“Oskar” kino baýragynyň Ýewraziýa görnüşi 2025-nji ýylda gowşurylyp başlanar

2025-nji ýylda abraýly “Oskar” film baýragyna meňzeş Ýewraziýa film baýragy peýda bolar. Bu barada Russiýanyň Medeniýet ministri Olga Lýubimowa öz Telegram kanalynda yglan etdi diýip, “Çempionat” habar berýär.
Ýewraziýa film akademiýasyny we baýragyny döretmek pikiri režissýor Nikita Mihalkowa degişlidir. Ol muny 2022-nji ýylda teklip edipdi...

Dowamy »

286 0
Täzelikler, 1 year ago


Alymlar kofeniň ilki dörän ýerini tapdylar. Arabika 350-600 müň ýyl ozal Ýemende peýda bolupdyr

Genetikler dünýäde kofeniň meşhur görnüşi bolan arabikanyň 350-600 müň ýyl ozal Ýer ýüzünde peýda bolandygyny anykladylar. Bu barada Buffalo şäherindäki Amerikan uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär.
Bu açyş iki görnüşli kofe agajynyň gibridi bolan arabikanyň doly genomyny kesgitlemek arkaly mümkin boldy.
H...

Dowamy »

236 0
Täzelikler, 1 year ago


Bir zarýady 180 güne ýetýän iň arzan akylly ýüzügiň satuwy başlandy

Xiaomi degişli bolan Black Shark brendi ilkinji akylly ýüzüginiň satuwynyň başlanandygyny yglan etdi. Enjam Apreliň başynda mälim edilipdi.
Black Shark ýüzügi metaldan ýasalan, galyňlygy 2,2 millimetr, bu bolsa ulanyşda amatlylygy we rahatlygy üpjün edýär. Enjam ýürek urgusynyň ýygylygyny, ganyň kislorod bilen doýgunlyk derejesini, ýürek rit...

Dowamy »

266 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Inženerler adam derisinden zarýad alýan suw arassalaýjy oýlap tapdylar

Günorta Koreýadan we Hytaýdan inženerler topary adam derisinden zarýad almaga hem-de deňiz suwlaryny arassalamaga ukyply ykjam suw arassalaýjy süzgüji döretdiler.
Pyýada ýöremek arkaly emele gelýän statiki elektrik süzgüje 10 minutda zarýad berip bilýär. Takyk wagt ýöreýşiň tizligine we aýakgabyň görnüşine baglydyr diýip, Nature Water habar...

Dowamy »

282 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Guşlar düýş görýärler. Alymlar ony "ýormagy" öwrendiler

Mail.ru-nyň habar bermegine görä, Buenos-Aýres uniwersitetiniň alymlary guşlaryň düýş görýändiklerini anykladylar we, hatda olara düşünmegi hem öwrendiler.
Guşlar özboluşly beden agzasy - sesini özboluşly edýän sirinks arkaly gaýtalanmajak sesleri çykarýarlar. Gözleg geçirmek üçin gözlegçiler guş ukuda wagty kiskadi guşunyň ses ýolundaky myş...

Dowamy »

241 0
Täzelikler, 1 year ago


24 km/s: Ferrariniň iň haýal superkaryny 475 müň dollara satmakdan ýüz öwürdiler

Auto.ru portalynyň habar bermegine görä, Bring a Trailer atly onlaýn-auksionda Ferrari F12tdf -iň özboluşly nusgasyna täze eýe tapylmady. Öňki eýesi ony 475 müň dollara satmaga razy bolmady.
Bu awtoulag 2014-nji ýylda döredilen F12tdf-iň trek görnüşiniň zawod prototipi. Adatça, prototip derejesindäki ulag şahsy ele düşmäge degişli däldir, ýö...

Dowamy »

284 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

16-njy aprelde Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Taraplaryň wekiliýetlerine daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary R.Meredow we B.Saidow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şol sanda öň ýetilen ylalaş...

Dowamy »

240 0
Täzelikler, 1 year ago


Singapur işgärlere dört günlük iş hepdesini talap etmäge ygtyýar berýär

Singapurdaky işgärler indi iş berijilerinden dört günlük iş hepdesine geçmegi talap edip bilerler. SCMP-iň berýän habaryna görä, Adalatly we ösüşli işe ýerleşdiriş tejribesi ugrundaky üçtaraplaýyn bileleşik tarapyndan işlenip düzülen täze düzgünler çeýe iş meýilnamalaryny ýokarlandyrmagy we iş bilen şahsy durmuşyň deňagramlylygyny goldamagy maksat...

