Howwa, Nuhty Nazar iň geň hem gerekli adam hökmünde instituta kabul edildi. Şol ýyl SSSR-iň döredilmeginiň 40-ýyllyk ýubileýine gabat geldi-de, institut toý dabarasyna ullakan konsert programmasyny taýýarlamagy hem-de “Zöhre-Tahyr” dessanyny sahnalaşdyrmaklygy meýilleşdirdi. Elbetde, öňi bilen Nuhty Nazar ýatlanyldy.Oňa baş roly – Tahyryň roluny tabşyrdylar. Nuhty Nazar Tahyra meňzeýärdi diýseg-ä hakykatdan daş düşdügimiz bolar, ýöne, Zöhräniň görmegeýligine söz ýokdy. Ol tüýs, Zöhre diýseň Zöhredi. Onuň asyl öz adam Zöhre. Institutda ähli gyzlardan saýlanyp dur. Bili inçe, döşi ýumry, topuklary tekiz, humarala gözleri her bakanda ýüregiňi jigledip goýberýän, uzynak, hoşsurat gyz. Geplände dagy, edil dutary gowşagrak düzüp saz çalan ýaly. Gabaklaryny galdyryp goýberende dagy uzyn kirpikleriniň ujy ýüzüňi ýelpäp dur. Oňa institutyň ähli oglanlary aşykdy. Ýöne, ol entek hiç kime hoş söz bermändi. Onuň kaddy-kamaty elbetde Nuhty Nazaram özüne bendi etdi. Her gezek oňa gözi düşenden özüni ýedi gat asmanyň üstünde saýyp, tow berilýän gurjak ýaly kellejigini iki ýana ýaýkap, dodaklaryny tamşandyryberdi. Ýöne, ol gyzyň kursam, ruham Nuhty Nazaryňkydan belent ekeni. Tahyry oýnajak oglan şu, diýip görkezilende dagy tas öz rolundan ýüz dönderipdi. Hälem medeni aň-bilim tehnikumyndanmy ýa kiçeňräk teatrlaryň birindenmi çagyrylyp getirilen, türkmençe gepländen orsça geplänini kem görmeýän ýaş režissýor işe başlamazyndan öň sahnada ähli zadyň şertlidigi, baş gahrymanyň rolunda oýnaýanlaryň hemmesiniň görmegeý bolmagynyň hökman däldigi barada düşündiriş geçdi-de, Zöhräni o niýetinden dänderäýdi. Oýun gidip duran wagty gahrymanlaryň biri-birine bolan gatnaşyklarynyň şertli bolmalydygyna çenli düşündirdi. Ýagny, ogşaşmaly ýerinde biri-biriňi ogşamaly däl-de, ogşan bolmaly, gujaklamaly däl-de, gujaklan bolmaly. Ol şo sözleri esasanam, Zöhräniň ýüzüne çiňerilip ýalmanyp duran Nuhty Nazara garap köp gaýtalady.
– Ponimaýete, biz çeper höwesjeňler-ow diýäge-de, roluňyza sowuk-sala garamaň, – diýip, ýaş režissýor buýra saçlaryny barmaklary bilen darap iki ýana haýdap ýörşüne janykdy.
– Obraza girjek boluň! Dwiženiýeleriňiz ynandyryjy bolsun. Ýasama bolmasyn. Aýdýan sözleriňiz bokurdakdan däl-de, aňyrdan, ot duşi çogup çyksyn.
Üç gün gaýtalamak geçenlerinden soň, režissýor Nuhty Nazary çete çekdi.
— Bar nadežda saňa baglydyr, gardaş. Özüň gaýrat edäýmeseň Zöhreden-ä tolk ýok. Koneçno, ona krasiwaýa, no eto ne reşaýet delo. Ona nikak ne možet woýti w obraz.
Režisýor arkan gaýyşyp barmagyny çommaltdy.
– A eto samoýe glawnoe w isskustwe! A u tebýa kak raz eto i ýest!..
