Ata Watan
1-2-nji aprelde Mukamlar köşgünde estrada ýyldyzlarynyň konserti geçer
2023-nji ýylyň 1-2-nji aprelinde Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň meşhur estrada ýyldyzlarynyň konserti geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde habar berdiler.
Konsertde Myrat Baýramgeldiýew, Gülnar Nuryýewa, Kakajan Haldurdyýew, Selbi Annadurdyýewa, Leýli Mämmedowa, Begenç Çaryýew, Atageldi...
Hindistan 2030-njy ýyldan başlap kosmosa syýahatçylary iberip başlamagy meýilleşdirýär
Hindi kosmos barlaglary guramasy (ISRO) 2030-njy ýyla çenli kosmos giňişligine syýahatçylaryň uçuşlaryny amala aşyrmagy maksat edinýär. Hindi kosmos gullugynyň başlygy Şridhara Paniker Somnatyň žurnalistlere habar bermegine görä, ISRO eýýäm syýahatçylyk modulynyň üstünde işleýär.
"Häzirki wagtda Hindistanyň howpsuz we köp gezeklik ulanyljak...
Audi ýangyç bilen işleýän A4 bilen A6-nyň adyny A5 we A7 diýip üýtgetdi
Audi -niň önümleriniň görnüşini düýpgöter täzeden gözden geçirjekdigi baradaky gürrüňler resmi taýdan hakykata öwrüldi.
"Dört halkanyň" baş direktory Markus Dýusmann Germaniýanyň “Auto Bild” žurnalyna beren interwýusynda täk indeksleriň ýangyç bilen işleýän awtoulaglar üçin, jübüt indeksleriň bolsa elektrikli awtoulaglar üçin ulanyljakdygyny...
«Dünýädäki ilkinji smartfon» barada BlackBerry filminiň treýleri çykdy
IFC Films kinokompaniýasy BlackBerry filminiň ilkinji treýlerini çykardy, bu film kanadaly öndüriji tarapyndan işewürler üçin adybir smartfonlaryň dörediliş taryhyny gürrüň berer. Onuň ssenariýasy ýazyjy we “The Wall Street Journal-yň” žurnalisti Jeki Maknişiň “Signalyň ýitmegi: BlackBerry-nyň täsin ýokary galyşy we pese gaçyşy barada aýdylmadyk gü...
Wengriýada robot rak çişini aýyrmak boýunça ilkinji operasiýany geçirdi
Wengriýada robotyň kömegi bilen rak çişini aýyrmak boýunça ýurtda ilkinji operasiýany geçirdiler. Prosedura Peç uniwersitetiniň kliniki merkezinde geçirildi, robot hassanyň kellesiniň we boýnunyň howply çişini aýyrdy diýip, forbes.kz habar berýär.
Lukmanlaryň aýtmagyna görä, robotyň kömegi bilen operasiýa wagtynda az sanly adamyň gatnaşmagyn...
WBA Usik bilen Fýurini 1-nji aprele çenli söweş şertnamasyny baglaşmaga borçlandyrdy
Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýurini 1-nji aprele çenli söweş üçin şertnama baglaşmaga borçlandyrdy. Bu barada guramanyň prezidenti Hilberto Mendosa Twitterde habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär.
Öň, WBA 11-nji martda iki tarapdan hem söweşi geçirmek boýunça ylalaşylandygy barada...
Denzel Waşington Ridli Skottyň «Gladiator 2» filminde oýnar
Deadline neşiriniň habar bermegine görä, Denzel Waşington «Gladiator 2» filminiň aktýorlar düzümine goşulmaga taýýarlanýar. "Gahar", "Türgenleşik güni" we başga-da köp filmleriň ýyldyzynyň haýsy keşbi janlandyrjagy belli däl, ýöne bu gahrymanyň kult sungatynyň ussady üçin ýörite ýazylandygy habar berilýär.
Geljekki filmde baş keşbi “Günüm” d...
Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi
Türkmenistanda Ulag serişdelerini dolandyrmaga hukuk almak üçin hünär synaglaryny geçirmegiň Tertibine goşmaçalar girizildi. Bu barada degişli Buýrugy Türkmenistanyň Içeri işler ministri 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda çykardy. Ol 2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Resminama...
