Esalamalaýkum, www.talyplar.com-yň mähriban agzadyr myhmanlary. Ilki bilen agşamyňyz haýyrly bolsun, indi mowzuga başlalyň!
Men bu orta atjak meseläme nähili garaýandygyňyzy bilesim gelyä. Biz bu zada durmuşda köp gabat gelyäs. Ine, mysal üçin bir adamy görenimizde daşyndan owadan, owadan geynipdir diýip diňe daşky sypaty boýunça baha berýäs. 60% adamlar biriniň diňe daşky sypaty boýunça baha kesýärler. Näme üçindir biziň şonuň içki dünýäsi boyunça baha kesemizok, belki daşyndan owadandyr, ýöne onuň kalby owadan bolmasa mundan owadanlyk bolarmy!
Meniň bu gozgan meseläme siz nähili baha berersiňiz? Jogaplary kommentariýada galdyryň!
Jupiter_Fire 4 years ago- Birinji gezek gören tanamaýan adamymyñ daşky keşbine-de(sypatyna-da) seredemmmok, içki dünýäsine-de düşünjek bolomok. Ilki bilen Kim bolanda-da Jynymyz jyñkyryşsa(oñuşsa) boldy, daşky sypaty ýa içki dünýäsi nähili bolsa-da şoñ bilen oñuşýan. Eger jynym almasa(jynlarymyz oñuşmasa) onda o gyz ýa oglan(garry ýa ýaş) tapawudy ýok, içki daşky dünýäleri bilen gyzyklanjagam bolammok(oñuşammok, oñuşyp bilemokda garaz).
Ol iki ýagdaýy tapawutlandyrmak üçin bolsa, ol adam bilen bir gezek salamlaşmak(jyny bilen tanyşmak) ýeterlik.