Serdar Berdimuhamedowyň BRIKS Sammitindäki çykyşy

Hormatly döwlet Baştutanlary,
Hanymlar we jenaplar!
Ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti hormatly Wladimir Wladimirowiç Putine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygymy beýan etmek isleýärin.
Türkmenistan BRIKS+ “autriç” Sammitine ilkinji gezek gatnaşýar. Biz şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bi...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 7 months ago


Tesla bilen Mask belli filmden kadrlary göçürip almakda aýyplanýar

"Päkiden ylgap barýan 2049" («Бегущий по лезвию 2049») filminiň önümçiligine gatnaşan “Alcon Entertainment” kinostudiýasy Teslany, onuň ýolbaşçysy Ilon Masky we "Warner Bros. Discovery" Los-Anjeles kazyýetine berip, olara garşy iş gozgatdy. Bu barada naked-science.ru habar berýär.
Reuters habarlar gullugynyň maglumatyna görä, kazyýet işi 10-...

Dowamy »

149 0
Täzelikler, 7 months ago


Alymlar soňky 10 müň ýylda iň güýçli atylan wulkanyň senesini kesgitlediler

Alymlar soňky 10 müň ýylda iň uly wulkan atylmasynyň takyk senesini kesgitlediler. Netijeler Dendrochronologia žurnalynda çap edildi diýip, rbc.ru habar berýär. Gözleg işleri Ýamaldaky ýarym galyndy agaçlaryň ösüş halkalaryny öwrenmeklige esaslanýar.
Ural Federal Uniwersitetiniň we Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Ural şahamçasynyň Ösümlik we...

Dowamy »

155 0
Täzelikler, 7 months ago


Hindistan Aýyň günorta polýusyndan toprak nusgalaryny ýygnamagy meýilleşdirýär

Hindi kosmos gözleg guramasy (ISRO) täze “Chandrayaan-4” Aý missiýasynyň jikme-jikliklerini ýaýratdy. Bu barada "Spacenews" habar berýär.
Onuň maglumatlaryna görä, bu wezipe Aýyň günorta polýusynyň çäginde Aý topragynyň nusgalaryny ýygnamaga gönükdiriler.
Milanda geçirilen Halkara kosmonawt kongresinde ISRO-nyň metbugat sekretary P. W...

Dowamy »

169 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Internetiň tizligini ep-esli ýokarlandyrjak optiki kommutator döredildi

Miçigan uniwersitetiniň (ABŞ) gözlegçileri internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny düýpli özgerdip biljek doly optiki kommutator döretdiler. Bu barada Nature Communications žurnalynda gürrüň berildi.
Enjam internet magistrallaryndaky päsgelçilikleri ýok edip, optiki süýümden iberilýän maglumatlary elektrik signallaryna öwürmek meselesini ç...

Dowamy »

156 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Huawei Android-e garaşly bolmadyk HarmonyOS Next-i çykardy. Ol 30% kuwwatly

Huawei täze HarmonyOS Next operasion ulgamyny resmi taýdan hödürledi. Ol Android-iň arhitekturasyna düýbünden garaşsyz diýip, Hytaýyň China Daily neşiri ýazýar.
Bu eýýäm HarmonyOS-yň bäşinji wersiýasy. Huawei-iň ýerine ýetiriji direktory Ýuý Çendunyň sözlerine görä, OS Linux ýadrosyny we Android-iň başlangyç koduny ulanmazdan, noldan döredi...

Dowamy »

157 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Hytaý ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny synagdan geçirmäge taýýarlanýar

Hytaý ýurduň ilkinji ýüzýän gün elektrik stansiýasyny (bekedini) işe girizmäge taýýarlanýar. "Yellow Sea No. 1" atly fotoelektrik platformasy Şandun ýarym adasynyň günortasyndaky Sary deňizde gurlar diýip, New Atlas ýazýar.
Bir ýyllyk synag möhleti başlamazdan öňinçä, häzir stansiýanyň (bekediň) enjamlaryny gurnamak, düzmek işleri soňky tapg...