Hyundai täze Elantra/Avante 2024 sedanyny çykardy düýn 15:13 9867
Hyundai Elantra 2024-iň ilkinji resmi suratlary çykandan soň, Hyundai kompaniýasy özeni Elantranyň Günorta Koreýa niýetlenen görnüşi bolan, täzelenen Avante bilen dolulygyna tanyşdyrdy.
Aýdyşlaryna görä, has gowy sowamagyny we aerodinamikany üpjün etjek, radiatoryň kiçi ölçegli gözenegi, biraz inçe faralar we bamperdäki has uly howa girişle...
Toyota Corolla-nyň iň golaý bäsdeşi Nissan Sylphy tanyşdyryldy
Ýaponiýanyň Nissan kompaniýasy üýtgedilen görnüşe eýe bolan, ýöne şol bir wagtyň özünde öňki nesilleriňki ýaly hereketlendirijileri we köne bahalary saklap galan, täzelenen Sylphy sedanyny hödürledi.
Toyota Corolla-nyň iň golaý bäsdeşi hasaplanýan Nissan Sylphy islege görä iki görnüşli güýç gurluşy bilen 11 sany toplum derejesinde elýeter. E...
Kino tankytçylary «Jon Uik 4-i» tutuş seriýanyň iň gowy filmi diýip saýladylar
«Jon Uik 4» filmine synlaryň çap edilmegine girizilen embargo ýatyrylandan birnäçe gün soň, Metacritic portalyndaky lentanyň ortaça bahasy 78/100 töwereginde saklandy. Bu žanryň iň gowy wekilleri bilen deňeşdirip boljak filmler üçin gaty ýokary görkeziji. Mundan başga-da, bu tutuş seriýa üçin iň oňat netije: kwadrikwel ikinji bölümden birbada üç ba...
FIFA-nyň prezidenti VAR ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşiniň döredilýändigini anons etdi
Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) eminlere wideo kömekçi (VAR) ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşini döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada FIFA-nyň Ruandada geçirilen kongresinde eden çykyşynda guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy diýip, sputnik.by habar berýär.
“Biz dünýäniň 100-den gowrak döwletinde VAR-y işe girizdik hem-de dör...
2023-nji ýylda Türkmenistanda Oraza aýy 23-nji martda başlaýar
Külli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Oraza aýy ýetip gelýär. 2023-nji ýylyň 22-nji martynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy başlanýar.
Türkmenistanyň Müftüliginiň beren maglumatlaryna görä, Orazanyň ilkinji güni 23-nji marta, soňky güni bolsa — 20-nji aprele gabat gelýär. Gadyr gijesi aprel aýynyň 17-si...
Apple Stiw Jobsuň eli bolmadyk ilkinji gezek täze gajet öndürer
Apple kompaniýasy ilkinji gezek onuň esaslandyryjysy we öňki direktory Stiw Jobsuň eli bolmadyk täze gajeti çykarar. Finacial Times neşiriniň habar bermegine görä, ol üsti ýetirilen reallygyň garniturasy bolar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, täze önüm 2023-nji ýylyň iýunynda Apple-iň oýlap tapyjylar maslahatynda görkeziler. Bu önümi 2011-nji...
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
15-inden 16-njy marta geçilýän gije Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Tapgyryň netijeleri boýunça ýaryşyň çärýek finalyna çykan 8 klub belli boldy.
Çempionlar ligasynyň 1/4 final tapgyryna çykan klublar: «Milan», «Inter» we «Napoli» (Italiýa), «Çelsi» we «Mançester Siti» (Angliýa), «Real» (Ispaniýa), «Bawar...
«Floorpan» laminat dükany Oraza mynasybetli ähli harytlaryna arzanladyş yglan etdi
Aşgabatda «Aýdyň mekan» bazaryndaky (Obýezdnoýyň ugrundaky) dünýä belli «Floorpan» laminatlarynyň dükany Oraza aýy mynasybetli ähli harytlaryna arzanladyş yglan etdi. Müşderiler üçin amatly bahalary hödürleýän bu aksiýa 22-nji aprele çenli dowam eder.
«Floorpan» laminat dükanynda laminatlaryň 80-den gowrak görnüşi bar. Dükanyň satyj...
Awtoulag üçin haýsy ýagy saýlamaly? «Technol» motor ýaglary ygtybarlylygy kepillendirýär
Motor ýaglarynyň awtoulagyň hereketlendirijisiniň ömrüni uzaltmakda esasy zatdygyny sürüjileriň ählisi biragyzdan makullasa gerek. Emma awtoulagyň üçin haýsy ýagyň gowudygy baradaky sowal babatda welin sürüjiler dürli-dürli pikirde bolup biler. Häzirki wagtda türkmen bazarynda dünýä belli motor ýaglarynyň dürli görnüşleri bar.
