Ýigitler, siz haýsy görnüşdäki gyzy saýlarsyňyz?

Hemişe gyz-oglan ýada taýyň saýlamak barada gürrüň gitse, gyzlar oglanlaryň pullysyny gowy görýärler(hemme gyzlarymyz däl, ýöne arasynda bar) adamçylygy bolsa bolsun bolmasa bolmasyn ýöne puly bolsa bolýar diýýärler. Oglanlar bolsa maňa owadanja, akyllyja, ýuwaşja, ene-atam bilen oňuşsa bolýar diýýärler. Ýöne, oglanlar hemişe iki sany gyz bar bolsa...

Dowamy »

971 6
Sorag-jogap, 4 years ago


Ejemjan doglan gununiz gutly bolsun

Salam, Talyplar.com-yñ gadyrly agzalary!
Bu gün 4.04.2020ý mähriban ejemiñ doglan güni. Şu gün begenjimiñ çägi ýoklygy sebäpli, saýta hem paýlaşaýyn diÿdim.

Dowamy »

1028 16
Täzelikler, 4 years ago


Öpüşmek ýagny, Ogşaşmak gowumy?

Öz halaýan oglanyň/gyzyň bilen ýakyn tanşyp, sözleşip, onuň gylyk-häsiýeti, gyzyklanmalary, dünýägaraýşy bilen tanşyp, seniň oňa bolan duýgularyň has hem artmagy mümkindir. Sende barha güýjäp barýan duýgular günleriň bir güni sende ony öpme islegini döredip biler. Öz halaýan adamyň göwnüne degmezden nädip dogry öpüşmeli?
Elbetde, birinji gez...

Dowamy »

1319 6
Sorag-jogap, 4 years ago


Biraz oýlanyň we netije çykaryň (Durmuşyňyzda bolaýjak waka)

Hemişekisi ýaly irden sagat 07:30-da turdy we el-yüzüni ýuwdy. Azajyk işe taýýarlyk görensoň, aýaly we gyzy bilen bilelikde ertirlik edinmek üçin 07:45-de saçaga oturdy. Gelni örän oňat ertirlik taýýarlan ekeni daňdandan turup. Ertirligiň dowamynda hoşamaýlyk bilen aýaly hem-de gyzy bilen gepleşdi. Ertirlikden soň, adatdakysy ýaly 08:00-da saçakdan...

Dowamy »

969 1
Sorag-jogap, 4 years ago


Araňyzda barmy?

Salam agzalar we myhmanlar!
Şu saýta Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndan girýänler barmy?
Eger bar bolsa hökman habarlaşsyn, soramaly zatlarym bar!
Agza bolup bilmeýänler üçin telefon nomer (Bellik reklama däldir) - +993 64 177934

Dowamy »

784 5
Sorag-jogap, 4 years ago


Doglan günüň gutly bolsun!

Bu gün saýtymyzdaky agzalaryň biri, @Jupiter_Fire atly dostumyzyň doglan güni! Men hem şu pursatdan peýdalanyp Allaberdä uzak ýaş, bagtly durmuş arzuw edýän! Öňüňde näme arzuw eden bolsaň maksat-myradyňa ýet. Doglan günüň gutly bolsun, Allaberdijan🍻🎂🍰

Dowamy »

957 6
Täzelikler, 4 years ago


Görünsin (Yohud, talyplar.com-yň agzalaryna bagyşlanyp düzülen setirler)

Salam agzalaryň ählijesine,
Size meň göwnimiň şady görinsin,
Bu ýazan goşgymyň setirlerinde,
Bilýän agzalarymyň ady görinsin.

wagt, Panturkist, messibet agza,
12 bilen Arsen sygdy bu ýazga,
Soho aga saýdyň gyzykçysa
Ýene oň gadamly bady görinsin.

Sabirova_M, Babaniýazow Dj,...

Dowamy »

944 7
Edebiýat, 4 years ago


Ynsanlaryň içki we daşky sypatyna baha bermek

Esalamalaýkum, www.talyplar.com-yň mähriban agzadyr myhmanlary. Ilki bilen agşamyňyz haýyrly bolsun, indi mowzuga başlalyň!
Men bu orta atjak meseläme nähili garaýandygyňyzy bilesim gelyä. Biz bu zada durmuşda köp gabat gelyäs. Ine, mysal üçin bir adamy görenimizde daşyndan owadan, owadan geynipdir diýip diňe daşky sypaty boýunça baha berýäs...

Dowamy »

815 1
Sorag-jogap, 4 years ago


Gülmek Ömürden #8 (24.11.2020ý)

Bir är-aýal çagalary aňmaz ýalak söýüşjek wagtlary "Ýör atyşaly" diýip parol ulanýan ekenler. Birinji gezek aýaly atyşaly diýýä, daş edip gelýärler. Aýaly ýene bir gezek diýýa, ýene hem daş edip gelýärler. Üçünji gezek aýaly atyşaly diýen wagty, ysgyndan gaçan äri "Ana tüpeň, ana ok. Özüň oklap atyber." diýýämiş

Owalam biri poýezdli...

