Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün Tbiliside döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Hökümet binasynda geçen ikiçäk duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaş...

Dowamy »

80 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary halkara rus dili olimpiadasynda baýrakly orunlara mynasyp boldular

Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan onlaýn görnüşinde geçirilen «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden halkara olimpiadada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu barada uniwersitetiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda belleniliş...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 1 month ago


Germaniýanyň kansleri Bundestagda zenanlaryň azdygyndan nägilelik bildirdi

Häzirki wagtda Bundestagyň (Ministrler Kabineti) fraksiýalarynda zenanlar juda az hem-de wajyp meselä öwrüldi diýip, Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers Berlinde geçen metbugat maslahatynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Bu ýagdaý, gynansagam, meniň fraksiýama aýratyn degişlidir. Biz bu meseläni çözmäge jan edýäris. Men zenanlaryň syýasata...

Dowamy »

96 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanly diplomat Brýusselde birnäçe gepleşikleri geçirdi

Brýussel şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylar sebit we halkara howpsuzlygynyň derwaýys meselelerini, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýewropa...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy – sugunlary gorap saklamagyň ygtybarly mekanydyr

Türkmenistanyň çäginde sugunyň Merkezi Aziýada ýaýrap, seýrek duş gelýän we ýok bolmak howpy abanýan kiçi görnüşi bolan buhara suguny ýaşaýar.
Buhara suguny agramy 100 kilogramdan geçýän, syratly, owadan beden gurluşly iri haýwandyr. Erkek sugunlaryň şahlary owadan şahalanýar. Sugunlaryň şahlary hemişelik bolmaýar: jübütleşik möwsümi tamamla...

Dowamy »

86 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan we Gruziýa saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myratberdi Gaýypow Gruziýanyň Saglygy goraýyş, zähmet we durmuş goraglylygy ministri Mihail Sardžweladze bilen duşuşdy. Bu barada «frontnews.ge» neşiri habar berýär.
Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Gruziýa amala aşy...

Dowamy »

94 0
Täzelikler, 1 month ago


Gruziýanyň maliýe ministri Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň strategik ähmiýetini belledi

Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyndan hyzmatdaşlyk iki sebitiň arasyndaky söwdany we maýa goýumlary mundan beýläk-de işjeňleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu barada Gruziýanyň maliýe ministri Laşa Hutsişwili Türkmen-gruzin işewürlik forumynda eden çykyşynda aýratyn belledi. Ministr iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşykl...

Dowamy »

87 0
Täzelikler, 1 month ago


Netflix-de görkezilen «Men gorkamok» trilleri indi Belet platformasynda elýeterli

“Belet” platformasynda dünýäniň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan täze seriallaryň biri bolan «Men gorkamok» (No tengo miedo) atly meksikan drama-mini serialy tomaşaçylar üçin elýeterli boldy. Taslamanyň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 8-nji iýulynda Netflix platformasynda geçirildi we birnäçe günden soň serial platformanyň iň köp tomaşa edilen ilki...

Dowamy »

89 0
Täzelikler, 1 month ago


Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi

Sloweniýaly emin Slawko Winçiç futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna baş emin bellenildi. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.
Çempionatyň final duşuşygynda Argentina bilen Ispaniýanyň milli ýygyndylary 19-njy iýulda duşuşarlar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlanar. Winçiçiň...

Dowamy »

109 0
Sport, 1 month ago


Türkmen wekiliýeti bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyklar geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržolianiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.
Gruziýanyň hökümetiniň berýän maglumatyna görä, söhbetdeşlikde dürli ugurlar boýu...

Dowamy »

83 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan Şanhaýda geçirilýän Emeli aň boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşýar

26-njy ýylyň 17–20-nji iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde Emeli aň boýunça bütindünýä maslahaty (WAIC 2026) hem-de Emeli aňy ählumumy dolandyrmak boýunça ýokary derejeli maslahat geçirilýär. «Emeli aň boýunça hyzmatdaşlyk — ýagty geljek üçin» diýen şygar astynda geçirilýän foruma Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyr...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


Afrikada maýmynlaryň täze görnüşi tapyldy

Kongo Demokratik Respublikasynda alymlar ýüzi nikaply täze maýmyn görnüşini tapdylar, oňa «Colobus Congoensis» diýlen at berildi diýip, «PLOS One» ylmy žurnaly habar berdi.
Bu seýrek ylmy açyşlaryň biridir, sebäbi olar maýmynlaryň soňky 75 ýylda Afrikada hasaba alnan bary-ýogy bäşinji täze görnüşidir. Bu maýmynlar Afrikanyň iň barmasy kyn ýe...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy zenan goragçy wezipesine işgär gözleýär

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasy zenan goragçy wezipesine işgär kabul edilýändigini habar berdi. Bu wezipe boýunça işe kabul etmek 2026-njy ýylyň awgust aýynyň başyndan meýilleşdirilýär.
Wezipe-borçlaryň hataryna ilçihana gelýänleri girişde barlamak, degişli howpsuzlyk enjamlaryny ulanmak, şeýle hem nobatçy wezipesi...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Tbiliside resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Tbiliside Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzeniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Gruziýanyň Hökümet binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


Döwlet Dumasyna geçiriljek saýlawlar üçin RF-nyň ilçihanasy Türkmenistanda bäş saýlaw uçastogyny açar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasyna saýlawlar üçin Türkmenistanda bäş saýlaw uçastogyny döreder. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky wagtlaýyn ynanylan wekili Pýotr Şukin habar berdi — diýip, RIA Nowosti agentligi mälim etdi.
«Saýlaw uçastoklary Türkmenistanyň ä...

