Ata Watan
Google meýilnamasyny üýtgedýär: Android 16 adatdakysyndan ir çykar
Google öz blogunda Android 16 operasion ulgamynyň 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde çykjakdygyny tassyklady. Kompaniýa adaty tertibini üýtgetmek kararyna geldi.
Öň, Google Android-iň täze wersiýalaryny, adatça, awgust aýyndan oktýabr aýy aralygynda çykarýardy. Indi ulanyjylar operasion ulgamyň indiki wersiýasyna 2025-nji ýylyň aprel, maý ýa-d...
Werstappen 17-nji orundan bat alyp, Braziliýanyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
“Red Bull-yň" sürüjisi Maks Werstappen “Formula 1” klasly ulag ýaryşlary boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Niderlandly sürüji ýaryşa 17-nji orundan başlady.
Ýaryşlar “Interlagos” aýlawynda geçirildi.
“Alpin” toparynda çykyş edýän fransuz sürüjileri Esteban Okon we Pýer Gasly p...
Jeff Bezos öz taslamalarynyň hatyrasyna Amazon-nyň ýene-de 3 milliard dollarlyk paýnamalaryny satýar
"Amazon-yň" esaslandyryjysy Jeff Bezos kompaniýanyň ýene-de 3 milliard dollardan gowrak möçbere barabar bolan paýnamalaryny satýar, diýip Greekwire habar berýär.
Bezos 2024-nji ýylyň başyndan bäri 13 milliard dollarlyk paýnama satdy. Ol bu serişdeleri hususy kosmos kompaniýasy bolan Blue Origin-i maliýeleşdirmek, şeýle hem öýsüz-öwzarsyz maş...
Apple M6 çipli we düýpgöter täze dizaýnly MacBook Pro-ny taýýarlaýar. Ol 2026-njy ýylda çykar
Bloomberg-iň abraýly insaýderi Mark Gurmanyň berýän täze maglumatlaryna görä, Apple düýbünden täze dizaýnly MacBook Pro çykarmagy meýilleşdirýär, ýöne ol 2026-njy ýyldan bärde çykmaz.
Kompaniýa 2-nm tehnologiýa prosesi boýunça öndürilen, has inçe korpusa, OLED displeýine we M6, M6 Pro we M6 Max prosessorlaryna geçmegi meýilleşdirýär.
...
Uorren Baffet eýeçiligindäki Apple-iň paýnamalaryny satmagyny dowam etdirýär
Uorren Baffetiň eýeçiligindäki Berkshire Hathaway maýa goýum kompaniýasy Apple-däki paýyny azaltmagyny dowam etdirýär diýip, 9to5mac habar berýär.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda kompaniýanyň portfelinde galan Apple paýnamalarynyň bahasy 69,9 milliard dollar boldy, ikinji çärýegiň ahyrynda bolsa 84,2 milliard dollar diýlip çaklanylýa...
Täzelenen Lexus ES 2025-iň ilkinji suratlary peýda boldy
Internetde täze Lexus ES 2025-iň gorag örtüksiz fotosuratlary peýda boldy diýip, Motor.ru ýazýar.
Awtoulag resmi premýerasynyň boljak ýerine äkidilende surata düşürilen bolsa gerek.
Täze önüm Toyota Camry XV80-iň esaslanýan platformasyny özünde saklap galyp, käbir daşky üýtgeşmeleri aldy.
Lexus ES 2025 Z görnüşli gündiz işleýän...
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (04.11 - 10.11)
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa gijelerine +4... +6 gradusdan +12... +14 gradus aralygynda, gündizlerine +10... +12 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Howa gijelerine +2... +7 gradusdan +11... +16 gradus aralygynda, gündizlerine +8....
Saud Arabystanynda gar ýagdy
Çölleriň we düýeleriň mesgeni bolan Saud Arabystanynyň demirgazyk sebitlerinde gar ýagdy. Gar El-Jauf sebitini örtdi we bu ýerli ýaşaýjylar üçin hakyky garaşylmadyk waka boldy. Khaleej Times neşiriniň habar bermegine görä, gar köp ýagan ýagyşdan we doludan soň geçen çarşenbe güni ýagyp başlady.
Meteorologlar güýçli ygallaryň, şol sanda ýagşy...
Şu gün ABŞ-da 60-njy Prezident saýlawlary geçiriler
Şu gün, 5-nji noýabrda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda taryhda 60-njy gezek Prezident saýlawlary geçiriler.
Ýurtda iň ýokary wezipe ugrunda Demokratik partiýa wekilçilik edýän häzirki wise-prezident Kamala Harris we Respublikan partiýadan dalaşgär, ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp göreşýär.