Şeýle ýaglaryň...
«Barselona» bilen «Real» Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym finalynda duşuşarlar
Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynda Madridiň «Realy» bilen «Barselona» duşuşar. Klublaryň arasynda birinji oýun 1-nji ýa-da 2-nji martda «Santýago Bernabeo» stadionynda geçiriler, jogap duşuşygy 4,5 ýa-da 6-njy aprelde «Barselonanyň» meýdançasynda geçiriler. Beýleki ýarym final duşuşygynda «Osasuna» bilen Bilbaodan «Atletik» duşuşar. Final...
Toyota üçülenji ýyl bäri dünýäde iň köp awtoulag satan korporasiýadyr
Korporasiýanyň hasabatyna görä, Toyota 2022-nji ýylda 10,48 million awtoulag satdy. Bu bir ýyl ozalkydan 0,1% azdyr. Şeýle-de bolsa, Ýaponiýanyň bu konserni indi üçülenji ýyldyr dünýäde №1 awtoulag öndüriji adyny resmi taýdan tassykladyp gelýär.
Onuň esasy bäsdeşi bolan nemes Volkswagen-i 2022-nji ýylyň 12 aýynyň içinde 8,26 million awtoula...
Fujitsu agramy 689 gram bolan 14 dýumlyk noutbuk çykarar
Fujitsu-nyň UH-X/H1 modeli Intel Core i7-1355U prosessor, 16 Gb RAM we 512 GB hemişelik ýat aldy. USB-C 3.2 Gen2, USB-C 3.2 Gen1, USB-A, HDMI, Ethernet razýomlaryny we gulaklyklar üçin 3,5 mm-lik razýom bar.
1920 × 1200 piksel durulykda IPS displeýine eýe boldy. Korpusynyň ýokarky bölegi uglerod süýüminden, aşaky bölegi magniý-litiý garyndy-...
Maýkl Jordanyň brendi Nike kompaniýasyna bäş ýylda 19 milliard dollar getirdi
Basketbolçy Maýkl Jordanyň Nike kompaniýasyna degişli Jordan brendi bäş ýylda 19 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Hypebeast ýazýar.
Maýkl Jordan Nike bilen baglaşan şertnamasyndan diňe 5%-ini alýar. Jordan brendi moda pudagynda iň üstünlikli aýakgap we egin-eşik brendleriniň biridir. Nike «Air Jordan 1-iň» dört ýylda diňe 3 millio...
Aziýanyň iň baý adamy kezzaplykda aýyplanyp, 65 milliard dollaryny ýitirdi
Aziýanyň iň baý adamy Gautama Adaniniň Adani Group hindi konglomeraty eýýäm 65 milliard dollar ýitirdi. Kompaniýalar toparynyň paýnamalary pese gaçýar we gymmatly kagyzlardan dynan maýadarlary köşeşdirmek üçin edilen ähli synanyşyklar islenýän netijä getirmeýär. Bu barada Reuters ýazýar.
Pese gaçyşlyk geçen hepde Hindenburg Research şereketi...
BSGG pandemiýa zerarly 3 ýyl bäri hereket edýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň möhletini uzaltdy. Bu barada guramanyň adatdan daşary ýagdaý boýunça komitetiniň mejlisiniň jemleri boýunça BSGG-nyň baş edarasy habar berdi.
Ählumumy saglygy goraýyşda adatdan daşary ýagdaý düzgüni 2020-...
Fewralyň ilkinji günleri Türkmenistanda ýagyşly, ýöne maýyl bolar
Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy habar berýär.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gün...
Renault Nissan-daky paýyny azaldar
Renault Renault-Nissan-Mitsubishi bileleşigini emele getirýän fransuz we ýapon kompaniýalarynyň arasynda uzak wagt bäri dowam edip gelýän jedeliň soňuna nokat goýup, Nissan-daky paýyny 43% -den 15% -e çenli azaldar.
Nissan fransuz awtoulag öndürijisiniň bary-ýogy 15%-ne eýelik edýär we onuň kararlaryna täsir etmäge hukugy ýokdyr. Ýaponlar b...