetnamyň Milli ýygnagy general To Lamy ýurduň prezidentligine saýlamak baradaky rezolýusiýany kabul etdi. Ol ozal jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri bolupdy diýip, ýerli Thanh Niên neşirine salgylanýan RBK habar berýär.
To Lam 2026-njy ýyla çenli prezidentiň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirer. Ondan öňki Wo Wan Thyong "ahlak düzgünleri" sebäpl...

Dowamy »

172 0
Täzelikler, 7 months ago


Hytaýda ýaşy 1800 ýyl bolan otagly we penjireli üç sany kaşaň gubur tapyldy

Arheologlar Şandun welaýatynda dizaýny boýunça ýaşaýyş jaýlaryna meňzeýän ýaşy 1800 ýyl bolan gubury tapdylar. Hytaýyň Sosial ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa institutynyň berýän habaryna görä, Han döwrüne (b.e. öňki 206-njy ýyl – b.e. 220-nji ýyl) degişli bu bezegli jaýlamalar seýilgäh giňeldilmezden ozal geçirilen halas ediş gazuw-agtaryş işler...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Sürüjisiz, rulsuz we pedalsyz taksiler Hytaýda eýýäm şu ýyl peýda bolar

Hytaýyň Baidu tehnologiýa kompaniýasy 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Uhanda rulsuz we pedalsyz Apollo RT6 sürüjisiz taksilerini işe girizmek meýilnamasyny yglan etdi. CarNewsChina-nyň habar bermegine görä, taksini ses buýruklary arkaly ulanyp bolýar.
Sürüjisiz taksileriň sany, takmynan 1000 ulag bolar, diýlip garaşylýar.
Baidu Apollo RT...

Dowamy »

170 0
Tehnologiýa, 7 months ago


1924-nji ýylda goýberilen Auto Red Bug elektrik awtoulagy auksiona çykaryldy

Seýrek Auto Red Bug elektrik awtoulagy eBay-da goýuldy. Ol 1924-nji ýylda Automotive Electric Service kompaniýasy tarapyndan öndürildi diýip, IXBT habar berýär.
Agaç platformada gurlan awtoulag ajaýyp ýagdaýda saklanypdyr we, hatda seýrek ulaglaryň ýaryşlarynda baýraklara hem eýe bolupdyr.
Auto Red Bug asuda işleýänligi, zyýanly gazla...

Dowamy »

175 0
Täzelikler, 7 months ago


Liwerpul bir hepdelik “Teýlor-Taun” bolar: şäher pop ýyldyzyň konsertlerine taýynlanýar

Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar
Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen muşdaklary onuň döredijilik howasyndan dem alarlar. Şäheriň dürli ýerlerinde Swiftiň albomlaryna bagyşlanan 11 sany art-obýekt gu...

Dowamy »

198 0
Sport, 7 months ago


OpenAI ChatGPT-de bir sesi Skarlett Ýohanssonyň sesine meňzeşligi sebäpli öçürmeli boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botynyň sesleriniň birini mejbury öçürmeli boldy, sebäbi ses aktrisa Skarlett Ýohanssonyň aýtmagyna görä, onuň “öz sesine meňzeýärdi” diýip, AP habar berýär.
Aktrisa sesini ulanmaga razylyk bermändigini aýdýar. Ähtimal, Ýohanssonyň sesiniň çat-botda peýda bolmagy tötänleýin däldir: 2013-nji ýylyň “Ol” (Она) fil...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Toni Kroos Ýewro 2024-den soň karýerasyny tamamlar

Madridiň "Realynyň" we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroos 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyndan soň karýerasyny tamamlar. 34 ýaşly futbolçy bu kararyny sosial mediada yglan etdi.
Kroos: "Bu karar futbol karýeramyň şu tomus Ýewropa çempionatyndan soň gutarjakdygyny aňladýar" - diýip ýazdy.
“Hemişe aýdyşym ýaly, "...

Dowamy »

198 0
Sport, 7 months ago


Abu-Dabi aprel aýyndaky ygally howadan soň syýahatçylar üçin dynç alyş kenarlaryny açdy

Abu-Dabiniň suwa düşülýän kenarlary aprel aýynda BAE-de bolup geçen güýçli çabgaly howadan soň gaýtadan işe başlady. Bu barada BAE-de kabul edýän kompaniýa salgylanyp, “Inturist” syýahatçylyk operatorynyň metbugat gullugy habar berýär.
“Abu-Dabiniň ähli myhmanhanalarynda suwa düşülýän kenarlar indi açyk. Wagtlaýyn ýapylyşdan soň ähli obýektl...

Dowamy »

147 0
Täzelikler, 7 months ago


Hasap 23:22. Ysraýylda penalti tapgyrynyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordy täzelendi

“Dimona” kluby Ysraýylyň ikinji ligasyna çykyş üçin pleý-off-uň birinji tapgyrynyň oýnunda “Şimşony” penalti arkaly utdy. Toparlar 11 metrlik urgy tapgyrynyň dowamlylygy boýunça dünýä rekordyny täzelediler. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
20-nji maýda geçirilen duşuşygyň esasy we goşmaça wagty 2:2 hasabynda tamamlandy. Penalti tapgyrynda...

Dowamy »

152 0
Täzelikler, 7 months ago


Agşamky türgenleşikler gipertoniýaly adamlar üçin irdenkilerden has täsirli bolup çykdy

Braziliýanyň San Paulo uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymlary gözleg geçirip, pyýada ýöremek, ylgamak, tans ýa-da welosiped sürmek ýaly aerobiki türgenleşikler bilen diňe agşam meşgullanylanda, gan basyşyna oňyn täsir edýändigini anykladylar. Bu barada, The Journal of Physiology žunalynda çap edilen makalada aýdylýar.
Eks...

Dowamy »

154 0
Täzelikler, 7 months ago


2024-nji ýylda Türkmenistan boýunça ýene 5 sany suw arassalaýjy desga ulanylmaga berler

2024-nji ýylyň dowamynda Tejen şäherinde, Esenguly etrabynda, Gyzylarbat şäherinde, Tagtabazar we Türkmengala etraplarynda suw arassalaýjy desgalary ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen “Bagtyýarlyk” agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyş...

Dowamy »

148 0
Täzelikler, 7 months ago