ÝERI, SEN ŞOL GYZA MEŇZÄÝMELIMI?!.

Ak ýüzüňde halyň näme diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!
Öň göwün az aldanýarmy diýsene,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Saçy tokmak, boýy söýe ýalydy,
Goly çeper, dokaýany halydy.
Gözi — göz, gaşy — gaş, özüň ýalydy,
Ýeri, sen şol gyza meňzäýmelimi?!

Özüm sowuk boldu...

Dowamy »

654 3
Edebiýat, 3 years ago


Oýlanma

Sen meniň guwanjymdyň. Ýeketäk sen bardyň arzuwly yşk dünýämde. Indi bolsa senem ýok...
Günleriň şo-o-ol zybrym geçip durşy. Ýel ugruna bir eýläk, bir beýläk yranyp duran baglaryň şahalary, tutuksy asman, çola köçeler, agraslaşan howa... Dünýä şeýle bir içgysgynç. Göýä jahanda menden başga adam galmadyk ýaly, juda ýalňyz duýýan özümi. Bu ýal...

Dowamy »

706 4
Edebiýat, 3 years ago


......

Bir gün ogluň bolar.
Gyzyňam bolar.
(Şu gezeg-ä gyz bolaýjak öýdýän)
Haýsy bolanda-da parhy ýok maňa.
Owalda Allanyň halany bolar.
Ýöne ap-ak mämelerňi sokjalap
Emýän balajygy gujagňa gysyp,
"Bile bir düşekden örmedik" diýip,
"Söýgimiziň miwelerniň jykyrdap
Öýmüzi bazara öwrüşlerini

Dowamy »

819 7
Edebiýat, 3 years ago


GÜÝZ GIJESINIŇ OÝLANMALARY

Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym,
Otlar aýdym aýdýa, berýärin häsin.
Senem maňa gargaýamyň, sögýämiň,
Wysal bolman bagry ýanan yhlasym.

Goý, içikme, kalbym öýden halyçym,
Joşgun gaýtdy, kenaryna sygmandyr,
Düşün, janam, ahyr bir gün göwni üçin
Iň petigaraňam bagty çüwýändir.

Gü...

Dowamy »

678 3
Edebiýat, 3 years ago


“Günler kalendar deý tüketdi meni....”

Pursatlar duşumdan geçip gitdiler,
Baharyň ýagşy deý kalby öl ede.
Içgysgynç ümsümlik gurşapdyr daşym,
Ahmyrym ýok muňa dyrnak ýaly-da.

Joşguny gaýdyşdy köňül deňzimiň,
Söndi içimdäki “ot alan” wulkan.
Ýyllar ýaşlygymy ýaşap gutardy,
Bildim muny soňky menzilde durkam.

Meger, şu...

Dowamy »

673 3
Edebiýat, 3 years ago


....

Bir zad-a ýürege salýar howsala,
Bilemok oň näme sözleýänini.
Ýa bir uly zadyn ýitirdi göwün,
Ýa-da tapdy ömür gözleýänini...

Dowamy »

829 10
Edebiýat, 3 years ago


BIZ — PARALLEL...

Täk ömrüme jübüt-jübüt dert berip,
Takdyryma tagma basdyň gyýylman.
Setirlermiň ýangynyny geňleme,
Umytlarmyň gözýaşyna gyýylýan.

Boşadanňa “Söýgi” diýen dünýämi
Dag deý arman düwün bu gün gursakda.
Biz — parallel, kesişmeris hiç haçan,
Bir-birege näçe ýakyn dursak-da.

Belki, ý...

Dowamy »

670 0
Edebiýat, 3 years ago


HER HAL...

O gündiz gatnady, gije gatnady,
Ýel sübseläp ýetişmedi yzyny.
Nätsin pahyr, göwni karar tapmady,
Göräýmese aşyk bolan gyzyny.

Ýöne welin gyzy görse dymdy ol,
Eden hyýallary boldy biderek,
Bir gowy zat, her ädimde gürsülläp,
Dünýä bir setiri bagyş etdi ýürek?

Ýolda dörän şygra p...

Dowamy »

693 0
Edebiýat, 3 years ago


Garaz.......