Dowamy »

246 0
Täzelikler, 1 year ago


“Golden Boy – 2024” baýragyna dalaşgärler belli boldy

“Golden Boy” baýragyny gowşurýan Tuttosport neşiri 100 dalaşgärden ybarat sanawy hödürledi. Sanawda birinji orny “Barselonanyň” oýunçysy Lamin Ýamal eýeledi.
Ikinji orunda “Benfikanyň” ýarym goragçysy Žoau Neweş ýerleşdi. Ilkinji üçlügi “Mançester Ýunaýtediň” oýunçysy Alehandro Garnaço jemledi. Şeýle-de, dalaşgärleriň ilkinji bäşligine “PSŽ-...

Dowamy »

326 0
Sport, 1 year ago


“Barselona” 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi

Çempionlar ligasynyň 1/4 finalynyň “Barselona” bilen “PSŽ” toparynyň arasyndaky jogap oýny parižlileriň peýdasyna 4:1 hasabynda tamamlandy (umumy 6:4). Netijede, Kataloniýa topary Çempionlar ligasynyň ýarym finalyna çykyp bilmän, ýaryşy terk etdi.
Parižliler bilen duşuşygyň netijesi “Barselona” Klublaýyn dünýä çempionatyna saýlanmaga mümkinç...

Dowamy »

314 0
Sport, 1 year ago


ABŞ-da itler üçin awiakompaniýa peýda boldy, olar salonda uçarlar

Amerikanyň itler üçin oýnawaç öndürijisi Bark adamlary we olaryň öý haýwanlaryny gatnatmak üçin niýetlenen çarter uçuşlaryny işe girizdi. Häzirlikçe Bark Air iki ugry hödürleýär: Nýu-Ýork – Los-Anjeles we Nýu-Ýork – London diýip, New York Post habar berýär.
Bir taraplaýyn uçuş 6000-8000 dollara düşer. Bu baha esasynda itlere we olaryň eýeler...

Dowamy »

276 0
Täzelikler, 1 year ago


FotoLab ykjam goşundysy arkaly telefonyň çeholyna islendik suraty çap etdirip bolýar

FotoLab ykjam goşundysy islendik suraty telefon çehollaryna çap etmek hyzmatyny hödürleýär. Bu ykjam goşundynyň üsti bilen isleýän çeholyňyzy ONLAÝN görnüşde sargyt edip bolýar.
Munuň üçin bar gerek zat – telefonyň modelini saýlamak we haýsy suraty çap etmek isleýändigiňizi karar bermek.
Suratly çehollar telefona özboluşly görnüş berý...

Dowamy »

300 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Günde ýokary klasly dört partlama hasaba alyndy

Duşenbe güni Günde M klasly dört partlama bolup geçdi. Bu barada Amaly geofizika institutynyň Geliogeofizika gullugyna salgylanyp, TASS habar berýär.
M1.7 klasly birinji partlama 06:18-de (Aşg.) hasaba alyndy we 20 minut dowam etdi. Soňky partlamalar, M1.0, M2.3 we M1.2 12:32-de başlandy. Ähli partlamalar gysga tolkunly radio aragatnaşygynyň...

Dowamy »

264 0
Täzelikler, 1 year ago


Warner Bros. bary-ýogy 15 hepdäniň içinde dünýäde 1 milliard dollar girdeji gazandy

Warner Bros. studiýasy 2024-nji ýylda halkara kassa ýygymlarynda milliard dollarlyk bellikden geçen birinji film kompaniýasy boldy. Bu netije bary-ýogy 15 hepdäniň içinde gazanyldy, bu rekord görkeziji diýip, Deadline ýazýar.
Studiýanyň üstünligi iki sany ýokary derejeli çykyş boldy: “Dýuna: Ikinji bölüm” we “Godzilla we Kong: Täze imperiýa”...

Dowamy »

270 0
Täzelikler, 1 year ago


Apple I çärýekde smartfon satuwy boýunça öňdeligini Samsung-a geçirdi

2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Apple kompaniýasynyň smartfon satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6% azaldy. Bu maglumatlar International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatyndan gelip çykýar. Bellenilen döwürde 50,1 mln iPhone satyldy (2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 55,4 mln), kompaniýanyň bazardaky p...

Dowamy »

287 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň reýtinginde birinji orna çykdy

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) ermenistanly söweşijisi Arman Sarukýan ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeledi. Täzelenen reýting promouşeniň saýtynda ýerleşdirildi. Bu agramda çempion russiýaly Islam Mahaçewdir.
14-nji aprelde UFC 300 ýaryşynda Sarukýan emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ý...