Elbetde, Nuhty Nazar onsuzam elinden gelenini etdi. Onuň bir özüniň tutuş kolektiwi abraýlaýandygy baradaky gürrüň instituta ýaýrady.
Ahyram oýnuň tabşyrylmaly güni gelip ýetdi. Öňürti konserti goýbermeli, oýny soňundan görkezmeli etdiler. Nuhty Nazar perdäniň aňyrsyndan jyklap görse institutyň ähli mugallymlary gelipdir. Professor Könäýewem, rektoram, prorektoram, zooweterinariýa bölüminiň dekanam bar. Raýkomdan ýa Merkezi Komitetden bolsalar gerek, üç-dört sany nätanyş adam bilen, baýramçylyk günleri tribunada, hökümet işgärleriniň arasynda görünýän ýewropa geýimli gartmajrak aýalam otyr. Hemmesem öňdäki hatarda. Galany studentler. Umuman, zal hyryn-dykyn. Konsert gutardy. Göçgünli sazyň ýaňlanmagy bilen sahna ikinji gezek açyldy. Gür gara baglyga bürenip oturan serhowzyň başynda Zöhre gyz peýda boldy. Honha-da Tahyr. Ýagny, Nuhty Nazar. Ol sahna girende Zöhrä tarap elini serdi.
– Zöhre jan!
Zöhräniň owadanlygy zaldakylaram haýran eden bolsa gerek, hemmesi ör turup el çarpyşmaga başladylar. Bir görseler selleli kellejigini silkeläp Nuhty Nazaryň özem el çarpyp dur. Gapdaldan suflýoryň sesi eşidildi.
– E-eý, kel! Seňki näme, goýber eliňi! Ýüregi joşup duran Nuhty Nazar elini goýberdi-de, entek el çarpyşmalar doly köşeşmänkä Zöhrä tarap eňejigini çürreldip nama aýtmaga başlady. Zöhre jogap berdi. Nama birek-birege wepalylyk, duşman zerarly ara düşüp biläýjek ajy aýralyk hem hijran baradady. Her bentden soň iki göwre golaýlaşdy. Ahyram tapyşdy. Aýdym gutarandan soň Zöhre:
– Tahyr jan! Ölsem ýeriňki, ölmesem seniňkidirin! – diýdi.
Tahyr gollaryny gerdi.
– Zöhre jan! Mähribanym! Senden tamam şeýledi!
Şu ýerde Zöhre Tahyryň gujagyna dolan bolmalydy we sahna şertliligine laýyklykda Tahyr Zöhräni gujaklan bolmalydy. Şol wagtam bir pursatlykça tutuş zalda çyra sönmelidi. Bu bolsa olaryň esli wagtlap gujaklaşyp, ogşaşyp durandyklaryny aňlatmalydy.
Şeýle-de boldy. Çyra sönendenem zalda şowhun, gykylyk, sykylyk başlandy. Goh asmana göterildi.
Tüm garaňkyda galan Nuhty Nazar gözleri bilen Zöhräni agtardy, başda hiç zat görünmedi. Kem-kemden ak-mapraç ýüz aý dogan ýaly bolup garaňkydan saýlandy. Soň göz-gaş, dodak, burun sudura geldi. Gupbaly tahýa, kümüşli don, uzyn saç, ak alkym saýgartdy. Alagaraňky sähelçe kemi bar maşgalanyňam ýetmezini düzedip goýberýändir welin, asly owadan maşgalany-ha hasam janalgyç görkezýän ekeni. Edil şol pursatam Zöhre gyz eda bilen: “Tahyr jan, dinim, imanym!..” diýdi.