Ertir.com edil Talyplar.com ýaly däldi: manyly, diskussiýa girip bolaýjak, bir zatlar öwrenip bolaýjak... mowzuklar açylýardy. Agzalary грамотный-dy. Beý diýsem, "грамотный" bolmak diňe ýokary bilimden ybarat diýdigim däl. Diňe orta mekdebi okanlarynyň hem hemmesi diýen ýaly diýseň sowatlydy, medeniýetlidi, edeplidi...
Dogry, "Süri agsaksyz...

Dowamy »

840 4
Sorag-jogap, 3 years ago


SÖÝGI GOŞGULARY

Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury “at” bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...

Dowamy »

718 1
Edebiýat, 3 years ago


“Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň...”

Hiç gonmagyň ebeteýin tapmadym, 
Ýörsemem kalbyňda yssy ýer peýläp. 
Ýazgydymdan gözýaş bolup syrykdyň, 
Gömdüň ertelermi gama gark eýläp. 

Ýazym gysga boldy, çolardy göwnüm, 
Hazan ýeli agyz urdy gülüme. 
Öýlänçiň ykbalyn gaýtaladyň sen, 
Döndüň gyşyň ir gizlenýän Gününe. 

Ada...

Dowamy »

705 0
Edebiýat, 3 years ago


Gepiň gysgasy...

Başga meseleleriň ählisini çözdüňiz-de, din meselesi galdymy indi size?! Iň ynjyk mesele şu! Gohy hem kän mesele, galmagaly hem kän mesele. Sowatlyragyňyzam degýäňiz şu meselä, elipden şermendäňizem degýäňiz. Dini ylmyňa göwnüň ýetse, bas, jedelleş soňuna çenli! Ýöne medeniýetlije jedele gir! Başyň çykanokmy, sokma-da başyňy!

Dowamy »

824 6
Sorag-jogap, 3 years ago


OL GÜNLER...

Ol günler bireýýäm uzakda galdy,
Ondan soň erikler ýaýdy gülün kän.
Ýadymda galypdyr, başyň mahmally
Akar ýapdan suw daşardyň gelinkäň.

Seň gelýäniň görsek, gyra çekilip,
Köşeşdi:rdik şagalaňly güzeri.
Gamyşlaryň arasynda bukulyp,
Saňa syn ederdi çaga gözleri.

Bedrelerňi doldur...

Dowamy »

762 3
Edebiýat, 3 years ago


AZAJYK PATRIOTIZM

Men erkin adam, meniň demim — tamdyryň howry, meniň emim — düýe çaly. Meniň sazym — dutar, aýdymym — ene hüwdüsi. Hiç haçanam bananyň süýjüsini gawunymyň şiresine deňemerin. Meniň üçin klassyka — Nury Halmammedow. Däbim, buýsanjym, arkam — Oguz. Şu topraklarda ýöremegi öwrendim, oýunjagym — aşyk, mekdebim — namys. Namazlygym — keçe, dinim — mertebä...

Dowamy »

754 6
Edebiýat, 3 years ago


MYSAL ÜÇIN:

Men içýän, ogurlyk edýän, zyna bilen meşgullanýan, adam öldürýän, namaz okamok... garaz, edýänim günä. Sebäbi şulary etmek meň ýazgydymda bar.
A bir goňşym içenogam, iliň hakynam iýenok, 5 wagtyna namazyny hem sypdyranok, ýetim-ýesirlere kömek edýär, garyplara sadaka berýär... garaz, edýäni diňe sogap işler. Sebäbi bu işleri etmek goňşymyň ý...

Dowamy »

1226 36
Sorag-jogap, 3 years ago


“Men — durmuşyň öweý ogly...”

“Dogry” diýsem, “egri” diýdi,
“Egri” diýsem, “dogry” diýdi.
Bagta ýetsem: “Sen bagty
ogurladyň, ogry!” diýdi.

Aga-gara düşünmeýän
çagajykkam “uly” diýdi.
“Adamlary köp söýýärsiň,
Sen — söýginiň guly!” diýdi.

Hut şoň üçin adamlary
Söýmegimi assa-assa
kemiberdim...<...

Dowamy »

749 0
Edebiýat, 3 years ago


AHWAL

Barymdan bazar eýledim,
Käte kemsindim ýoguma.
Bir gün duýgularmy bogup,
Ýanasym geldi ýoguna.