Dowamy »

1273 0
Täzelikler, 4 years ago


Gülmek Ömürden #7 (21.11.2020ý)

Metjitde baý bilen garyp bile namaz okap, doga etmäge başlapdyrlar. Baý bankrota düşüp barýan zawody üçin doga edip başlapdyr. Garybam"Huday jan, maňa bir jübit aýagap nesip et, bir aýakgabymam ýok"diýip doga edipdir. Bay oňa seredip, gaharlanypdyr. Jübisinden pul çykaryp: "Bar şuňa özüňe aýakgap al, Hudaýy güymeme" diýipdir.

Iki san...

Dowamy »

1270 2
Täzelikler, 4 years ago


Hoş söz aýdyň birek-birege

Günüň dowamynda iş ýerimizde, okuwda ýa-da öýde birek-biregimiz bilen gürleşenimizde, hoş sözleri ulanmak adama ruhy goldaw berýär. Bilip ýa-da bilmän, göwne degýän sözleri ulanmaklyk adama erbet täsir edýär. Beýle sözler psihologik tarapdan hem oňyn bolmadyk täsirini ýetirýär. Alymlar ynjydýan sözleri ulanýan adamyň gaharyny saklap bilmeýändigini...

Dowamy »

1004 3
Täzelikler, 4 years ago


Gyzlygynyň ýoklugyna gynanýan gyzyň aladasy (+18 gyzlara okamak gadagan!)

Bir gyz, äre çykjak bolýar welin gyzlygy ýok eken. Soň ol durmuşa çykyp giden jorasyndan maslahat soraýar:
- Jorajan, bu beladan nädip dynyp borka, olam biläýse indi?
- Hezilä, agşamlyk ýanyňa gelip işini bitirensoň şol ýeriňe ýod sepele. Bolany, biljek gümany ýok, reňkem meňzeşräk, menä şeýdäýdim..
- Bula bolaýdy jorajan, sagb...

Dowamy »

3976 14
Edebiýat, 4 years ago


Müşderi ( Hekaýa)

Hemme zat adaty ýagdaýda başlady. Ol dükana girenden täze satyjy gyza gözi düşdi. Aslynda ol birje çörek almaga gelipdi. Ýöne kassaň deňine eli boş barmaga çekindi. Ol ýene birki zat alyşdyrdy-da satyjynyň hasaby aýtmagyna garaşdy. Soňra müşderi çak edişinden köpräk aýdylan hasapdaky puly jübüsinden gözlemäge başlady. Onuň "bir manat ýetmeýän eken,...

Dowamy »

1028 1
Edebiýat, 4 years ago


Käbe we onuň altyn keşdeli örtgüsi

Haj möwsümi döwründe dünýäniň ähli künjeginden millionlarça adamlar Haj parzyny ýerine ýetirmek üçin mukaddes käbä gelýärler. Dünýäde gurlan ilkinji öý we ilkinji ybadathana diýlip kabul edilýän Käbe iň irki ýerleşiş merkezidir. Asyrlardan bäri gelip geçen ähli Pygamberleriň togap etmek üçin zyýarata gelen beýtullaha (Allanyň öýi), ilkinji gezek He...

Dowamy »

987 1
Bilim, 4 years ago


Ogulsenem Taňňyýewa - Hommadyň gyzy (Hekaýa)

Hommadyň gyzy Bägül şeýle bir gyz bolup ýetişdi, ony görmäge göz gerekdi, synlamaga gaýrat. Ol Bägül diýseň bägüldi. Onuň gabadyndan gyza nazar salman geçýän ýokdy. «Perileriň görkem Hommadyň gyzy Bägüliňkiçe ýa bolandyr, ýa bolan däldir» diýşip, gyz babatda gürrüň çykan ýerde aýdýardylar.
Hommadyň gyzy Bägüliň görk-görmegine obanyň diňe bi...

Dowamy »

997 1
Edebiýat, 4 years ago


Ogulsenem Taňňyýewa - Gaýdyp geliş (Hekaýa)

*Bellik - Hekaýalar saýta agza bolup bilmeýän okyjylarymyň haýyşy boýunça goýuldy!

Bu gije Nargülüň içini has-da gysdyrdy. Kejebesi darygyp, ýüregi agzyndan çykyp gelýärdi. Göwnüne, bu ýerleriň asmany-da, ýyldyzlaryň şöhlesi-de üýtgeşik görünýärdi. Günüň garasy gowy ýitip, gije gara şalyny bürenenem bolsa, howa ýeňläberenokdy. Petişd...

Dowamy »

943 0
Edebiýat, 4 years ago


Ogulsenem Taňňyýewa - Heleý Belasy (Hekaýa)

Bu gün Hangulynyň keýpi diýseň kökdi. Süňňi ýeňil gopýardy. Birsyhly ýylgyrasy gelip durdy. Mydama ukudan galan ýaly pökgerip duran gabaklaryň arasyndan ýyldyrap görünýän gyýak gözleriň şöhlesi ýitidi. Ol öňler işden geldigi kürşerip duran ýüzüni barha gamaşdyryp, töweregine ser hem salman, jaýa girip giderdi. Goltugyndaky gazete dolangy depderleri...