Dowamy »

332 0
Sport, 1 year ago


Gresiýada 2024-nji ýylyň Olimpiýa alawyny ýakmak dabarasy geçirildi

Gadymy Olimpiýada Parižde geçiriljek 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny ýakmak dabarasy geçirildi. RBK-nyň Halkara Olimpiýa Komitetiniň saýtyna salgylanyp habar bermegine görä, bulutly howa sebäpli fakel esasy taýýarlykda Gün şöhleleriniň kömegi bilen alnan otdan ýakyldy. Ýokary ruhany roluny gresiýaly aktrisa Meri Mina ýerine ýeti...

Dowamy »

360 0
Sport, 1 year ago


1000 at güýji: Mercedes-AMG BMW XM-e güýçli bäsdeş taýýarlaýar

Mersedes-AMG BMW XM-ä bäsdeş boljak kuwwaty 1000 at güýçli elektrik krossowerini işläp taýýarlaýar. Täze önümiň 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýar diýip, Carscoops ýazýar.
Geljekki wsedorožnik Mersedes-AMG-niň ilkinji doly garaşsyz awtoulagy bolar. Studiýanyň bar bolan ähli awtoulaglaryndan tapawutlylykda, ol kompaniýanyň “köpçülik üçin çyk...

Dowamy »

312 0
Tehnologiýa, 1 year ago


NASA-nyň DART missiýasynyň uran asteroidiniň bölekleri Marsa howp salýar. Adamlara onuň näme dahyly bar?

NASA-nyň 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda asteroidi ýolundan sowmak maksady bilen başlanan Double Asteroid Redirection Test (DART) missiýasy garaşylmadyk netijelere getirdi: çaknyşyk wagtynda emele gelen kosmos galyndylarynyň käbir bölekleri Marsa tarap ugur alyp biler diýip, iXBT habar berýär.
DART Dimorfos asteroidi bilen üstünlikli çaknyşyp...

Dowamy »

302 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça olimpiadalaryň netijelerini jemledi

Türkmen döwlet maliýe instituty sanly ykdysadyýet we ykdysady nazaryýet boýunça internet-olimpiadalaryň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guraldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Olimpiadalar talyplaryň hersini...

Dowamy »

305 0
Tehnologiýa, 1 year ago


Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Şu gün, 16-njy aprelde Pakistanyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Diplomat Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zard...

Dowamy »

279 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow UN-Habitat maksatnamasynyň ýolbaşçysyna birnäçe teklipleri beýan etdi

Şu gün, 16-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar bilen ýurdumyzyň we Maksatnamanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda ýurdumyz UN-Ha...

Dowamy »

281 0
Täzelikler, 1 year ago


Serdar Berdimuhamedow Siriýanyň Prezidentini gutlady

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti Başar Al-Asada Siriýa Arap Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Döwlet Baştutany şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Başar Al-Asada tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Siriýanyň ähli hal...

Dowamy »

289 0
Täzelikler, 1 year ago


MBA-nyň ýyldyzlary Lebron Jeýms, Karri we Dýurant Olimpiada – 2024-e gatnaşar

Olimpiada – 2024-de ABŞ-nyň milli basketbol ýygyndysyna MBA-nyň Lebron Jeýms, Stefen Karri we Kewin Dýurant ýaly meşhur oýunçylary wekilçilik eder. Bu barada ESPN habar berýär.
36 ýaşly Karri üçin bu karýerasyndaky ilkinji Olimpiada bolar. 39 ýaşly Jeýms eýýäm 2008 we 2012-nji ýyllarda altyn, 2004-nji ýylda bürünç medal gazandy. MBA-nyň fina...

Dowamy »

353 0
Sport, 1 year ago


AFK BAE-däki güýçli çabga sebäpli Aziýanyň Çempionlar ligasynyň ýarym final oýnuny yza süýşürdi

Aziýanyň Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň “Al-Aýn” bilen “Al-Hilýal” toparlarynyň arasyndaky ilkinji oýny yza süýşürildi. Bu barada AFK-nyň Çempionlar ligasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Sport24 habar berýär.
Oýun 16-njy aprelde Al-Aýnda geçmelidi, ýöne ýaramaz howa şertleri sebäpli ony bir gün yza süýşürmek kararyna gelindi. BAE-niň...

Dowamy »

282 0
Täzelikler, 1 year ago