Dowamy »

84 0
Täzelikler, 1 month ago


Aýda bolan SSSR-iň baýdagy 102,4 müň dollara satyldy

«Apollon-11» kosmos maksatnamasynyň çäklerinde Aýa ugradylan SSSR-iň baýdagy Sotheby's auksionynda 102,4 müň dollara satyldy, bu deslapky 7-10 müň dollarlyk nyrhdan birnäçe esse ýokarydyr diýip, söwda-satyg öýüne salgylanýan «ria.ru» habar berdi.
«Bu sowet baýdagy ABŞ bilen SSSR-iň arasynda parahatçylyk meýliniň nyşany hökmünde «Kolumbiýa» m...

Dowamy »

82 0
Täzelikler, 1 month ago


«Ýene-de söweşe?» Makgregor operasiýadan soň UFC-däki iň soňky tutluşygyny geçirmekçi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor operasiýa geçirjekdigini, şondan soň bolsa gurama bilen häzirki şertnamasy boýunça iň soňky urşuna çykjakdygyny mälim etdi.
Ýekşenbe güni Las-Wegasda geçirilen tutluşykda irlandiýaly türgen amerikaly Maks Holloweýe garşy söweş başlanandan bir minutdan gowrak wagtyň içinde tehniki no...

Dowamy »

113 0
Sport, 1 month ago


Kosmos wagty çaltlandyryjy bolup, garramaga garşy göreşde kömek eder

ABŞ-nyň Merkezi Florida uniwersitetiniň alymlarynyň GeroScience ylmy žurnalynda çap edilen barlaglary kosmos gurşawynyň adamyň organizmine ýetirýän täsiriniň köp babatda tiz garrama hadysasyna meňzeýändigini görkezdi.
Bu netijeler hem kosmonawtlar, hem-de Ýerdäki adamlar üçin ýaş bilen bagly doreýän keselleri bejermegiň täze usullaryny işläp...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 1 month ago


FIFA-nyň uly şüweleňi sebäpli DÇ-2026-nyň finalyndaky arakesme 30 minuda çeker

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygy birinji we ikinji ýarymlaryň arasyndaky ägirt uly aýdym-saz şüweleňi (Halftime Show) özünde jemlär. The Telegraph neşiriniň habar bermegine görä,
FIFA öz düzgünlerine garşy gidip, oýun arasyndaky adaty 15 minutlyk arakesmäni 30 minuda çenli uzaldar.
​Çempiony kesgitlej...

Dowamy »

111 0
Sport, 1 month ago


FIDE küşt boýunça dünýä kubogynyň geçiriliş formatyny üýtgetdi

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) erkekleriň we zenanlaryň arasyndaky dünýä kuboklarynyň formatynyň üýtgedilendigini yglan etdi. Ýaryşlary geçirmegiň täze ulgamy 2027-nji ýyldan başlap güýje girer.
Ýaryşlar iki tapgyrdan ybarat bolar. Birinji tapgyr «45 minut + 30 sekunt» wagt gözegçiligi bilen şweýsar ulgamy boýunça geçiriler. Erkekleriň ara...

Dowamy »

109 0
Sport, 1 month ago


Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün Tbiliside ilkinji gezek döwlet saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Prezidenti Mihail Kawelaşwiliniň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Gruziýanyň Prezidentiniň «Orbeliani» köşgündäki meýdançada belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi...

Dowamy »

77 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Prezident Serdar Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa geldi. Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň bu dostlukly ýurda amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sapary mynasybetli Tbilisiniň Şota Rustaweli adyndaky Halkara howa menzilinde...

Dowamy »

88 0
Täzelikler, 1 month ago


Türkmenistan bilen Germaniýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harmsyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürme...

Dowamy »

91 0
Täzelikler, 1 month ago


Argentina Angliýanyň ýygyndysyny ýeňip, futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyna çykdy

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym finalynda Angliýanyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň finalyna çykdy.
Atlantada geçirilen duşuşyk Argentinanyň ýygyndysynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Angliýanyň düzüminde Entoni Gordon 55-nji minutda tapawut...

Dowamy »

111 0
Sport, 1 month ago


Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy

Ozal habar berşimiz ýaly, 15-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri mejlisde çykyş edip, mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýuny hem-de Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary gur...

Dowamy »

90 0
Täzelikler, 1 month ago