Göwnüme hile gurdurdym,
Urdurdym ýodany, ýoly.
Ähli kişä gyýa bakdym,
Ählisi kastymda ýaly.

Jan berjekdim jan berene,
Janyn berjek tapylmady.
Görmesem diýdim dünýäni,

Dowamy »

818 5
Edebiýat, 3 years ago


“Şeýde-şeýde bildim...”

Döwük-döwük bu göwnümiň derdi kän,
Gursagymda çogup duran gussa bar.
Häzir öz hoşuma ýaşasym gelýär,
Bagtam bolsa, wagtyndan öň gyssamaň!

Gyssamaň, duýaýyn ynjysyn köňlüň,
Çekişeýin günleň agyr keşigin.
Bolmanda, ejaza berenok hergiz
Egnimdäki “Ynsan” diýen eşigim.

Ýazjak bolýa...

Dowamy »

923 34
Edebiýat, 3 years ago


ATAMYŇ

Mähriban kyblam Mälikguly BERDIMUHAMEDOWYŇ
ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.

Aýlaryň soltany — ol Remezanda
Tamam boldy durmuş ýoly atamyň.
Gözellik jem bolup beýik ynsanda,
Şan-şöhratly geçdi saly atamyň.

Päkizedi Hak-Huda dergähinde,
Ýalkym bardy gahrymanlyk ruhunda,
Orunly b...

Dowamy »

887 3
Edebiýat, 3 years ago


Seniň ýanyňa

Bulutlar akmaýar seniň ýanyňa,
Derýalar akmaýar seniň ýanyňa,
Her zaman, eý aman, düşseň ýadyma,
Sensiz ses-selemsiz
                                       burlup kaddym-da,
Gursagymda köwsar urýar hasratym.
Jöwlan urýar yşkyň ýeldirgemesi.
Sensiz ses-selemsiz ýanýan,
                         ...

Dowamy »

738 8
Edebiýat, 3 years ago


BU GIJE...

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

...

Dowamy »

764 11
Edebiýat, 3 years ago


Ronaldunyň eden dogry hereketi 4 milliard dollarlyk zyýan getirdi

Mundan birnäçe gün ozal, has dogrusy, Wengriýa bilen bolan duşuşykdan bir gün öň metbugat ýygnagyna gatnaşan Kriştianu Ronaldu mikrofonlaryň ýanynda goýlan "Coca-Cola" içgili çüýşelerini öňünden aýryp, görünmez ýaly ýere goýdy we oturanlara garap: "Suw içiň. Suw ýeterlik" diýdi.
Futbol ýyldyzynyň bu eden hereketi "Coca-Cola" kompaniýasynyň p...

Dowamy »

1057 31
Täzelikler, 3 years ago


DOGLAN GÜNÜM

Doglan günüm, doglan günüm,
Elmisakdan kowlan günüm.

Ak gundagda ýatan günüm,
Agyr borja batan günüm.

Wagty sagat çekdi gitdi,
Batareýler çökdi gitdi.

Ynha, indem Adam ataň
Ýaşyndakam uly hatam,

Ötülmejek günäm bar deý,
Barýar jiger eräp gar deý.
<...

Dowamy »

855 11
Edebiýat, 3 years ago


“Aglama, ýürek, aglama”

“Aglama, ýürek, aglama”
Italmaz Akmyradow

Duşar entek kötel ýollar,
Aglama, ýürek, aglama!
Uzajak bo:r uzyn gollar,
Aglama, ýürek, aglama!

Her tüýslüdir ynsan içi,
Gözüňe ilerden kiçi
Bir teňňelik adam üçin
Aglama, ýürek, aglama!

“Görnüşine göräsi” ýok,

Dowamy »

670 1
Edebiýat, 3 years ago


“Meni söýgiň üçin bagyşla, eje!..”

Men bezzatdym.
Ýok, kezzapdym.
Kejirdim.
Ne gündiz, ne gije dynç aldyň menden.
Öwütlerňi — söýgi bilen ýugrulan
Gulagymyň ýelesinden geçirdim.
Sen hiç y:njalmadyň,
Ynjaldyň menden.

Goňşy çagalaryň eden etmişin,
Asla kakamda-da geçirmedigňi,
Üstüne abanyp özge dogrulaň,

Dowamy »

842 9
Edebiýat, 3 years ago