Ýüregiňi haýsy ataşyň alawynda ýakdyň-da, dost bolduň parlak we nurly ýyldyzlara? Okuwçylaryñ aladasy bilen ukusyz galan gijeleriňde haýsy söwdanyň nagmasy bilen teselli etdiň ýüregiňi? Gözýaşlaryňdymy suwlan ol ýaşajyk söygi nahallaryny? Bulutlaryň hem kämahal husytlyk eden möwsümlerinde, köňül jülgeleriňdäki ab-y haýat çeşmeleri kim biler nähili joşgunlyk bilen çaglaýardy. Suwy çekilen guýylara göz edip, köňlüň suwa hesret niçeme teşne dodaklary gandyrýardy.
Bahar möwsüminiň parahat gijelerinde süýnen ýyldyzlary ýygnap birin-birin, daksam döşüňe gahrymanlyk nyşanydyr diýip... Ýene, seniň beýikligiňi hakyky manysy bilen görkezmekden juda ýöntem galar, bilýän...

Bilýän, ähmiýet bermezsiň sen döşüňdäki ýyldyzlara. Okuwçylaryň köňül dünýäsinde ýanan bolsa bir nurly şem we ýagtyldýan bolsa olaryň geljege uzaýan müň öwrümli ýollaryny, ynha iň uly bagtyýarlyk şu bolsa gerek seniň üçin.
Ýyldyzyň we ýürekde ýakan, ýüreklere şuglasyny çaýýan şemleriň kän bolsun mugallymym...
Gün geler, ýüreklerde ýakan şol şemleriň her biri, geljegimizi ýagtyltjak wepaly yşygymyz bolar. Ne gökdäki ýarymaý, ne-de ýedi ýyldyzly Ýedigen... Diňe ýüreklerde ýakylan şemler...

Bilim, Nirvana tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir