Ata Watan
TÝL ― 2023: «Altyn asyra» kümüş medallar gowşuryldy
Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 27-nji tapgyrynda «Ahal» bilen geçiren duşuşygyndan soň Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyna çempionatyň kümüş medaly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
TFF-niň resmi saýtynyň ýazmagyna görä, medallary topara federasiýanyň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy.<...
TÝL ― 2023: möwsümiň iň ökde oýunçysy yglan edildi
«Ahalyň» tejribeli ýarym goragçysy Elman Tagaýew Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde oýunçysy diýlip yglan edildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi.
Elman Tagaýew bu ada bir ýyl arakesme bilen ikinji gezek mynasyp boldy. Mundan ozal 2021-nji ýylyň möwsümi boýunça-da ol iň ökde oýunçy hökmünde öňe çykmagy başarypdy.
34...
Tüwiniň bahasy soňky 15 ýylda iň ýokary derejede gymmatlady
Tüwiniň bahasy durnukly isleg we üpjünçiligiň gytlygyndan howatyrlanma bilen baglylykda, gymmatlamagyny dowam edýär diýip, «Bloomberg» habarlar gullugyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Taliandyň Tüwini eksport edijileriniň assosiasiýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 5 göterimli broken sortly ak tüwiniň bahasy bir tonna üçin 659 doll...
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen russiýaly aýdymçy Nýuşa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at dakyldy. Russiýaly estrada aýdymçysy bu hormatly ada Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň halklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşykla...
Moskwa kinofestiwaly 19-26-njy aprelde geçer
Moskwanyň Halkara kinofestiwaly geljek ýylyň 19-26-njy apreli aralygynda geçiriler, bu barada festiwalyň edarasyna salgylanýan «Interfax.ru» habar berýär.
46-njy MHKF-niň esasy meýdançasy, däp bolşy ýaly, paýtagtyň «Oktýabr» kino merkezi bolar.
Her ýyl kinofestiwalyň çäklerinde Moskwanyň 10 kinoteatrynda 200-den gowrak filmiň görkezil...
Kolumbiýada aýdymçy Şakiranyň heýkeli açyldy
Kolumbiýadaky dogduk şäheri Barrankilýede aýdymçy zenan Şakiranyň hormatyna heýkel açyldy. Bu barada «Espectador» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar.
Şäheriň häkimi Haýme Pumareho açylyş dabarasynda Şakiranyň Karib sebitiniň zenanlaryny we gyzjagazlaryny ruhlandyrýandygyny nygtady.
Şakira sosial ulgamdaky sahypasynda bu wakanyň özi...
Nýuşa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bagt nury» aýdymyny ýerine ýetirdi
Russiýaly meşhur aýdymçy Nýuşa türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Bagt nury» atly aýdymyny ýerine ýetirdi.
27-nji dekabrda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň gatna...
«TMCARFAX» onlaýn hyzmaty awtoulagy satyn almazdan öň VIN kody boýunça barlamagy hödürleýär
Häzirki döwürde sürlüp ýörülen awtoulagy satyn almak töwekgelçiliklidir. Käbir satyjylaryň alyjydan awtoulagyň awariýa bolandygy, geçen ýoly barada, şeýle-de ulagyň howpsuzlygyna we hiline täsir edýän beýleki ýagdaýlaryny gizleýän wagtlary az däl. Şeýle ýagdaýlardan seresap bolmak we zerur maglumatlaryň ählisini bir ýerden alyp wagt tygşytlamak üçi...
Türkmenistan we Hytaý bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň...
TÝL ― 2023: möwsümiň ahyrky duşuşygy geçiriler
Ertir ― 29-njy dekabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminiň iň soňky resmi duşuşygy geçiriler.
Ýokary liganyň 26-njy tapgyrynyň çägindäki duşuşykda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» «Ahaly» kabul eder. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy resmi saýtynda duşuşygyň «Şagadam» stadionynda geçiriljekdigini we onuň gündiz sagat 13:00-da...
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasynyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy
Şu gün — 28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş arçasynyň ýanynda, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutany bu ýerde dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny...
Prezident Söwda-senagat edarasynyň binasynda sergini we Täze ýyl şüweleňini synlady
Şu gün — 28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasyna baryp, bu ýerde dowam edýän sergi bilen tanyşdy we Täze ýyl şüweleňini synlady.
Döwlet Baştutany köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw edip, Söwda-senagat edarasynyň baýramçylyk öwüşgininde bezelen uly zalyna bard...
Tramp «Ýeke özi öýde - 2» filminde surata düşmäge razylyk berşini ýatlady
ABŞ-nyň Prezidentligine dalaşgär Donald Tramp 30 ýyl mundan öň «Ýeke özi öýde - 2» filminde özüne kiçijik sahnada surata düşmek üçin ýalbarandyklaryny gürrüň berdi. Filmde Kewin Makkalister (Makoleý Kalkin) ondan salgy soraýar, Tramp salgy berýär, ol filmde bary-ýogy birnäçe sekunt görünýär. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
Birnäçe gün mundan öň f...
Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlar forumynyň çäginde guralan köpugurly sergini synlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäginde guralan köpugurly sergä baryp gördi diýip, TDH habar berdi.
Sergi dürli döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýaşlar bilen işleşmekde gazanan üstünliklerini görkezdi....
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Türkmenbaşy şäherindäki mekdebe baryp gördi
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Sasaki Hiroşi Türkmenbaşy şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda daşary ýurt dillerini öwretmekde ýöriteleşen 13-nji orta mekdebe baryp gördi. Mekdepde okuwçylara ýapon dili hem öwredilýär.
Ýapon ilçisi mekdepde gyzgyn garşylanyldy diýip, Ilçihananyň metbugat gullugy belleýär. Okuwçylar myhmanlar üçin t...
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda10 adam pida boldy, 60 adam şikes aldy
Türkiýäniň demirgazyk-günbatarynda bolan ýedi sany ulag serişdesiniň çaknyşygynda 10 adam heläk boldy, 60 adam ejir çekdi diýip, «Daily Sabah» neşirine salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi.
Awtoulag heläkçiligi Sakarýa diýen ýerde penşenbede irden boldy, ýük ulagy, üç awtobus we ýene üs sany ulag çaknyşdy. Ejir çekenler golaýdaky hassahanal...
«Soltan Loft» restorany: çagalar bilen rahat dynç alyş
Aşgabatdaky «Soltan Loft» restorany diňe bir ulularyň däl, eýsem, çagalaryň hem wagtlaryny ýakymly geçirmeklerini üpjün etmekden we ajaýyp tagamlary hödürlemekden hoşaldyr.
Ýörite enjamlaşdyrylan çagalar otaglary we meýdançalary restoran işinde barha meşhurlyga eýe bolan täze aýratynlyk bolup, «Soltan Loft» restorany türkmen paýtagty...
Türkmen ýokary okuw mekdebinde Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) bagyşlanan okuw-usulyýet maslahatlary geçirildi. Maslahata mugallymlar toparynyň wekilleri we bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Şeýle maslahatlaryň biri Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekd...
Neýroulgamlar indi tekstdäki sarkazma we ýaňsylama düşünýärler
Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary neýroulgamlara adamlar tarapyndan döredilen tekstleriň mazmunyndaky sarkazm hem-de ýaňsylama äheňli sözlere düşünmäni öwretdiler diýip, «Computer Science» žurnalyna salgylanýan «gazeta.ru» ýazýar.
Häzirki wagtda tekstleri gaýtadan işläp we olaryň esasy duýgy äheňini çaklap bilýän birnäçe dil modeller...
AÇL ― 2023/24: «Ahaldan» ýeňlen topar Ronaldunyň garşydaşy boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda «Ahaldan» utulan «Al-Feýha» (Saud Arabystany) 1/8 finalda Kriştianu Ronaldunyň we onuň topardaşlarynyň garşydaşy boldy. Ýaryşyň indiki tapgyrynyň bijeleri AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki ştab-kwartirasynda çekildi.
«Ahalyň» başga bir topardaşy ― BAE-niň «Al-Aýn» topary bolsa ýene-de özbek...
Dunaý kenaryndan agyp, Budapeşti gark etdi
Dunaý derýasy kenaryndan agdy hem-de Budapeşt şäherini basdy. Sil joşmasyna geçen hepdede Wengriýa düşen çabga ýagynlary sebäp boldy diýip, «МИР 24» teleýaýlymy habar berýär.
Suw ýanýodalardan 35 santimetr ýokary galdy we 6,8 metre ýetdi.
Bilermenler ýagdaýyň has-da ýaramazlaşjakdygyny çaklaýarlar.
«Transfermarkt» türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Germaniýanyň «Transfermarkt» portaly futbolçylaryň ýylyň ahyryndaky transfer bahalarynyň reýtingini yglan etdi. Portala görä, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň 2023-nji ýyldaky düzüminiň bahasy 3,30 million ýewro ýetdi.
Milli ýygyndynyň we Gonkongyň «Kitçisiniň» ýarym goragçysy Ruslan Mingazow häzirki wagtda türkmen ýygyndysyn...
Ýewropa Bileleşigini esaslandyran Žak Delor aradan çykdy
Parižde Ýewropa komissiýasynyň öňki başlygy Žak Delor 98 ýaşynda aradan çykdy, ony Ýewropa Bileleşiginiň atasy we binagäri hasaplaýarlar diýip, AFP habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» portaly ýazýar.
Syýasatçynyň aradan çykmagy bilen bagly gynanç hatynda Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron oňa Ýewropanyň binagäri, adalatlylygyň göreş...
Brýus Uillisiň aýaly onuň bile düşen täze suratlaryny paýlaşdy
Kino ýyldyzy Brýus Uillisiň aýaly Emma Heming-Uillis onuň bile palma agajynyň saýasynda düşen täze suratlaryny sosial ulgamdaky sahypasynda çap etdi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Biz 16 ýyl bäri bile, meniň oňa söýgüm we hormatym ýylsaýyn artýar» diýip, aýaly ýazdy.
Aktýor geljekki aýaly Emma Heming bilen 2007-nji ýylda tanyşdylar, iki ýyl...
«Xiaomi» ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy
Hytaýyň sarp ediş elektronikasyny öndüriji «Xiaomi Corp.» kompaniýasy özüniň ilkinji elektrik ulagy bilen tanyşdyrdy, ol öňdäki 15-20 ýylda dünýäde öňdebaryjy awtoulag kompaniýasy bolmagy maksat edinýär diýip, «Interfax.ru» ýazýar.
SU7 (Speed Ultra) diýlip at berlen bäş orunlyk sedan akkumulýatoryna bir gezek güýç berlende, 800 kilometri geç...