Prezident bilen bir wagtyň özünde wise-...
OPEK+ ýurtlary ýanwara çenli nebit önümçiligini artdyrmazlyk kararyna geldi
OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýylyň ahyryna çenli nebitiň gazylyp alynmagyny artdyrmazlyk kararyna geldi. Guramanyň saýtynda habar berlişi ýaly, geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri hereket edýän önümçiligi günde 2,2 mln barrel meýletin azaltmak baradaky şertnama ýene bir aý – dekabr aýynyň ahyryna çenli uzaldyldy.
Ilkibaşda OPEK+ ýurtlary 2024-nji ýyl...
Indi syçraýan daşlar Mersedes-Benz-lere zyýan ýetirip bilmez
Mersedes-Benz kompaniýasy ulaglary syçraýan daşlaryň we beýleki predmetleriň zeper ýetirmeginden goramak üçin özboluşly ulgam döretmegiň üstünde işleýär. Lidarlaryň we mikrofonlaryň utgaşmasy bilen täze tehnologiýa ýolda duşup biljek howplary ýüze çykarmaga we olardan gaça durmaga kömek eder diýip, Carmoses.com ýazýar.
Häzirki wagtda adaptas...
UEFA-nyň howandarlygynda geçirilýän oýunlar bir minutlyk dymyşlyk bilen başlar
Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) şu hepde klub ýaryşlarynyň ähli oýunlarynyň Ispaniýadaky suw joşmasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlykdan başlajakdygyny habar berdi.
Guramanyň resmi saýtynda bellenilişi ýaly, bu başlangyç Ispaniýa sebitinde weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde zyýan çekenlere...
Mahaçew bilen Sarukýan UFC 311-de oktagonda duşuşar: söweşiň senesi belli boldy
Ýeňil agramda UFC-niň çempiony Islam Mahaçew 18-nji ýanwarda Los-Anjelesde geçiriljek UFC 311 ýaryşynda Arman Sarukýana garşy titul goragyny geçirer. Bu barada Abdulmanap Nurmagomedow adyndaky garyşyk başa-baş söweş mekdebiniň resmi sosial ulgamlaryna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
“UFC 311, Los-Anjeles, 18-nji ýanwar. Islam Mahaçew b...
Oazisiň jümmüşindäki şäher: Saud Arabystanynda 4400 ýyllyk şäher tapyldy
Saud Arabystanynda ýerleşýän Haýbar oazisinde arheologlar 4400 ýyl mundan ozalky gadymy şäherçäniň galyndylaryny tapdylar. Al-Nata adyny alan bu şäherçe 1,5 gektar meýdany eýeläpdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 2400-nji ýylda bu ýerde 500 töweregi adam ýaşapdyr diýip, Plos One žurnalyndaky makalada aýdylýar.
Fransiýanyň Milli ylmy-barlag merkez...
Rafinýa “Kopa baýragyny” almagy mynasybetli Lamin Ýamala altyn iPhone sowgat etdi
“Barselonanyň” hüjümçi ýarymgoragçysy Rafinýa 17 ýaşly Lamin Ýamala “Kopa baýragyny” (2023/2024 möwsüminiň jemi boýunça 21 ýaşa çenli iň gowy futbolça berilýän baýrak) alandan soň täze altyn iPhone sowgat etdi.
Sosial ulgamlardaky wideosynda Ýamal täze gajetiň korpusynyň merkezinde 19-lyk belginiň we Lamine Yamal ýazgysynyň ýazylandygyny, bu...
Singapurda suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynda üç täze dünýä rekordy goýuldy
Singapurda geçirilýän gysga suwda ýüzmek boýunça Dünýä kubogynyň üçünji tapgyrynda üç dünýä rekordy täzelendi.
Fransiýadan dört gezek Olimpiýa çempiony Leon Marşan 200 metr aralyga toplumlaýyn ýüzüşde täze rekord goýdy. Ol bu aralygy 1 minut 48,88 sekuntda geçdi. 22 ýaşly türgen 2012-nji ýylda amerikaly Raýan Lohten tarapyndan 1.49,63 görkez...
Gazagystanda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Çempionata iki täze dissiplina goşuldy
Gazagystanyň paýtagtynda, Žaksylyk Uşkempirow adyndaky garyşyk başa-baş söweş köşgünde 8 – 10-njy noýabrda sambo boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Bu abraýly ýaryşa 80 ýurduň wekilleri gatnaşar diýip, Gazagystanyň Sambo federasiýasynyň baş sekretary Ýernazar Beksultanowa salgylanyp, Sputnik.kz habar berýär.