Dowamy »

162 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Marsda hlor zyňyndylarynyň syrly çeşmeleri tapyldy

“ExoMars-TGO” zondunda oturdylan rus ACS guraly, Marsyň atmosferasyndaky hlor birleşmeleriniň konsentrasiýasynda adaty bolmadyk durnuksyzlygy hasaba aldy. Bu açyş barada, Russiýa Ylymlar akademiýasynyň kosmos gözlegleri institutynyň gözlegçisi Mihail Luginin Gün ulgamynyň gözlegleri boýunça XV Moskwa simpoziumynda habar berdi.
Alnan maglumat...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Patek Philippe soñky 25 ýylda ilkinji gezek täze sagat kolleksiýasyny hödürledi

Şweýsariýanyň sagat öndüriji kompaniýasy Patek Philippe bazara Cubitus ady bilen täze sagat hataryny çykardy. Bu kompaniýanyň 1999-njy ýyldan bäri ilkinji täze kolleksiýasy diýip, CNBC kanaly habar berýär.
Kolleksiýa üç modelden ybarat: ikisi – polat korpusly we biri – platinaly. Öndürijiniň bellemegine görä, kolleksiýa “aňrybaş sport stilin...

Dowamy »

165 0
Täzelikler, 7 months ago


Ýewropada ýeňil awtomobilleriň satuwy soňky iki ýylda ilkinji gezek yzygiderli pese gaçdy

Ýewropa ýurtlarynda täze awtomobilleriň hasaba alynmagy sentýabr aýynda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4,2% pese gaçyp, 1,12 mln birlik boldy. Bu barada Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.
Soňky gezek hasaba almalaryň sany 2022-nji ýylyň ortasynda yzygider birnäçe aý pese gaçdy. Ýewropa Aziýadan we...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Samsung Galaxy Ring Hindistanda 465 dollar baha bilen satuwa çykdy

Samsung Galaxy Ring akylly ýüzügi geçen hepde Hindistanda deslapky sargyt üçin elýeterli boldy, häzir bolsa ol satuwa çykdy. Bu barada IXBT habar berýär.
Akylly ýüzügiň bahasy Hindistanda 465 dollar (ABŞ-da baha 400 dollar) bolup, Titanium Black, Titanium Silver we Titanium Gold reňklerde hem-de 5-den 13-e çenli dokuz ölçegde elýeterlidir. G...

Dowamy »

164 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişi BMG-niň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe BMG-niň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Siziň 2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana amala aşyran saparyňyzy buýsanç duýgusy bilen ýatlaýaryn. Bu saparyň dowamynda biz Türkmenistan bilen Birleşen Milletler...

Dowamy »

168 0
Täzelikler, 7 months ago


Zaha Hadid býurosy Daşkentde milli äheňleri we futurizmi özünde jemlejek özboluşly ylmy merkez gurar

Asly yrakly meşhur iňlis arhitektory Zaha Hadidiň binagärlik býurosy Özbegistanyň paýtagtynda guruljak Halkara ylmy-barlag merkezi üçin taslama hödürledi. Merkez Täze Daşkent etrabynda ýerleşip, şäheriň ösüş meýilnamasynyň bir bölegine öwrüler diýip, ArchDaily neşiri ýazýar.
Binanyň meýdany 23 000 inedördül metr bolar we binanyň özi Alyşir N...

Dowamy »

156 0
Täzelikler, 7 months ago


Alymlar tasman möjeginiň genomyny kesgitlediler we indi ony janlandyrmak isleýärler

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasynyň alymlary tasman möjeginiň has doly genomyny kesgitlemegi başardylar, olar şeýle hem tilasin (Tylacinus cynocephalus) diýlip hem tanalýar. Indi hünärmenler ýok bolup giden bu görnüşi “dikeltmek” isleýärler. Bu barada Melburn uniwersitetiniň (Awstraliýa) genetika we ösüş biologiýasy boýunça professor...

Dowamy »

170 0
Täzelikler, 7 months ago


Meksikada çagalaryň semizligine garşy göreşmek üçin mekdeplerde sagdyn däl iýmitleriň satuwy gadagan ediler

Meksikanyň hökümeti çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda barha artýan semizlik meselesine garşy göreşmek üçin bilim edaralarynda sagdyn däl iýmitleriň hem-de şekerli içgileriň satylmagyny düýbünden gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň bilim ministri Mario Delgadonyň beren beýanyna salgylanýan TASS habar berýär.
Bu gadaganlyk 2025-...

Dowamy »

162 0
Täzelikler, 7 months ago


Alymlar atmosfera göwher tozuny sepip, Ýeri sowatmagy teklip edýärler

Şweýsariýadaky Sýurihiň Ýokary tehniki mekdebiniň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary göwher tozy bilen Ýeri sowatmagyň usulyny teklip etdi. Geophysical Research Letters žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, göwher tozuny atmosfera sepmeklik Gün radiasiýasyny yzyna serpikdirmegiň täsirli serişdesi bolup biler.
...

Dowamy »

161 0
Täzelikler, 7 months ago


«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara forumynyň birinji gününiň netijeleri

23-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Şu gezekki çäräniň maksady energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça sebit hyzma...

Dowamy »

199 0
Täzelikler, 7 months ago


Ýakyn 24 sagadyň içinde howply asteroidleriň dördüsi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

Şu gün - 24-nji oktýabr, penşenbe güni 30-dan 177 metre çenli ululykdaky dört sany howply kosmos daş bölekleri Ýere ýakynlaşar. Bu barada NASA "Jet Propulsion Laboratory" web sahypasyndaky asteroidlere gözegçilik paneli habar berdi diýip, news.rambler.ru ýazýar.
Ilkinji asteroid obýektleriň iň kiçisi bolar. Ol diametri 30 metr bolan 2015 HM1...

Dowamy »

167 0
Täzelikler, 7 months ago


Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary Türkiýäniň parlamentarileri bilen duşuşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň wekiliýeti Türkmen-Türk parlamentara dostluk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin 20-25-nji oktýabr aralygynda Türkiýä iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada TmCars-a Türkmenistanyň Ankaradaky diplomatik ilçihanasynda habar berdiler.
21-nji oktýabrda Türkmenistan Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýe Respublikasy...

Dowamy »

165 0
Täzelikler, 7 months ago


Türkmenistan Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň maslahatyna gatnaşdy

14–18-nji oktýabrda Nýu-Delide (Hindistan) Halkara derman serişdelerine gözegçilik guramasynyň (ICDRA) 19-njy maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri hem gatnaşdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.
Bu çäre Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň...

Dowamy »

173 0
Täzelikler, 7 months ago


Samsung hindi smartfon bazaryndaky paýyny ýitirýär. Vivo we Xiaomi öňde barýar

Canalys seljeriş kompaniýasynyň berýän habaryna görä, Samsung 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde hindi smartfon bazaryndaky öňdebaryjylygyny Vivo bilen Xiaomi-ä geçirdi. Sammobile-iň bellemegine görä, hindi bazary - dünýäde bäsdeşligiň iň güýçli bazarlaryň biri.
2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde Vivo 9,1 million smartfon satmak bilen bazarda öň...

Dowamy »

165 0
Tehnologiýa, 7 months ago


Neýmar agyr şikes alandan bir ýyl soň meýdança dolandy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň “Al-Hilýal” toparynyň hüjümçisi Neýmar şikes alandan bir ýyl soň ýene-de futbol meýdançasyna gaýdyp geldi. Ol Aziýanyň Çempionlar ligasynyň üçünji tapgyrynyň oýnunyň çäklerinde BAE-niň “Al-Aýny” bilen oýunda 77-nji minutda oýna girdi.
“Al-Hilýal 5:4 hasabynda “Al-Aýny” ýeňdi. Neymar netij...

Dowamy »

195 0
Sport, 7 months ago


APL 2024/2025 möwsümiň gyş döwründe ulanjak topuny tanyşdyrdy

2024/2025 möwsümiň gyş döwri üçin Angliýanyň Premýer-ligasynda Nike amerikan sport brendiniň döreden täze topy ulanylar. Bu barada Liganyň metbugat gullugyna salgylanýan Versus habar berýär.
"Gyşyň sowuk günlerinde ýylylyk getirýär" - diýlip, Premýer-liganyň X sosial torundaky ýazgysynda aýdylýar.
Täze modelde gülgüne we benewşe bölek...

Dowamy »

174 0
Sport, 7 months ago


ATF Türkmenistanyň Tennis federasiýasyny Aziýada çalt ösýän gurama hökmünde ykrar etdi

Gonkongda geçirilen Aziýa Tennis federasiýasynyň (ATF) Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň Tennis federasiýasy Aziýanyň iň çalt ösýän guramalarynyň biri diýlip ykrar edildi. ATF-nyň başlygy Ýuriý Polskiý Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletowa degişli ýadygärlik sowgadyny gowşurdy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" neşiri habar b...

Dowamy »

194 0
Sport, 7 months ago


Türkmenistan ITF bilen 2028-nji ýyla çenli tennisi ösdürmek meýilnamasyny ylalaşýar

Türkmenistan Halkara tennis federasiýasy (ITF) bilen ýurdumyzda sportuň bu görnüşini 2028-nji ýyla çenli ösdürmek meýilnamasyna gol çeker. Degişli ylalaşyk Gonkongda Halkara tennis federasiýasynyň Baş assambleýasynyň çäklerinde geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow bilen ITF-iň baştutany Dewid Haggertin...

Dowamy »

184 0
Sport, 7 months ago