Dowamy »

997 0
Edebiýat, 4 years ago


Gumdaky aýak yzlary

Bir adam, bir gije düýş görüpdir, düýşünde uzyn deňiz kenaryndaky çägede dosty bilen ýöreýän eken. Olar ýöreýän wagty hem asmanda şol adamyň durmuşy bir film sahnasy ýaly görünýärdi. Deňiz kenary adamyň durmuş ýoly ýalydy. Adam gumda 2 jübüt aýak yzyň bardygyny görýärdi. Bir jübüt özüniňki, bir jübüt dostunyňky. Durmuş filminiň soňky sahnasy hem ge...

Dowamy »

986 2
Edebiýat, 4 years ago


Bu mowzuga at tapmadym

Köpden bäri içimi gyjyklap ýören soraglar bardy, menem düşünjämi ýazaýyn mümkin sizem özüňiziňkini ýazarsyňyz. tema belli bir waka ýa-da kemsitme niýetli däldir öňünden aýtýan soň kellä geýmäliň: 1. Dünýäde ynanar ýaly adam galmandyr-aý.
Şuny diýýän adam düşünip bilemokda, dünýädäki hemme adamlary tanaýarmyka. Häzir takmynan 9.2 milliard ada...

Dowamy »

984 2
Edebiýat, 4 years ago


Aýallarymyzyň näme iş edýänini bileli!

Adamsy agşam işden gelse, öý görer ýaly däldi. Gap-çanaklar ýuwulmandyr, saçak ýygnalmandyr, eşikler tertiplenmändir, düşekler galdyrylmandyr, bar ýer buyr-bulaşyk eken. Üstesine agşam nahary hem taýýarlanmandyr. Bu ýagdaýy gören adamsy, gahar-gazaba atlanyp, öýüň içinde sermenip başlapdyr. Görse aýaly diwanda kitap okap otyr eken.
Adamsy:...

Dowamy »

1226 1
Edebiýat, 4 years ago


Ogulsenem Taňňyýewa - Dünýä (hekaýa)

Dünýä ak-gara düşünip ugraly bäri, bir arzuw bilen ýaşaýardy. Mugallym bolup, obanyň çagalaryny okadasy gelýärdi. Obadan uly okuwa gidip, mugallym bolup dolanyp gelýänlere onuň gözi gidýärdi. Orta mekdebe gatnalmaly ýyllar, aýlar, günler azaldygyça, gyzyň ýüreginiň bükgüldisi artýardy. Özüne mugallym bolmak bagtynyň miýesser etjek-etmejegini serind...

Dowamy »

1211 5
Edebiýat, 4 years ago


Hadyslar

1. Aldawçylyk we görüpçilik diýen iki bela adamynyň hemme eden ýagşylyklaryny gemrip ýok eder. Misli oduň odunlary ýakyp ýok edişi ýaly.
2.Şumanlyk şirkdir. ýagny itiň uwlamagy, baýguşyň gygyrmagy sebäpli bela geler diýip gaýgy gam çekmek dinden çykmakdyr.
3. Uly günäler istygraf (çyn toba) bilen aýrylar, kiçi günäler yzygiderli edi...

Dowamy »

935 0
Bilim, 4 years ago


Hemmäňiz goşulyň!

Salam, www.talyplar.com-yň agzalary!
Men sizi Imo akkauntyma çagyrýaryn.
Siz bu akkaunta, Full kartinkalar, Manyly sözler, Söýgi we aýralyk sözlerini, Gyzykly wideorolikleri, Top_10 programmalary we VPN-leriň proski serverini görüp bilersiňiz!
Goşulmak isleseňiz +99364177934
Eger halamasaňyz blok edip bilersiňiz!

Dowamy »

1685 4
Täzelikler, 4 years ago


Gynandyryjy zatlar, Isleseňiz okaň!

Söýgüliň üçin janyňy berip bilermiň diýdiler:
- Ýok, Diýdim. Sebäbi, Janymy Alla berdi. Ol özüm üçinem amanat....
Tenim Ene-Atamky, olardan başga kişi üçin ölüp bilmerin!

Ata üçin iň agyr zat näme diýdiler:
A, Men bolsa:
- Gülüp, oýnap ýören perzentiniň tabydyny göterip mazara ertmegidir diýdim!

Dowamy »

1094 4
Edebiýat, 4 years ago


Halan goşgumy siz bilen hem paýlaşaýyn diýdim!

Eliň bilen edeniňi, egniň bilen çekersiň,
Ile göz ýaş dökdürseň, özüň üç essesin dökersiň,
Senem munda ötegçi geçip gitjek nökersiň,
Ýakma ýakyny ýady, öz oduňa düşersiň.

Päliň niýetiň näme bolsa, aljagyň hem şol bolar,
Diliň ajy duz bolsa, edeniňde şor bolar,
Ile ýamanlyk etseň, ýamanlyklar ýar bol...

Dowamy »

1089 1
Tehnologiýa, 4 years ago