Merkezi aragatnaşyk gullugynda g...
Türkmenistanda 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak üçin usuly gollanma çap edildi
Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Mekdebe çenli 3-5 ýaşly çagalaryň sözleýşiniň ösüşini anyklamak» atly usuly gollanmany neşir etdi. Kitaplar ýurdumyzyň ýörite bilim edaralaryna ýetirildi diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Çaganyň sözleýşiniň dogry, kämil bolmagy onuň mekdebe taýýarlygynyň esasy...
Mikroskop astynda düşürilen fotosuratlaryň bäsleşiginiň netijeleri belli boldy
Nikon Small World fotosurat bäsleşigi 50 ýyllygyny belledi. 2024-nji ýylda bu bäsleşige gatnaşmak üçin 80 ýurtdan 2100 arza berildi. Emin agzalary suratlara olaryň özboluşlylygyna, maglumat berijiligine, tehniki ussatlyga we wizual gözellige görä baha berdiler.
ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky Ogasta uniwersitetiniň lukmançylyk kollejinden bolan B...
Ýaşaýyş gurşawyna uýgunlaşmaga ukyply "awuly" bakteriýalaryň täze görnüşi açyldy
Russiýanyň Tomsk döwlet uniwersitetiniň (TDU) biologlary "Limnochordia" synpyndan bolan bakteriýalaryň täze görnüşini tapdylar. Bakteriýalaryň nusgalary Tomsk oblastyndaky (welaýatyndaky) we Altaý sebitindäki çuň guýulardan tapyldy. Bu açyş hakynda “Frontiers in Microbiology” žurnalynda ýazyldy.
Üsti açylan mikroorganizmleriň täze görnüşler...
Ählumumy maýlama sebäpli Demirgazyk buzly ummanynda tutuş bir ada ýitirim boldy
Demirgazyk buzly ummanyndaky Frans Iosif arhipelagynyň bir bölegi hasaplanýan, 53 gektar meýdany bolan Mesýatsew adasy ýitirim boldy. Bu barada Rus geografika jemgyýeti habar berýär.
Guramanyň web sahypasy adanyň global ýylylyk netijesinde erändigini belleýär. Moskwa awiasiýa institutynyň dosenti Alekseý Kuçikonyň aýdyşy ýaly, sputnik suratl...
LEGO we Universal Pictures üç sany täze filmi anons etdiler
LEGO kompaniýasy Universal Pictures bilen hyzmatdaşlykda üç sany täze oýun filmini çykarar. Bu barada Variety habar berýär.
Geljekki filmleriň sýužeti barada maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne her bir taslama üçin režissýorlar eýýäm kesgitlenildi.
Filmleriň biriniň režissýory hökmünde “Jumanji” franşizasy («Джуманджи») we “Örän erbet mu...
Antarktidanyň üstündäki ozon deşigi kiçelmegini dowam edýär: alymlaryň soňky barlaglary
NASA we ABŞ-nyň Ummanlar we atmosfera barlaglary milli müdirliginiň alymlarynyň alan täze maglumatlary 2024-nji ýylda Antarktidanyň üstündäki ozon deşiginiň meýdanynyň ep-esli kiçelendigini görkezýär diýip, Hi-Tech Mail habar berýär.
Güýzüň birinji ýarymynda geçirilen ölçeglere görä, ozon deşiginiň iň uly meýdany 22,4 million inedördül kilom...
Şondong dünýäniň iň uly gowagy hökmünde ykrar edildi: oňa Giza pramidasynyň 15 sanysy ýerleşip biler
Wýetnamdaky Şondong gowagy (Hang Son Doong) dünýädäki iň uly gowak hökmünde ykrar edildi. Live Science-iň ýazmagyna görä, onuň içinde diýseň ýer köp bolup, ol ýerde Beýik Giza piramidalarynyň azyndan 15-si ýerleşip biler.
Gowak Fongnýa-Kebang milli seýilgähinde 1990-njy ýylda ýerli ýaşaýjy aw awlaýarka tötänleýin tapyldy. Ýöne gowakdan çykan...
Duden sözlügi nemes dilinde iň uzyn sözi saýlady: onda 67 harp bar
Meşhur nemes sözlügi Duden nemes dilinde iň uzyn sözleriň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny 67 harpdan ybarat bolan Grundstucksverkehrsgenehmigungszustandigkeitsubertragungsverordnung sözi eýeledi diýip, sözlügi düzüjileriň saýtynda habar berilýär.
Bu söz arkaly “ýer bölegi bilen şertnama rugsat berlende ýurisdiksiýany geçirmegiň dü...