Tekst boýunça Zöhre bu sözi çyra sönmänkä, Tahyryň gujagyna dolup-dolmanka aýtmalydy. Emma nämüçindir gijä galdy. Nuhty Nazar bolsa muny gyz tarapyndan özüne edilen yşarat hasap etdi. Kalbynda “Il ýüzüne äsgermediksirän bolsada asyl muň göwni mende eken-ow” diýen duýgy döredi. Onuň “Tahyr jan...” diýen sözem “Nuhty jan...” bolup eşidildi. Onsuzam sähelçe bahana tapsa yňjak bolup duran ýürek berdenkä joş aldy-da, böwedi böwsüp goýberdi. Düýn-öňňünem Ýegendurdynyň oýunda ýandak ýatyryp ýören gödeňsi gollaryny bu peýwendi, şäher gyzynyň inçe bilinden ötürdi. Özüne dartdy. Dünýäden bihabar duran gyzyň döşi Nuhty Nazaryň döşüne jalkyldap uruldy. Bokurdagy “hylk” etdi. Gupbasy alaşakyrdy bolup ýere gaçdy. Ýumry döşüň ýylysy Nuhty Nazaryň ýüregini öňküdenem beter ersdirdi. Sünbül saçlar maňlaýyny gyjyklap, ýakymly gyz ysy burnuna has golaýdan uransoň-a Nuhty Nazaryň çürüje kellesindäki barja huşam uçdy-da, agzyny giň açyp, daşardan düşýän ölügsije ýagta gök alma ýaly bolup görünýän tämiz ýaňaklardan taýly gezek agyz urdy. Şol pursat Nuhty Nazar galan ömründe çyranyň ýanmazlygyny isledi. Zöhräniň ýaňagyna-ýaňagyny goýup meýmiräsi, gara saçlaryny tar-mar edip çöşläsi, köne şahyrlaryň aýdyşy ýaly ter mämelerden tutup bir tarapa gyşarasy, eglibräk şitdesini çöşesi geldi. Zöhre bolsa gujaga gapgarylşy ýaly: “hi-ih” etdi-de, sessiz-üýnsiz sypmaga synanyşdy. Ýigidiň döşüne ýumruklady. Çigninden agyz urdy. Emma bolmady. Bilinden aýlanyp biri-birine aran ýaly ilişen barmaklar gowşamady. Aýlawdan çykan atyňky ýaly açylyp-ýumulyp duran agyz “gök almadan” iýip doýmady. Terpenip duran galyň dodaklar ýuka dodakdan aýrylmady. Nuhty Nazaryň şol wagt: “Zöhre jan! Gorkma! Şumat meni kakoýto Tahyr diýip düşünme! Öz aşygyň Nuhty Nazar diýip düşün! Geregiň ýetim oglan bolsa meňňem ýetimligim Tahyryňkydan kem däl. Onsoňam adamçylykdyr hossarlaryňyza bir zat bermelem bolsa bir alajyny taparys. Bergidar galmarys” diýesi geldi. Ýöne oňa hany giň ýer, hany, näme diýseň aşak bakyp, sülmüräp, gulak asyp duran gyz. Nuhty Nazar bilen aşyk-magşugyň rolunda oýnaýandygyna öňdenem nätjegini bilmän ýören tosun gyz halys bolmajagyny bildi-de, Nuhty Nazaryň ýüzünden penjeläp çirkin gygyrdy.
– Goýber! Goýber diýýän kel ýer çeken! Häý, meýdiň ýansyn, meýdi ýanan! Aýryl!
Edil şol wagtam çyra ýandy. Nuhty Nazar goluny Zöhräniň bilinden aýyrdy-da, bir ädim yza çekildi. Hamala hiç zat bolmadyk ýaly dyzyna çökdi-de, iki elinem öňe serip tekst boýunça oýny dowam etdirdi.
– Zöhre jan!..
Zöhre janyň gözlerinden uçgun syçrady.
– Bela!
– Öten agşam düýşümde...
– Häý, düýşüň başyňy iýsin!
– Tä, kyýamat ahyra çenli...
Oýny bir wagt başyndan aýlap uran Zöhre sag eli bilen Nuhty Nazaryň sol dulugyna doňdurdy.
– Kyýamaty şu gün görkezerin men saňa, kel ýerjugyn!
Nuhty Nazar gyssanjyna tekstden çykyp gepledi.
– Zöhre jan, bi nätdigiň boldy bi?
Urgy yzly-yzyna gaýtalandy.
– Merez etdigim boldy, zäher etdigim boldy!
– Bir ýazykdan är ölmez, Zöhre jan! Men bilmändirin, ýalňyşypdyryn!.
– Me, bilmeseň! Me, ýalňyşan bolsaň!
Nuhty Nazar dawany oýnuň tekstine dogrulajak boldy.
– Sen meni urar sen, belki-de öldürer sen! Emma ölümden gorkmas men, ataňdan-da gorkmas men. Men bir Hudaýdan gorkar men!.
– Hudaýa ýetirmän özüm öldürin seni!
Nuhty Nazar boýnuny burdy.
– Zöhre jan, goýsana indi. Kamissa bar, raýkomdan gelen bar, hanha, oglanlar seredip otyrlar. Oýun gutaransoň dardan as welin şumat masgara etme!. Ýa bolmasada aýt, gowaça çöp gerekmi, çaňňalak gerekmi, sowuklanda ýapylýan dermanlyk ot-çöplerden gerekmi...
Zalda şowhun turdy. Dulugyny tutup duran Nuhty Nazar bir seretse režissýor görgüli sahna çykylýan basgançaklaryň üstünde düwdek bolup kellesini tutup otyr. Göwresem iki baka çaýkanýa, arasynda: “Işim-ä gördüňiz” diýýän manyda sahna tarap elini serýär, dodagyny dişläp buduna şapladýar. Maňlaýyna ýumruklaýar. Göz astyndan kabul ediş topara seredýär. Oglanlaram oturan ýerlerinden zowladyşyp ugradylar.
– E-eý, kel! Nämetdiň sen ony garaňkyda?!.
– Zöhre ony Garabatyrdyr öýden bolaýmasyn?
Mugallymmy ýa gaýypdan gelen gaýybanaçylaryň birimi, orta ýaşlaryndaky, gözi şullyrak biri burnuny gapdalyndakynyň goltugyna sokup “hoňňul-hoňňul” etdi.
– Zöhre-Tahyryň täze wariýanty dagymykan-aý?
Öňde oturan gyzlaryň kelte boýly, garaýagyz, dykyzjasy ýerinden “zöwwe” galdy-da, barmagyny çommaldyp çomuç ýaly bileklerini howada galgatdy.
– Zöhre! Göwnüňe degen bolsa köwşüň ökjesi bilen ber, şol kezzabyň kel kellesine! Höwünki, kuhnýada maňa lak atanam bardyr.
Zöhre: “Hä, şun-a gowy ýatlatdyň” diýýän ýaly, o gyza tarap baş atdy-da, aşak egildi. Köwşüne elini ýetirendenem, Nuhty Nazar ýere gaçan sellesini almaga-da howlugyp, sahnanyň o çünküne tarap ylgady. Ýöne, Zöhre janyň gadym biçüwde tikilen, burny gaýşak, gyrmyzy köwüş gaýdyrylyp barşyna barybir onuň yzyndan ýetdi we saňňyldap duran çürüje kellesiniň ed-dil, çüwdesinden indi. Nuhty Nazar kellesini tutdy-da:
– Waý, Zöhre jan! Şumudy seň wada-da wepaň! –diýip, aşak oturdy. Şunuň bilenem oýun tamam boldy.
...Ertesi ony mugallymlaryň umumy ýygnagyna saldylar. Režissýory, umuman toý dabarasyny gurnap ýören prorektory, zooweterinariýa bölüminiň dekany, institutyň partiýa, komsomol guramalarynyň sekretarlaryny, profsoýuzyň, studentler sowetiniň başlyklaryny çagyrdylar. Nuhty Nazaryň iň ýakyn hossary hökmünde professor Könäýewem çagyrdylar. Iş ula gitmesin diýip, gyzyň hossarlaryna habar etmediler. Gaýrat et, aýtma, günäkäre biz özümiz temmi bereris, diýip gyzyň özündenem haýyş etdiler.
Ine, onsoň Nuhty Nazary iň öňde oturtdylar-da, gezek-gezegine gepläp başladylar. Biri institutdan çykarmaly diýse, başga biri suda bermeli diýdi. Komsorg komsomoldan çykarmaly diýdi. Başga-da her hili teklip etdiler. Partorg onuň kommunist däldigi üçin ahmyr çekdi. Ol:
– Siziňkilerden çykýa şuňňaly bolgusyzlyklar –diýip, komsorga tarap dişini gyjady.
– Partiýa çleni bolup şular ýaly iş eden bolsady...
Giriş ekzamendäki saryýagyz mugallym Nuhty Nazary ozalam kružok we beýleki köpçülik işlerinde ulanmak maksady bilen kabul edendiklerini, şonuň üçinem, okuwdan ýa komsomoldan çykarjak diýip durman, aňryujy ýagdaý bolsa käýinç ýa duýduryş diýen ýaly çäreler bilen çäklenmeklerini hem-de ony öň göz öňünde tutulyşy ýaly maksadalaýyk ulanmaklaryny teklip etdi.
Bu teklip häliden bäri dyrnaklaryny çeýneý-çeýneý barmaklarynyň ujyny gyzyl “jizzik” eden režissýoryň goltugyndan gop berlen ýaly etdi. Ol hatda söz soramanam unudyp “zöwwe” ýerinden galdy.
– Pri wsem ýego durasskom powedenii...
Ol Nuhty Nazara tarap elini uzatdy.
– ...Şu gitse spektakly ýatyraýmaly. Ponimaýete! Şoň üçinem men...
Režissýor indi saryýagyz mugallyma tarap elini serdi.
– ...Şu ýaşulyň teklibi bilen razylaşmagyňyzy haýyş edýän.
Häliden bäri doňup oturan prorektor režissýora tarap gyýa-gyýa garady-da, sowuklaç gürledi.
– Sen öz etjegiňi etdiň dälmi? Otur indi, sesiňi çykarmada söz berilýänçä. Mundan bu ýana näme etmelidigini özümiz bileris.
Şular ýaly gürrüňlerden soň, professor Könäýewiň teklibi boýunça, Nuhty Nazaryň özüne söz bermeli etdiler. Nuhty Nazar ýerinden turdy-da, aýaklarynyň üstünde abşarylyp durşuna iki ýana çaýkanjyrap ugrady.
– Aý, ýoldaş mollumlar... Nemedä-raý... – diýende çürüje kellesem arpaly torba geýdirilen atyň kellesi ýaly ýaýkanyp başlady.
– Bilmän durkam...Birdenkä...Obraza girenimi bilmän galaýypdyrynda-raý...
Öňräkde oturan professor yzyna gaňryldy-da, mugallymlaryň birine ýüzlenip garaçyny bilen şeý diýdi.
– Howwa-da, zehinli adamlar şeýle bolýada. Aman Gulmämmedowam her gezek Otellony oýnandan soň telim wagtlap özüne gelibilmän oturýad-a, agzyny ak köpük edip. Telim adam gapdalynda durup: Aman aga, sen Otello däl, Aman Gulmämmedow, akademiki teatryň artisti, sen ýöne Otellonyň rolunda oýnadyň, diýip köşeşdirmese köçä çykyp öýüne gaýdybilenokd-a.
Könäýew diňe şondan soň ýerinden turup resmi suratda söz aldy.
– ...Umuman menem çykyp geplän ýoldaşlar bilen ylalaşýan. Her nämede bolsa Nazarowy drama kružogyndan daşlaşdyrmalyň. Juda bolmasa obraza girmez ýaly başgarak rol beräýiň.
Ýene-de režissýoryň hüňňürdisi eşidildi.
– Bulara hem-ä spektakl gerek, hemem obraza girmeýän artist gerek. Bu ýerde obraz barada däl-de, uslownost barada gürrüň etmeli. Bu ýerde Tahyryň günäsi obraza girenliginde däl-de, sahnanyň şertliligini bozanlygynda! Onam näme, ýene bir gezek düşündireris...
Ol siltenjiredi.
– Interesno! Il-ä obraza girýän artist tapybilenok...Bular bolsa...
Prorektor gatyrgandy.
– Şol oglan indi Raj Kapur bolýanam bolsa şol oýunda oýnamasyn! Oýnatdygyň obraza girjekdigi oň gözi aýdyp dur-a! Juda beýle dogumyna bäs gelibilmeýän bolsa...
Ol elini dik asmana salgady
– Gitsin ho-ol, teatrlaryň birine! Saklaýan ýok!
Prorektor sözüne dyngy berdi-de, oturanlara göz aýlady.
– Umumanam şundan şeýläk şu institutyň territoriýasynda obraz diýlen zadyň gürrüňi bolmasyn. Asyl-ha kim tapdy şü, Zöhre-Tahyr diýen belany? Ýubileýe temasy gabat gelmese, beýleki etmese...Oňa derek Aşgabadyň taryhy bilen bagly bir zatjagaz taýýarlan bolsaňyz düýnki myhmanlaryň ýanynda-da ýüzümiz gyzmazdy.
Prorektor öz çykyşynyň täsirini aňmakçy bolýan ýaly eglip rektoryň ýüzüne seretdi. Onuň bolup oturşyndan many alybilmänsoň göneldi-de, dik-depesine garap sözüni dowam etdirdi.
– A-how, beýdip her öňýeten obraza girip ýörjek bolsa, onda bu ýeri okuw jaýy däl-de, bardak bor. Ol ilki režissýora, soňam Nuhty Nazara tarap gözüni alartdy.
– Juda şunsyz oňup bilmeýän bolsaňyz muny suflýor edinäýiň!
Režissýor usullyk bilen ýerinden turdy. Iki elini öňündäki oturgyjyň arkasyna diräp durşuna prorektoryň ýüzüne mölerildi.
– Suflýormy ýa dublýor?
– Näme indi şu adamlar suflýor bilen dublýoryň tapawudyny bilýän däldir öýdýäňmi?
Režissýor bir zatlar diýjek boldy-da, başyny ýaýkap aşak oturdy.
Rektor jemleýji söz sözledi. Ol köpçüligiň haýyşyny nazarda tutup, Nuhty Nazary dramadan daşlaşdyrmazlygy, dagy bolmasa Könäýewiň aýdyşy ýaly liriki däl gahrymanlaryň roluny tabşyrmaklygy maslahat berdi. Suflýorly gürrüň bilen ylalaşmady.
– Käýinç beriň, roluny çalşyň, gyzdanam ötünç sorasyn. Şu gezeklikçe bor şol. Gerekli adam bolsa sypdyrmaň... – diýibem sözüni soňlady.
Ýygnakdan soň prorektor Nuhty Nazaryň bir özüni kabinetine çagyrdy.
– Dagy-duwara obraza gireniňi eşidäýsem gümüňi çekerin düşündiňmi?
– Düşündim, ýoldaş mollum.
Zöhre-Tahyr spektalklyny welin, şondan soň barybir ýatyrmaly boldy. Çünki, Zöhre-hä gaýdyp kružoga gelmedi. Beýleki gyzlaram: Baş gahryman çyra sönensoň obraza girýärmişin diýşip, Zöhräniň rolunda oýnamakdan ýüz dönderdiler.
Ýöne, hem-ä ýubileýe boş barmazlyk üçin, hemem prorektoryň aýdyşy ýaly tematiki taýdan gabat gelýänligi üçin howul-hara başga bir taryhy pýesany sahnalaşdyrdylar. Içinde yşky-liriki äheňiň, esasanam gyz partýorynyň ýoklugy üçin, režessýor ýene-de baş roly Nuhty Nazara tabşyrdy.Emma her näçe jan etsede, Nuhty Nazar bu gezek obraza girip bilmedi. Netijede spektakl şowsuz çykdy. Kollektiw ýubileý baýramçylygyna diňe konsert programmasy bilen barmaly boldy.

Juma Hudaýguly.

Nuhty Nazar / kökenli hekaýatlar - böleginden.

Edebiýat, Nol tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir